Matallar
Appearance
Haýsy-da bolsa bir hadysa ýa-da zada degişli göçme manyda aýdylyp, jogabyny oýlap tapmaly soraga matal diýilýär.
- Agzy gyzyl alamat, içi doly kyýamat, hassa girer sag çykar, bu nähili keramat (tamdyr bilen çörek).
- Agyl doly akja guzy, ertir tursam ýokja guzy (ýyldyz).
- Asty gaty, üsti gaty, arasynda haram eti (pyşdyl).
- Atdan beýik, itden pes (eýer).
- Başy-darak, guýrugy-orak (horaz).
- Bir küýzede iki suw (ýumurtga).
- Bir zadym bar, daşa ursam döwülmeýär, suwa ursam döwülýär (kagyz).
- Daşy-oýunjak, içi-möjek (pile).
- Dona bürenmez, göze görünmez (ses).
- Gara güjük ýatyr-üýrmezek, öýe adam goýbermezek (gulp).
- Gider-geler, ýol almaz (sallançak).
- Eýesinden ýüz görmez, adam hatyryn bilmez (terezi).
- Esetdi, esetdi, çirkin ses etdi (tüpeň).
- Enem-atam bir ýüzük berdi, ýere gömsem çüýremez, gora gömsem tütemez (adam ady).
- Iýmäge heserlije, on bir gat ak donluja (sogan).
- Iki enäniň on ogly, hemmesiniň ady bar (iki eliň on barmagy).
- Iň güýçsüziň güýçlülerden hökmi zor (çaga).
- Kuwwaty-ýel, ölümi-suw (ot).
- Kyrk günlük ömri bar, dört uka emri bar (gurçuk).
- Suwda biter, suwda ýiter (duz).
- Hamy daşynda, tüýi içinde (içmek).
- Ýaş gününde orak ýaly, orta ýaşda çörek ýaly (aý).
- Ýeri ak, tohumy gara; el bilen ekerler, dil bilen orarlar (hat).