Madiý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Miladydan öňki 653 —miladydan öňki 625 -nji ýyllarda höküm süren Madiý, Alynky Aziýadaky Skifleriň hökümdary. Madiý Sak-skifleriň hökûmdary Bartatuanyň (Afrasiýap) oglydyr. Madiýiň Alynky Aziýada 28 ýyllap m. ö. VII asyryň ikinji ýarymyna çenli höküm sürüpdir. Madiýiň häkimýeti döwrinde Skifleri, midiýalylary tozduryp Ninewiýany zabt edip aldylar. Soňra Kiçi Aziýada bir näçe ýeňišleri gazanan Skifler (içoguzlar), Kimmerlileri hem özlerine tabyn edipdirler. Kiçi Aziýanyň gûndogaryndaky Alynky Aziýanyň daşyndaky uly serhetlerinde hökümdarlygy berkarar etdiler. M. ö. 661-nji ýylda Skifler Ninewiýany ele geçirip Assiriýa döwletiniň töweregindäki galalary we şäherleri eýelediler. M. ö. 610-njy ýylda Skifler Wawilonlylar bilen birleşip Assiriýa hökümdarynyň soňky deminde özüni atan şäheri bolan Harrany ele geçirdiler. Ondan soňra Assiriýa eýýamyny dolandyryp gelen Skifler Siriýa we Palestina çozup girdiler. Ol ýerden hen Müsüre gelen Skifler faraon Psammetix I tarapyndan garşylandy. Yza dönenlerinde olar Askalon şäherini taladylar. Geredot midiýalylaryň aýtmaklaryna görä Skifler Midiýadaky agalygyny şeýle açyklaýar: «Ýigrimi sekiz ýyllap Skifler Aziýada hökümdarlyk etdiler we ýurtda gozgalaň başlanan wagty derýadan aňry geçip yza çekildiler. Yza çekileninden soňra olar ýerli ilaty talap ülkäni gysyp ol ýerde höküm sürdiler.» —Gerodot, I, 103.