Mazmuna geçiň

Luwr muzeýi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Meşhur italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň dünýä belli eseri "Mono Liza" Luwryň merjeni hasaplanýar

LUWR - bu diňe bir ajaýyp arhitektura ýadygärligi bolman, eýsem ol fransuz korollarynyň köşgi, dünýäniň iň abraýly adygan muzeýleriniň biridır.

1981-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti Fransua Mitteranyň karary esasynda Luwrda giň gerimli restawrasion işleri başlanýar. Onuň iň gadymy bölegi (baş binasy) dikeldilýär.

1985-1989-njy ýyllarda Napoleonyň köşgüniň öňünde täze zallary we howlyny köşk bilen birikdirýän meşhur piramida gurulýar. Onuň awtory asly hytaýly amerikan arhitektory Ýoh Ming Pi. Piramidanyň beýikligi 21 metr bolup, onuň töweregini fontan gurşaýar, fontanyň daşynda ýene-de kiçiräk üç sany piramida ýerleşýär.

Meşhur italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň dünýä belli eseri "Mono Liza" (Džokonda) Luwryň merjeni hasaplanýar. Suratkeş florensiýli bankir Françesko della Džokondanyň buýurmasy boýunça onuň aýaly Mono Lizanyň portretini çekýär. Bu uly bolmadyk eseriň üstünde suratkeş dört ýyla golaý işleýär. 1911-nji ýylda „Mono Liza“ Luwrdan ogurlanýar. Ony muzeýde agaç ussasy bolup işleýän Françenso Peruja atly italýan ogurlaýar. Iki ýyldan soňra, 1913-nji ýylda surat tapylýar we ol Luwra gaýtarylyp berilýär. Jenaýatçy Napoleon Bonapart tarapyndan bikanun getirilen bu kartinany diňe Italiýa gaýtarmak maksady bilen ogurlandygyny düşündirýär.

“Mono Liza" (Džokonda) Luwryň merjeni hasaplanýar. Suratkeş florensiýli bankir Françesko della Džokondanyň buýurmasy boýunça onuň aýaly Mono Lizanyň portretini çekýär. Bu uly bolmadyk eseriň üstünde suratkeş dört ýyla golaý işleýär. 1911-nji ýylda „Mono Liza“ Luwrdan ogurlanýar. Ony muzeýde agaç ussasy bolup işleýän Françenso Peruja atly italýan ogurlaýar. Iki ýyldan soňra, 1913-nji ýylda surat tapylýar we ol Luwra gaýtarylyp berilýär. Jenaýatçy Napoleon Bonapart tarapyndan bikanun getirilen bu kartinany  diňe Italiýa gaýtarmak maksady bilen ogurlandygyny düşündirýär.

Nike grek mifologiýasynda ýeňşiň hudaýy hasaplanýar. Ol ähli söweşlerde, gimnastika we saz ýaryşlarynda, dini dabaralarda üstünlik gazandyrýan hudaý hökmünde görülipdir. Nike Samofrakiýanyň heýkeli 1863-nji ýylda fransuz arheologlary tarapyndan Samofrakiýa adasyndan tapylýar. Ençeme bölekjiklerden ybarat bolan bu heýkel seresaplylyk bilen ýygnalýar. Emma, arheologlara onuň kellesini we elini tapmak başartmaýar.

LUWRYŇ ZALLARY BOÝUNÇA WIRTUAL EKSKURSIÝA 1. Gadymy Gündogar galereýasy

Gadymy Eýran: Pars şalygy

Mesopotamiýa, Assiriýa, Horsabad Yslam sungaty (1250-1517)

2. Gadymy Ýegipt (Gadymy Müsür) gelereýasy Ýegipt - faraonlaryň döwründe: Täze şalyk Kleopatranyň döwrüne çenli soňky müsür faraonlary ( faraon - bu gadymy müsür şalarynyň tituly, ady) Müsür - faraonlaryň döwründe: ybadathana Kopt Ýegipti

Grek, Etrussk we Rim galereýalary Rim gymmatlyklary

Gresiýa: Nike Samofrakiýa

Gresiýa: Weneraly otag

Gresiýa: Wenera Gresiýa: kariatidler Rim: Ýuliý-Klawdiý Rim: Daryň galereýasy

Heýkelleriň galereýasy Fransiýa: galereýa Fransiýa: beýik şahslaryň galereýasy Fransiýa: mergelden edilen içgi köşk Fransiýa: pugetiň içki howlusy 1 Fransiýa: pugetiň içgi howlusy 2 Italiýa: galereýa Mikelanželo 1 Italiýa: galereýa Mikelanželo 2 Demirgazyk Ýewropa: giçki gotik döwri

Sungat eserleriniň galareýasy Orta asyr Galkynyş eýýamy XVII - XVIII - nji ýüzýyllyk Täç gymmatlyklary 1

Täç gymmatlyklary 2 XIX-njy ýüzýyllyk: Napoleon III-niň jaýy, aşhana XIX-njy ýüzýyllyk: Napoleon III-niň jaýy, myhman otagy

Çeperçilik galereýasy Fransiýa: Fontenblonyň ikinji mekdebi Fransiýa: zal GeorgesdeLaTour Fransiýa: goňur zal Fransiýa: Lýudowik XIV-niň kartinalarynyň ýygyndysy Fransiýa: Wattonyň zaly Fransiýa: Restunyň zaly Fransiýa Buşeniň zaly Fransiýa: Wýeniň zaly

Karl Besteginiň kolleksiýasy Niderlandlar: XVI-njy asyryň birinji ýarymy Niderlandlar: XVI-njy asyr Niderlandlar: XVI-njy asyryň ikinji ýarymy Flandriýa: Rubens - galereýa Mediçi 1 Flandriýa: Rubens - galereýa Mediçi 2 Gollandiýa: Rembrantyň zaly Gollandiýa: XVII-nji asyryň ikinji ýarymy

Fransiýa: Daryň zaly Fransiýa: Molýeniň zaly Italiýa: XIII-XV asyr; zal "Kare" Italiýa: XIII-XV asyr; uly galereýa Jokonda (Mono Liza) Italiýa: XVI-XVII asyr; uly galereýa

Grawýuralaryň galereýasy Fransiýa: XVII-nji asyr Italiýa XVI-nji asyr

Luwr orta asyrda Napoleonyň üsti gümmezli jaýy Luwryň çukurlary

Orta asyr ýer asty jaýy

Luwryň arhitektura gözelligi Piramida gündizki görnüş 1 Piramida gündizki görnüş 2 Piramida gijeki görnüş Luwryň öňündäki meýdança

LUWRYŇ ÝADROSY

Luwrda dünýä meşhur kartinalaryň ýadrosy, ХVI asyrda Fransisk I-nji, Lýudowik ХIII we Lýudowik ХIV tarapyndan ýygnalan kolleksiýalar hasaplanýar.

Häzirki wagtda Luwryň ýygyndylarynyň sany 400.000 eksponatdan ybarat. Olaryň 35.000 müňden gowragy muzeýiň 200-e golaý zallarynda sergilenýär.

HÄZIRKI WAGTDA LUWRYŇ IŞ TERTIBI

Muzeý her gün sagat 9.00-dan 18.00-la çenli işleýär.

Dynç günleri: her hepdäniň 2-nji güni hem-de 1-nji ýanwar, 1-nji maý we 25-nji dekabr.

Muzeý hepdäniň 3-5-nji günleri sagat 9.00-dan 21.45-e çenli işleýär.

Giriş petekleriniň bahasy: günüň dowamynda Luwryň ähli ekspozisiýasy üçin her adama 10 ýewrodan 14 ýewra çenli.

Her aýyň birinji ýekşenbesi we 14-nji iýul güni muzeýe giriş tölegsiz (mugt).

18 ýaşa çenli çagalar üçin muzeýe giriş hemişe tölegsiz. 18-25 ýaşlylar üçin her hepdäniň 5-nji güni sagat 18.00-dan soňra tölegsiz.

Faýl:Paris July 2011-27a.jpg
Luwr muzeýi