Mazmuna geçiň

Kyýat han

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Kümüşdepede ýa-da Esengulyda,takmynan,1754-nji ýylda eneden dogulýar. Kaspi deňziniň kenarýakasyndaky türkmenleriñ hany, oña Kyýat beg, Gyýat beg, Kyýas beg hem diýilýär.

Kyýat hanyñ ömrüniň irki döwri barada maglumatlar mälim däl. Ol garamaýak halkdan saýlanyp çykan demirçi ussanyň ogly. Özi hem ussaçylyk bilen meşgullanypdyr. Ýaşap geçen ýerleri Kümüşdepe, Esenguly, Çeleken etraplarydyr. Kyýat hanyñ Ýagşymämmet(Ýagşymuhammet), Kadyrmämmet atly ogullary bolupdyr. Onuň ady ilkinji gezek 1813-nji ýylda peýda bolýar.Etrek Gürgen Türkmenleri şol ýyl Fatali şanyň garşysyna uly gozgalaň turuzýarlar we Patyşa Russiýasynyň Russiýa-Eýran urşuna gatnaşýan kafkazdaky goşunlary bilen gatnaşyk açýarlar.

Russiýa-Eýran uruşy gutaryp, Gülüstan şertnamasyna gol çekilende, Kyýat han öz egindeşleri bilen şol ýerdedi. Kyýat han özüniň ýakyn adamlary bilen wekil hökmünde gepleşik geçirmek üçin Kafkaza iberilýär. Şondan soñra onuň ady taryhy meşhurlyk gazanýar. Ol Türkmenleriň Russiýa raýatlygyna geçmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Astrahan, Baku we Eýran bilen söwdany ýaýbaňlandyryp, uly baýlyk gazanyp, kenarýaka Türkmenlerniň hanyna öwürilýär.

Kyýat han 1819-1921-nji ýyllarda M.I.Ponomarýowyň we N.N.Marawýowyñ, 1836njy ýyllarda G.S.Karaliniň ekspediýalaryna köp ýardam berendigi, Teblisdäki Kafkaz dikmeleriň ýanyna ençeme gezek baryp, Russiýanyň raýatlygyna geçmek barada tagalla edendigi, Patyşa Russiýasynyñ öňünde beýleki bitiren hyzmatlary üçin Medal, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar.

XIX asryñ 20-30-njy ýyllarynda Kyýat han we onuň ogullary Astrabat, Mazandyran, Gilan bilen Bakunyñ, Astrahan arasynda deňiz ýollary arkaly bolup geçýän söwda gatnaşyklarynda esasy täjirleriň birine öwrülip, barlyşyksyz bäsdeşlik göreşine gatnaşýar. Şol söwda bäsdeşligi ýaramaz netijeler getirýär. Kyýat hanyñ söwdasy bolaşýar. Deñizde we kenarda alamançylyk, Talaňçylyk güýçlenýär, täjirler öldürilýär. Şeýlelik bilen, Russiýa-Eýran gatnaşyklary ýitileşýär. Bu gapma-garşylyklaryñ ýitileşmeginiň esasy sebäbi şol döwürde, el degirilmedik baýlyklaryň ummasyz zapaslarynyñ barlygydyr.

Bu baýlyklara eýe bolmak üçin bir tarapdan Russiýa, beýleki tarapdan Eýran bilen Kyýat hanyñ arasynda barlyşyksyz göreş başlanýar. Bu göreşde kyýat hanyñ garşysyna has duşmançylykly hereketi asly Eýranly, ýöne söwda bähbitleri üçin Rus raýatyna geçip, Masihi dini kabul eden Mir Bagyrof amala aşyrýardy. Onuñ maksady şu söwda ýolundan Kyýat hany aýyrmakdy, ony ýok etmekdi.

Wagtyñ geçmegi bilen Kyýat han we onuñ ogullary hakykatdanam hem söwda meýdanyndaky bäsdeşligiñ pidasi bolýar. Şowsyzlyklara garamazdan,Kyýat han kenar ýakasynda ýaşaýan Türkmenlerniñ Eýran şalarynyñ zülüminden azat bolmagy üçin Russiýa raýtlygynyñ geçmek ugrunda göreşýär. Muña uzak wagtlap baştutanlyk edýär. Bu hereket Russiýa-Eýran uruşy tamamlanandan soň has hem giň gerim alýar. Patyşa hökümeti Kyýat hanyñ haýyşy boýunça kenarýaka Türkmenlere azar bermezligi telim gezek Eýran hökümetine duýdurýar.

1836-njy ýylda günbatar Türkmenistany öwrenmek bahanasy bilen,G.S.Kareliniñ ýolbaşçylygynda ýörite Rus ekspediýasy gelýär.Kyýat han we kenar ýakasyndaky Türkmenler ekspedisiýany gowy garşylap;oña kömek edýärler.Şol ýylyñ iýulynda Esengulyda bütün Etrk-gürgen ýomutlarynyñ uly geñeşi bolup geçýär.Bu geñeşiñ guramaçysy Kyýat handy. Geñeşe gatnaşan kazylar,Han-Begler Russiýa hökümetiniñ adyna ýüzlenme kabul edip,ony G.S.Kareline gowşurýarlar.20777 sany maşgala özleriniñ Russiýanyñ raýatlygyna kabul edilmegini haýyş edýär. 1821nji ýylda Kyýat han bir ogluny Teblisdäki aziýalylar üçin açylan gimnaziýa okuwa iberýär.Beýleki ogly Kadyrmämedi we agtyklaryny Tiblisiniň,Sankt-Peterburgyň okuw jaýlarynda okadýar,Terbiýeletýär. Kyýat hanyñ özüniñ ýörite öz adyna ýüzüne atyn suraty çekilen möhri bolupdyr. 1842nji ýylyñ tomsunda Kyýat hanyñ we onuñ ogullarynyñ täleýin ters gelýär.Kenar ýakasyndaky Türkmenleriñ Russiýa bilen ysnaşyp,söwda gatnaşyklaryny ösdürmeklerini,Russiýanyñ raýatyna geçmek hereketine Kyýat hanyñ we ogullarynyñ ýolbaşçylyk etmegi,Eýrany,hususan-da Muhammed şany ynjalyksyzlandyrýar. Eýran şu tritoriýany hut öz ýerleri hasap edipdir.Şonuñ üçin hem Şah häkimleriher edip-hesip edip,Kyýat hany we onuñ ogullaryny ýok etmegiñ ýollaryny agtarýarlar. Gülüstan(1813ý) we Türkmençaý(1828ý) şertnamalary boýunça Eýranyñ Kaspi deñizinde harby flot saklamaga haky ýokdy. Duz,balyk,nebit satmakda Kyýat hana bäsdeşlik edýän Eýranly söwdägärleriniñ kömegi bilen dildüwşük gurulýar.Russ komandiri E.W.Putýatin 1842-nji ýylyñ iýulynda Ýagşymämedi (Ýagşymuhammedy )tussag edýär. Ýaşynyñ soñunda oglunyñ tussag edilmegi Kyýat hana gaty agyr degýär.Ol 80 ýaşyndan geçen garrylygynyñ göz öñünde tutulmagyny,özüniñ we oglunyñ watanyna göýberilmegini haýyş edip,Patyşah hökümetiniñ kafkazdaky häkimi genral P.Golowine arz ýazýar. Oglunyñ tussag edilmeginde bir düşünişmezlik bolandyr diýip,ol Bakuwa gaýtýar.Alty aýlap Bakuwda garantinede bolýar.Onuñ arza üstüne arzalaryna,haýyşlaryna hiç kim gulak gabartmaýar.Kyýat hanyñ 30 ýylyñ dowamynda Rus-Türkmen aragatnaşyklaryny berkitmekde bitiren hyzmatlary hasaba alynmaýar.Oña kömek edäýjek köne tanyşlary general A.P.Ýermolof we N.N.Murawýof dekabristlar bilen aragatnaşykda bolandyklary üçin Nikolaý I gazabyna duçar bolupdyr. Kyýat han 1842-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda Bakuwdan Teblise getirilýär.Kawkaz häkimleri I.Paskowiç,G.W.Pozen Ýaly generallar ozallar Kyýat hany dabarly garşylap,oña hezzet-hormat edip ýören adamlardy.Ýöne welin bu gezek olar ony zyndana taşladýarlar. Kyýat han Teblisde 1843-nji ýylyñ mart aýynyñ ortalarynda ejizläp,iki gözi gapylyp,89 ýaşynyñ içinde zyndanda aradan çykýar.