Londonyň gazna biržasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Londonyň gazna biržasy (iňlis dilinden London Stock Exchange) — Ýewropanyň iň gadymy biržalarynyň biri we gymmat bahaly kagyzlaryň iň meşhur dünýä belli bazarlarynyň biri. Londonyň biržasynyň özi paýdarlar jemgyýeti bolup durýar, onuň paýnamalary onuň özünde hem dolanyşykda bolup durýarlar.[1]

Taryh[düzet | çeşmäni düzet]

Resmi taýdan Londonyň biržasy 1801-nji ýylda esaslandyryldy, emma hakykatda Angliýada gymmat bahaly kagyzlaryň söwdasynyň taryhy XVI asyrda başlandy.[2] Hytaýa gymmat bahaly saparlary öz maýasynyň hasabyna maliýeleşdirmek mümkinçiligi bolman, iňlis kompaniýalary Antwerpendäki meňzeş modellerinden ugur alyp, kompaniýanyň peýdasynyň geljekki bölegine çalşyrmak üçin altyny ýygnapdyrlar.[3]

1687-nji ýylda on bäş sany kompaniýa Londonda özleriniň gymmat bahaly kagyzlarynyň söwdasyny edipdirler. 1695-nji ýylda olar eýýäm takmynan 150 sany kompaniýa boldylar. Netijede, şu paýnamalaryň uly bolmadyk bölegi işjeň söwda edýärdiler, kompaniýalaryň köpüsi durmuşa ukyply däl boldylar. 1690-njy ýyllardaky Angliýanyň IPO köpürjigini käwagt 1990-njy ýyllardaky dotkom köpürjigine deňeýärler.

Londonyň gazna biržasynyň esasy indeksi hökmünde 1984-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda goýberilen FTSE100 bolup durýar. Ol Londonyň gazna biržasynda kotirlenilýän, iň ýokary kapitalizasiýaly kompaniýalarynyň ýüzlerçesini toplaýar.[4]

2020-nji ýylda Londonyň gazna biržasynyň uly girdejisi £2124 milliona deň boldy (2019-njy ýylda - £2056 million).[5] 2021-nji ýyla çenli Londonyň gazna biržasynyň paýyna paýnamalaryň halkara söwdasynyň takmynan 50 göterimi düşdi. 2021-nji ýylda Londonyň gazna biržasynda paýnamalaryň ortaça günlük dolanyşygy €8,6 mlrd. deň boldy.[6]

Bellikler[düzet | çeşmäni düzet]

  1. "London Stock Exchange Group Plc". londonstockexchange.com. Archived from the original on 2021-11-01. Retrieved 2021-11-01. 
  2. "History of The Stock Market". bebusinessed.com. Archived from the original on 2018-08-25. Retrieved 2021-11-01. 
  3. "La prima Borsa di Londra: Royal Exchange". londonita.com. Archived from the original on 2017-02-25. Retrieved 2021-11-01. 
  4. "L'indice borsistico di Londra FTSE 100". strategia-borsa.it. Archived from the original on 2021-01-20. Retrieved 2021-11-01. 
  5. "A leading financial markets infrastructure and data provider" (PDF). lseg.com. Archived (PDF) from the original on 2021-03-24. Retrieved 2021-11-01. 
  6. "Amsterdam Topples London as Europe’s Main Share-Trading Hub". bloomberg.com. Archived from the original on 2021-05-03. Retrieved 2021-11-01.