Mör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýer ýüzünde haýwanlaryň 2 million görnüşi bar diýlip hasaplanylýar. Şol sanda mör-möjekleriň 1,5 mil lion görnüşi bar. Mör-möjekleriň görnüşleriniň sany beý leki haýwanlaryň, ösümlikleriň görnüşleriniň bilelikdäki sanyndan-da köpdür. Her ýyl mör-möjekleriň 700–800 sany täze görnüşiniň tapylýandygyny göz öňünde tutup, alymlar mör-möjekleriň görnüşleriniň sa nynyň 2 milliona ýetmegi mümkin diýip çaklaýarlar. Olaryň görnüşlerindäki mör-möjekleriň sanlary sanardan has köpdür. Dünýä möçberinde sarygarynjalaryň, garynjalaryň, balarylaryň hinlerindäki mör-möjekleri sanamak asla mümkin däldir. Şirelijeleriň, siňekleriň, çybyn-çirkeýleriň sanlary-da sanardan has köpdür. Mör-möjekleriň tebigatdaky we adamlaryň ýaşaýşyndaky ähmiýeti we zyýany örän uludyr. Mör-möjekler ösümlikleriň we haýwanlaryň arasyndaky iýmit zyn jyrynyň emele gelmegine gatnaşýarlar. Mör-möjeklerden sarygarynjalar, garynjalar, köp sanly beýleki mör-möjekleriň topragyň içinde ýaşaýan liçinkalary topragy emele getirijiler we ony organiki hem-de mineral maddalar bilen baýlaşdyryjylar hasaplanýarlar. Olar topragyň ýaşaýjylygyna ýardam ber ýärler. Mör-möjeklerden öý we ýabany balarylar, kebelekler, gül siňekleri we gül tomzaklary ösümlikleri tozanlandyrýarlar. Gülleri tozanlandyrýan mör-möjekler bol madyk bolsa, onda gülli ösümlikleriň öz ýaşaýşyny dowam etmekleri mümkin-de bolmazdy. Eldekileşdirilen mör-möjeklerden ýüpek gurçugynyň we öý balarylarynyň adamlar üçin peýdasyny öň belläpdik.

Mörmöjekler[düzet | çeşmäni düzet]

Sarygarynjalar, çekirtgeler, tomzaklaryň we kebelekleriň liçinkalary we gurçuklary käbir ýurtlarda iýmit hökmünde ulanylýar. Mör-möjekler tebigatyň bezegidir. Owadan kebelekler, tomzaklar, teneçirler, hudaýatylar tebigaty bezeýär ler, adamlaryň göwnüni açýarlar.

Teneçirler[düzet | çeşmäni düzet]

Bu iri, gelşikli mör-möjekler biziň hemmämize bellidir, bular gündizki, örän horan ýyrtyjylardyr. Olar öz awlaryny uçup barýarkalar tutýarlar. Teneçirler örän köp sanly siňekleri, çybynlary we bökelekleri awlap, ummasyz peýda getirýärler. Ýurdumyzda azalan, seýrek duş gelýän görnüşleriň genofondyny gorap saklamak maksady bilen teneçirleriň üçüsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. 1. Kiriçenkonyň tomusky gojaman teneçiri –Amyderýa döwlet goraghanasynda goralýar. 2. Bulaýjy teneçir –Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar. 3. Ownuk gözlüje eginpisint teneçirjik –Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynda goralýar. Saçakçylar, çyrlaklar, çekirtgeler, ýasmyklar, bitler we büreler zyýanly mör-möjeklerdir. Büreler adamlaryň we öý mallarynyň ganyny sorup, mugthorlyk edýärler. Gemrijilerde mugthorlyk edýän büreleriň birnäçe görnüşi, meselem, alaka büresi howply mergi keselini döredijileri saklaýjy we olary adamlara ýaýradyjy hasaplanýar. Mergi keseli adamlara hem, gemrijilere hem büreleriň üsti bilen geçýär, şeýle hem büreleriň gan soran ýerleri gaşalanda ýokuşýar. Bitler süýdemdirijileriň ganatsyz mugthorlary bolup, adam bitleri olaryň has giňden ýaýran görnüşleridir. Olar keselli adamdan sag adama garahassa keselini geçirýärler. Bitleriň 300 töweregi görnüşi belli bolup, olaryň üç görnüşi adam gany bilen iýmitlenýär. Mör-möjekleriň ösümliklere, ýabany haýwanlara, öý mallaryna, adamlara zyýan berýän görnüşleri-de örän köpdür. Mör-möjeklerden adaty byzaw gök ekinleriň köklerine, güýzlük hüwüşekilli kebelek güýzlük däne ekinlerine, gowaça hüwüşekilli kebelek gowaça, alma ke belegi alma, üzümiň unly gurçugy (koksidiýesi) üzü me, uzynburun tomzak ýorunja we beýleki ösdürilip ýetişdirilýän ösümliklere zyýan ýetirýärler. Gögeýin, bökelek, çybynlar ýabany haýwanlara we öý mallaryna uly zeper berýärler. Mör-möjeklerden çybynlar, ýorgan-düşek ýasmy gy, bitler, büreler adamlaryň ganyny sorup, olary horlaýarlar hem-de adamlara dürli keselleri geçirýärler. Ösümlikleri, öý mallaryny we adamlary zyýanly mör-möjeklerden gorap saklamak üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. Mör-möjekler ýaşaýyş gurşawynyň hemmesini giňden özleşdiripdirler. Olar topragyň içinde we üstün de, ösümlikleriň üstünde we içinde, haýwanlaryň bede ninde we bedeniniň üstünde, adamlaryň bedeninde, suwlarda, çöllerde, adamlaryň ýaşaýan jaýlarynda, hat da atmosferada hem ýaşaýarlar.

Mörmöjeklere garşy göreşmekligiň biologik usullary[düzet | çeşmäni düzet]

Perdeganatlylardan trihogrammalar, çapyksuwar lar, gabrabrakonlar, ýyrtyjy at garynjalary, torganatlylardan teneçirler, ikiganatlylardan ýyrtyjy kytrlar we örän köp sanly ýyrtyjy mör-möjekler oba hojalyk ekinlerine hem-de gymmatbahaly ýabany ösümliklere zyýan berýän mör-möjekleri iýýärler we köp peýda getirýärler. Mugthor hem-de ýyrtyjy mör-möjekleri peýdalanmak zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşmekligiň biologik usulydyr. Bu usul mör-möjeklere garşy göreş megiň himiki usulyndan has giňden ulanylýar. Türkmenistanda köp sanly biologik fabriklerde perdeganatlylardan trihogrammany we gabrabrakony, torganatlylardan bolsa altyn gözlüjäni köpeldýärler we zyýanly mör-möjeklere garşy ulanýarlar.