Mazmuna geçiň

MILLI BILIM ULGAMYNY KÄMILLEŞDIRMEK BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ MÖHÜM TALABYDYR

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

MILLI BILIM ULGAMYNY KÄMILLEŞDIRMEK

       BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝARLYK
            DÖWRÜNIŇ MÖHÜM TALABYDYR

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezidentlik wezipesine ikinji möhlete saýlanyp,ýurdy dolandyrmaga girişen ilkinji gününden başlap,türkmen jemgyýetinde ylym,bilim,hünär,terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna eýe boldy.Hormatly Prezidentimiz:”Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda dälde, eýsem , adamlardadygyny, oloryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini gökezýär” diýip belleýär. Bu bolsa bilim ulgamyny dolondyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanşykly täze wezipeleriň ýüze çykýandygy bilen şertlenendir. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy emjanlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, taryhy döwürleriň içinde gaýnap , durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak däbe öwrüldi. Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir.Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bu ulgamy kämilleşdirmek hakynda Permanlarydyr Kararlarynyň, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi, düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokory derejede pikirlenýän, ökde hünärmenleri taýýarlamaga, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmäge, olary halka, Watana, hormatly Prezidentimize söýgi hem wepadarlyk ruhunda terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärleriniň ýokary hil netijelerini gazanmaklaryna giň ýol açdy.Netijede, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen häzirki döwürde alyp barýan işleriniň çäginde:

  • Orta we ýokory okuw mekdeplerinde okuw möhleti, mugallymlaryň iş ýükleri, çagalar baglarynda toparlaryň, orta mekdeplerde synplaryň dolulygy kadalaşdyryldy;
  • Okuw meýilnamalary we okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyryldy;
  • Welaýat, etrap merkezlerinde uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde ýaşaýan çagalaryň kadaly bilim almaklaryny üpjün etmek maksady bilen Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda mekdep-internatlary döredildi;
  • Ýörüteleşdirilen orta mekdepleriň gerimi giňeldildi;
  • Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna täze okuw dersleri girizildi.

Hünärmenleriň hünär derejesini ýokorlandyrmak işiniň mazmuny okotmagyň döwre laýyk täze usullaryny halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyryp işläp düzetmekden, okotmak işini amala aşyrýan mugallymlaryň, terbiýeçileriň hünär bilimlerini, nazary we amaly işlerini usuly taýdan dogry guramak ussatlyklaryny artdyrmakdan, syýasy düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, täze-täze hünärleri öwretmekden, ylmyň we tehnikanyň dünýä ulgamynda iň soňky gazanan üstünliklerine daýanyp, oloryň dürli pudaklary babatda ýetilen ýokary sepgitler hakyndaky täzeçe düşünjeleri almaklaryna bolan zerur islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bilim Ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýeti aň-düşünje taýdan kämilleşdirmekdir. Bu ulgamyň kanunçylyk binýadynyň düýpli bolmagy, mekdep mugallymlarynyň, terbiýeçileriň hünärini kämilleşdirmek işini döwrebap guramak, olaryň häzirki zaman okuw-tehniki serişdelerini, barlaghana enjamlaryny okuw işinde peýdalanyp bilmeklerini gazanmak, mugallymlardyr terbiýeçileriň netijeli işlemeklerini ýola goýmak meselesini çözmek işinde ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär kämilligini ýokarlandyryş fakultetlerini açmak we beýleki durmuşa geçirilýän anyk işler oňyn netijelere getirer. Hakdan halatly, köňli sahawatly milli Liderimiz bilen ak ertirleri nazarlap, ynamly öňem barýan berkarar döwletimiziň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Älem içre ýaň salýan şol şanly wakalar ozaly bilen taryhy ähmiýetliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Munuň özi agzybir, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň täze taryhynyň altyn sahypalaryny ýazýandygyny aňladyp, buýsanjyňy artdyrýar.

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş uniwersiteti. Ilmämmedow Didar 3-nji ýyl talyp.