Mahabharata (epos)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Taýarlan Arslan Alaýew ((Gubadag))Mahabharatanyn has irki doly nusgalary bizin eramyzdan önki VII asyra degishlidir, onun gutarnykly görnüshi bizin eramyzyn IV asyrynda tayyarlanypdyr. Hindiler ony bäsinji Weda hasaplayarlar we ona mukaddes yazgy hökmünde garayarlar. Eposyn yazary akyldar Wyase hasaplanyar. Ol eposda hereket edyän adamlaryn biridir. Eposyn esasynda Pandawa we Kaurawa atly doganlaryn arasyndaky uly agzalalyk baradaky hekayat duryar. Mahabharata 18 kitaba bölünendir . Mahabharatanyn ägirt uly mirasy-bu gadymy hindi halkynyn örän köp ynanclaryny, durmushyny we däp-dessurlaryny, ahlagyny özünde jemleyän hindi medeniyetinin uly gatlagydyr . Mahabharatanyn „Bhagawad gita” we „Moksha-dharma” atly wajyp filosofik tekstleri hindilerin durmushynyn özbolushly etiki kanunyny özünde jemleyär.