Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowa
Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowa | |
Doglan wagty we ýeri | 1973 Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Saýat şäherçesi |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary |
Milleti | Türkmen |
Bilimi | Ýokary |
Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowa — Türkmen syýasatçysy.
Umumy maglumat
[düzet | çeşmäni düzet]1973-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Saýat şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 1994-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça mugallymçylyk mekdeplerinde pedagog-psiholog, terbiýeçi.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]Zähmet ýoluna 1994-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çagalar bagynyň terbiýeçisi bolup başlady.
1997 — 1999-njy ýyllar aralygynda şol etrapdaky orta mekdepde pedagog-psiholog bolup işledi.
2000 — 2004-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdepde pedagog-psiholog bolup zähmet çekdi.
2004 — 2005-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 16-njy, soňra 51-nji orta mekdepleriniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
2010-njy ýylyň maý aýyndan 2011-nji ýylyň apreli aralygynda Aşgabat şäheriniň Çandybil etrap häkimliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça toparynyň I derejeli hünärmeni.
2011 — 2014-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary.
2014-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary.
2020-nji ýylyň 3-nji iýulyndan bäri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (medeniýet meseleleri boýunça).[1]
Sylaglary
[düzet | çeşmäni düzet]“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.