Mazmuna geçiň

Lomaý nyrhlar.

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Lomaý nyrhlar boýunça senagat önümleri we hyzmatlary senagat pudaklarynyň arasynda, şonuň ýaly-da senagat bilen ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň arasynda ýerleşdirilýär. Lomaý nyrhlar öz gezeginde kärhananyň lomaý nyrhlaryna we senagatyň lomaý nyrhlaryna bölünýär.

Kärhananyň lomaý nyrhlary boýunça öndürijiler öz önümlerini ýerleşdirýärler hem-de şol nyrhlara laýyklykda jemi we sap önümlerini , peýdany, düşewüntliligi we olaryň işini häsiýetlendirýän beýleki görkezijileri kesgitleýärler. Bu nyrhlar harajatlaryň öwezini doldurýar we kärhana üçin kadaly peýdanyň alynmagyny üpjün edýär.

Senagatyň lomaý nyrhlary boýunça önümçilik serişdeleri sarp ediji kärhanalara sarp ediş harytlary bolsa lomaý söwda gelip düşýär. Senagatyň lomaý nyrhlary kärhanalaryň lomaý nyrhlaryndan üpjünçilik – ýerleşdiriş galdyrymynyň we goşulan gymmat üçin salgydyň möçberiçe ýokarydyr.

  • IUHD. Mämmetnazarowa Merjen