Mazmuna geçiň

Latyn Amerikasy XVII asyrdan XIX asyryň ortalaryna çenli

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Latyn Amerikasy XVII asyrdan XIX asyryň ortalaryna çenli – 1492-nji ýylda Amerika açylanda Pirineý adasynyň döwletleri, Ispaniýa, Portugaliýa Günbatar Ỳewropanyň iň güýçli döwletleri hasap edilýärdi. Şonuň üçin olar XVII asyryň başlarynda çenli Amerikada, Afrikada, Aziýada bolup geçen geografik açyşlaryň we bakna edinmek hereketiniň başynda durýardylar. XVII asyrda berklenen Golland, Zansiýa we Angliýa, Pirineý baknaçylaryny gysyp başlaýarlar. Umuman, XVIII asyryň ahyryna ýokardaky döwletler amerikanlaryň baknalyklaryny öz aralarynda paýlaşyp gutarýarlar.

Baknalyklary işletmek ulgamy ähli amerikan eýeçiliklerinde birmeňzeşdi. (Ispaniýa, Portugaliýa, Angliýa, Fransiýa, Gollandiýa üçin hem).

Olar esasan hem Ỳewropa şalarynyň esasay başlanýan eýeçiligi hökümünde bolup, täze jahanyň ähli tebigy we adam baýlyklary şolara degişlidi. Baknalyklaryň eýeleri bilen baknalaryň arasyndaky söwda dolanşygy berk gözegçilikdedi. Munuň üçin Ispaniýa bilen Amerikanyň arasyndaky söwda 1503-nji ýýlda döredilen söwda palatasynyň üsti bilen amala aşyrdy. Onda-da ilki Sewilýa gämi duralgasynda, 1717-nji ýýldan Kadisde, Fransuz baknalyklarynda 1664-nji ýýlda söwdada West Hind kompaniýasy esasy orundady, 1674-nji ýýldan Fransiýanyň şa hökümeti latyn amerikan işlerine aralaşyp başlaýar.

Umuman, Ỳewropa ýurtlary üçin baknalyklarda söwda işini alyp barmak amatlydy. Şonuň üçin hem Ỳewropa täjirleri gaty tiz baýlaşdyrýardy. Sebäbi şol baknalyklaryň alynýan çig mal Ỳewraziýa ýurtlarynda gaýtadan işlenip, taýýar önümler ýene-de baknalyklara satylýardy. Munuň üçin Amerikadan äkidilýän şeker çig maly hökmünde Ỳewropada taýýar şekere öwrülýärdi.

Amerika dürli Ỳewropa döwletleri tarapyndan özleşdirilsede, baknalyklardaky sosial-ykdysady gurluş olaryň tebigy howa we demografiki aýratynlyklary esasynda emele gelýärdi.

Mysal üçin: Karib basseýniniň adalaryndaky Wenesuela, Kolumbiýa kenar, Braziliýanyň Gwiananyň kenarlarynda Ỳewropalylar gelýänçä, indeý taýpalary ýaşaýardy. Şonuň üçin hem ol ýerlerde iňlisleri, italýan-fransuzlaryň ýa-da gollandealaryň gelenligine garamazdan. Ol ýerleriň ykdysady esasyny plantasiýa hojalyklary düzdi hem-de ol ýerlerde öndürilýän şeker gamyşy, pagta, kakao, kofe we beýleki önümler Ỳewropa iberilýärdi. Şol plantasiýa hojalyklarynda işlemek üçin bolsa Afrikadan gara gullar getirilýärdi.

Şeýle hem Amerikan ýerlerinde, ylaýtada Za-Platada, Ģilide, Braziliýanyň käbir ýerlerinde Meksikanyň demirgazygynda çarwa indeý taýpalary köpçülikleýin gyrylýardy. Şol ýerlerde iberiýalylaryň (Prineýlileriň) höküm sürmegine garamazdan maldarçylyk, gallaçylyk merkezleri döredildi. Ispaniýa tarapyndan basylyp alynan ýerler bolan merkezi we günorta Meksika, Täze Granada, Gwatemala, Salwador, Pery, Boliwiýa özüniň tebigy baýlyklary ýagny altyny,kümüşi, zümerret we ş.m tapawutlanman eýsem ýerli ilat ýokary derejede ösen indeý taýpalary maýýa, astek, çibge we ş.m.

Olar özüniň jemgyýetçilik ösüşiniň derejesi boýunça Gündogaryň gadymy ýurtlaryna mahsus görnüşindedi. Ýagny olarda ekerançylyk, senetçilik usulynyň 1000 ýyllyklaryň dowamynda emele gelen görnüşi hereket edýärdi. Umuman, XVII-XVIII asyrlarda Amerikan baknalyklarynda işleýän ilatyň sosial düzümi hem emele gelipdi. Ýangy şol ýerlere göçüp gelen aklaryň arasynda garyplaşanlar hem bardy, şol bir wagtda indeýleriň, negrleriň arasynda iri mülkdarlar we baý plantatorlar hem bardy.

Emma baknalyklaryň dolandyryş edaralarynda ýokary wezipelere bellenende ak reňkliler aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýardylar. XVIII asyryň ahyry XIX asyryň başlarynda Latyn Amerika baknalyklarda sütemiň gerçlenmegi zerarly Negrleriň köpsanly bölegi ö hojaýýnlaryndan gaçyp, baryp ýetmegi kyn ýerlere göçýärdiler we şol ýerlerden şahsy şäherlere we plantasiýalaryna çözuş edipdurýardylar. Esasan hem indeýler baknalaryň eýelerine garşy göreşmegi olary şol ýerlerden kowmagy we ýitirilen erkinligi isleýärdiler.

Şol sebäpli hem aýry-aýry baknalyklarda häkimýete garşy gozgalaňlar bolup olar uly gandöküşikli söweşler bilen tamamlanýardy. Latyn Amerikasynyň ilatynyň gahar-gazaby şol ýerlerdäki altynyň-kümüşiň we gymmatbaha daşlaryň Ỳewropa äkidilmegi bilen baglanşykly has artýardy. 1799-1804-nji ýýlda iri neme alymyAl-r Fon Gumbold Latyn Amerikany çuňňur öwrenip şeýle ýazýar: “Täze Ispaniýa şa hazynasyna iňlislere seredende 2 esse köp girdeji getirýär”. Beýle dilýilmegi her birmeksikalynyň hindistanla seredende goşmaça önüi 10 esse artyk berýär.

XVIII asyryň ortalarynda Latyn Amerikasy ýurtlarynda önümçiligiň täze görnüşi ýagny çig maly gaýtadan işleýän kärhanalaryň emele gelmegi bilen baglanşykly. Indi baknalykda senagat kärhanalaryň döredilmegi şol ýerleriň ilatyny hem artdyrdy.

Mysal üçin: Günorta Amerikada (Boliwiýada) Potosi ýerinde kümüş käniniň işläp başlamagy netijesinde 1570-nji ýýlda ilat 120 müňdi. Şonuň üçin eýýam XVIII asyryň II ýarymynda Ispaniýa we Portugaliýa Amerikada söwdanyň erkinliginiň reformasyny geçirdiler. Netijede olaryň alýan girdejileri hem artdy. Mysal üçin: 1778-1784-nji ýýllarda Ispaniýa Amerikadaky Baknalyklardan 9 mln-dan 143 mln peso mukdarynda girdeji aldy. Şeýle hem baknalykda haryt önümleriň artmagy bilen ýerli täjirleriň emele gelmegi we berkligi duýulýardy. Emma amerikan baknalygynyň aglabasyndaky ilat göçüp gelenlerdi. Şonuň üçinhem olar ol ýa-da beýleki ýagdaýda Ỳewropalylar bilen garyşyk gatyşykdy. Eýýam 1-2 nesilden soň olar ýerli ilatyň hasabyna girýärdi. XIX asyryň başlaryna şolaryň esasy böleginiň elinde söwda jaýlary, känleriniň ýarysyna golaýý, iri hususy ýerleriň aglabasy jemlenipdi.

Söwdanyň we telekeçiligiň erkinligi söwda bäsleşiginiň erkinliginiň esasyny emele getirýärdi. Latyn Amerikasy ýurtlarda beýle ýagdaý Gündogar Ỳewropa ýurtlarynyň söwdagärleriniň we fabrik eýeleriniň täsiriniň gowşamagyna alyp gelýärdi.

Şeýle ýagdaýda Latyn Amerikan baknalyklarynda azat edijilik hereketleri ýaýbaňlanýardy. XVIII asyryň ahyry XIX asyryň başlarynda ýagny Ỳewropa ýurtlarynda rewolýusialar we uruşlar bolup geçýän şertlerinde, şol hereketler Latyn Amerikan ýurtlaryna hem täsir edýär.

Mysal üçin: 1780-1781-nji ýýlda Peruda indeýleriň güýçli gozlaňy bolup, ol milli azatedijilik hereketi häsiýetdedi. Emma 1822-nji ýýlda Braziliýada bolup geçen rewolýusiýa buržuazhäsiýetdedi. Sebäbi bu ýurt bütin XVIII asyryň dowamynda ilatyň 10 esse artmagy sebäpli onuň öndüriji güýçleri hem has ösüpdi. Ondan başga-da 1815-nji ýýlda Braziliýa täze syýasy dereje ýagny Portugal şalygynyň deňhukukly bölegi derejesini alypdy. Şeýle bolsada Portugal şalygy ol ýerde köne düzgünleri saklap galjak bolýardylar. Emma 1822-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 7-ne Braziliýada täsirli güýçleri ýurduň garaşsyzlygyny ykrar etmegi hökümetden talap etdiler. Hökümet ony kanagatlandyrdy.

Braziliýa konstitusion monarhiýa görnüşinde ykrar edildi. Şeýle hem Ganti adasynyň Fransuz bölegi San-Domingo, hakyky gul eýeçilik görnüşindäki baknalyk bolup, ol dünýäde şeker öndürilýän esasy ýurdy, ol Fransiýa üçin iň möhüm ýerdi. Umuman XVIII asyryň ahyry XIX asyryň başlarynda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň köpüside rewolýusiýalar bolup geçdi. Diňe Kuba we Puerto-Ruko XIX asyryň ahyrlarynda bakna ýurtlar bolup galdy.

Latyn amerika baknalyklaryndaky garaşsyzlyk ugrundaky göreş Demirgazyk Amerikadaky garaşsyzlyk ugrundaky uruşdan tejribe aljak bolýardy. Olar giňişlik birligi dil, din, urp-adatlarynyň birmeňzeşligi üçin Demirgazyk Amerikan urşuny gaýtalajak bolýardy.

Latyn Amerika ýurtlarynda garaşsyzlyk ugrundaky uruş 2 döwri öz içine alýar:

1. 1810-1815-nji ýyllar.

2. 1816-1826-nji ýyllar.

Netijede: Rio-de, La-Plata-Argentina, Boliwiýa, Paragwaýa, Urugbaýa bölündi.

Kolumbiýa –Wenesuella, Ekwador we Täze Granada. 1823-nji ýýlda Meksikadan bölünip aýryl;an Merkezi Amerika 1838-1841-nji ýyllar aralygynda Gwatemala, Gondurasa, Puýerto-Rika Nikaragua, Salwadora bölündi.

1844 –nji ýýlda Gaitidäki ispan baknasy Dominokan Respublikasyna bölündi.

Şeýlelikde Peru, Ģili, Braziliýa we Gaitini hasaba alsak Latyn Amerikasynda 18 garaşsyz döwlet emele geldi. Emma olaryň garaşsyzlygynyň emele gelmegi Demirgazyk Amerika bilen deňeşdirende Latyn Amerika ýurtlarynda dyngysyz gandöküşikli uruşlar, tagt ugrundaky dawalar we ş.m. netijede bolup geçdi.

Latyn Amerikada garaşsyzlyk ugrundaky hereketiň netijesinde emele gelen radikal braziliýa liberal adyny aldy. Olaryň geçirýän reformalarynyň düýp mazmuny ýurtda emele gelýän täze gatnaşyklaryň ygtyýarlyklaryny giňeltmek. Olara ýer paýlap bermek, olar üçin amatly şertler döretmek ýaly çäreleri amala aşyrmakdan ybaratdy.

Has beteri hem liberallaryň XIX asyryň 30 ýyllarynda daşary ýurtlaryň Latyn Amerikan ýerlerine gelmegini höweslendirdi. Mysal üçin: 1836-nji ýýlda Meksikanyň Tehasyna amerikanlaryň göçüp gelmegi bilen gysga wagtyň içinde ony ABŞ-ň düzümine girizdiler.

Eýýam 1846-1847-nji ýýllaryň amerikan meksikan uruşy netijesinde Meksikanyň ilatynyň köp bölegi gyryldy we onuň ähli ýerleriniň 51% ABŞ goşuldy.

Olardan: She-Lýu Meksiko, Arizona, Kaliforniýa Newada, Ỳuta böleklerini Kolorada, Oklohomiýa, Konzas, Baýoming. Şeýle ýagdaýlaryň netijesinde aramçylaryň ýerine XIX asyryň 30 ýyllarynyň ortalarynda köneçiller geldi.

Bütin Latyn Amerikan ýurtlarynda diýýaly mysal üçin: Argentina 1835-1852; Boliw 1829-1839; Wenesuella 1830-1847; Gwatomoze 1838-1865; Ģili 1830-1937 we beýlekilerde doly derejede köneçil hökümetrler döredildi.