Maşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagynyň tertibi we şertleri.
Maşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagynyň tertibi we şertleri. Maşgala hukugy barada düşünje.Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Nika garyndaşlygyndan, ogullyga ýada gyzlyga alynmagyndan ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşlerinden gelip çykýan şahsy emläk hukuklary hemde borçlary bilen baglanşykly şahslaryň topary maşgala diýip hasap edilýär. Maşgala türkmen jemgyýetiň özeni bolup durýar. Ol öz boluşly ilkinji guramadyr. Her bir maşgala ruhy we maddy taýdan üpjün bolmalydyr, ýurdymyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýeläp ýetişdirmek üçin özbaşdak we jogapkär bolmalydyr. Maşgala näçe berk boldugyça jemgyýet şonçada hemmetaraplaýyn baý bolýar. Biziň wezipämiz türkmen maşgalasynyň sütümlerini gorap saklamakdan we berkitmekden, onuň maddy üpçünçiligini gowlandyrmakdan ybarat diýip, Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşlarynda belledi. Maşgala hukugy- hukuk namalaryň toplymy bolup, maşgalany dolandyrýan ýagny degişli şahsy we emläk hukuk gatnaşyklaryny , nikada duran adamlaryň hukukk ýagdaýyny, garyndaşlygyny we perzentlige almaklygy kadalaşdyrýan hukukdyr. Maşgala hukugy, özbaşdak şukuk bolup är-aýalyň, ene-atalaryň we çagalryň, maşgalanyň beýleki agzalarynyň, perzentlige alanlaryň we perzentlige alynanlaryň, hossarlaryň we howandarlarynyň we hossarlyga, howandarlyga alnan adamlaryň nika we nikany ýatyrmak we bozmak, alimet tölemek we alimet tölemekden boşatmak, enelik we atalyk, perzentlige almaklyk, hossarlyk we howandaryk barada ýüze çykýan huku, şahsy we emläk gatnaşyklaryny kadalasdyrýan hukuk pudagydyr. Maşgalanyň beýleki agzalary diýip- öweý ene-ata, öweý çagalara, süýtdeş we süýtdeşdal dogalnalara, garry ene-ata we agtyklara aýdylýar. Maşgala hukuk gatnaşyklary diňe maşgala hukugyna degişli adamlaryň arasynda döräp bilýär we Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň kadalarynyň esasynda düzgünleşdirilýär. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we maşgala kodeksinden hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Maşgala kodeksinde bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar. Türkenistanyň maşgala kanunçylygynyň esasy wezipeleri şulardan ybarat:1)maşgala gatnaşyklarynyň erkek bilen aýalyň meýletin nika baglaşmagynda, är-aýalyň maşgaladaky hukuklarynyň deňliginde, biri-biri bilen söýgi we hormat bilen düşünişmegi, kömek bermegi esasynda we ähli maşgala agzalarynyň maşgalanyň öňündäki jogapkärçilik duýgusynda gurulmagy; 2)maşgalanyň umumadamzat ahlak ýörelgelerinde pugtalandyrylmagy; 3)maşgala işlerine başga biriniň gatnaşmagyna ýol berilmezligi; 4)är-aýalyn, ata-enäniň we maşgalanyň beýleki agzalarynyň hukuklarynyň we borçlarynyň ýola goýulmagy we olaryň amala aşyrylmagynyň üpjün edilmegi; 5)çagalaryň hukuklarynyň ýola goýulmagy we olaryň ileri tutulmagynyň üpjün edilmegi; 6)çaganyň dogulmagyna çenli we dogulandan soňky hukuk we beýleki goragy, her bir çaganyň ösmegi we kemala gelmegi üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi; 7)eneligiň, atalygyň we çagalygyň goralmagy. Nika barada düşünje. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 7nji maddasyna laýyklyda, diňe raýat ýagdaýlarynyň namalarynyň ýazgysynyň(RÝNÝ) döwlet edaralary tarapyndan bellige alanan nika ykarar edýär, ol nika är-aýalyň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagyna getirýär. Dini däp-dessurlar boýunça nikalaşmagyň hukuk taýdan ähmiýeti ýokdur. Konstitusianyň 27nji maddasyna laýyklykda, nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň biri-biri bilen ylalaşyp, nikalaşmaga hem maşgala gurmaga hukugy bardyr. Nika ýaşyna ýeten we nika baglanyşmak isleýän adamlar olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da olaryň ene-atalarynyň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralaryna arza berýärler. Arzada olar Maşgala kodeksiniň 20nji maddasynda göz öňünde tutulan nika baglaşmaga päsgel berýän ýagdaýalryň ýokdygyny görkezilmelidirler, şeýle hem özleriniň umumy familiýasy hökmünde är-aýalyň haýsynyň familiýasyny saýlamak isleýändiklerini ýa-da her biriniň nika baglaşmazyndan öňki familiýasyny saklamak isleýändigini, olaryň her biri ozal nikada durandygyny we şol nikadan çagalarynyň bolandygyny, bilelikdäki çagalarynyň bardygyny görkezilmelidirler. Nika ýaşy oglanlar we gyzlar üçin deňdir. Maşgala kodeksiniň 15nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň her bir 18 ýaşa ýeten raýaty nika baglaşmaga hukugy bolup durýar. Aýratyn halatlarda, esasy sebäpler bolan mahalynda hossarlyk we howandaryk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolmadyk wagta peseldilýär. Şu ýagdaýda, şeýle adam nika baglaşan gününden başlap doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolýar. Nika bozulan halatyndada şol adamyň kämilik ukyby saklanyp galýar. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygyna görä RÝNÝ edaralaryna arza berlenden bir aý möhlet geçenden soň, nika baglaylýar. Esasy sebäpler bolan mahalynda nika baglaşylmagynyň bellige alynýan ýerindäki RÝNÝ edaralary bir aý geçmezden öň nika baglaşmagyna rugsat berip, şeýle hem bu möhleti uzaldyp biler, ýöne ol iki aýdan köp bolmaly däldir. Aýratyn ýagdaýlar bolan mahalynda nika arza berlen gününden baglanşylyp biliner. Nika dabaraly ýagdaýda baglaşylýar. Ýöne nika baglaşmagyň 5 şerti zerur.1)Nikalaşýanlaryň özara razylygy bolmaly.2)Nikalaşýanlar nika ýaşyna ýeten bolmaly.3)Nikalaşýanlaryň psihiki bozulmanyň netijesinde haýsy-da bolsa bir kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip, ykarar edilen adam bolmaly däldir.zulmanyň netijesinde haýsy-da bolsa bir kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip, ykarar edilen adam bolmaly däldir.4)Nikalaşýanlar başga bir resmi nikada duran bolmaly däldir, egerde olaryň haýsyda bolsa biri nikada duran bolsa onda bol nikasynyň bozulanlygy ýa-da ýanýoldaşynyň ölenligi babatda şadatnama görkezmeli.5)Nikalaşýanlar biri-birine gös göni garyndaş bolmaly däldir. Talap edilýän şertiň bäşden biri bolmasa,onda şol nikanyň baglaşylmagyna ýol berilmeýär. Egerde päsgelçilik bolan halatynda nika baglaşylan bolsa, onda şol nika kazyýetiň çözgüdi boýunça hakyky däl diýlip ykar edilýär, we şol nikadan ýüze çykan är-aýalyň hemme hukuklary we borçlary ýatyrylýar. Nika är-aýalyň biri kazyýet tarapyndan ölen ýada nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilende; nikanyň bozulmagy bellige alnanda; nikanyň hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girende bes edilýär. Nika 2 tertipde bozulýar.1RÝNÝ edarasy tarapyndan.2Kazyýet tarapyndan.
Halkara Ynsanperwer ylymlary we osus uniwersiteti Filosofiya hunarinin 1njy ýyl talyby Hojamammedowa Ogulnar