Kriştiano Ronaldo

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Kriştiano Ronaldo
Russia-Portugal CC2017 (11) (cropped).jpg
Kriştiano Ronaldo 2017-nji ýylyň iýun aýynda
Şahsy Maglumatlary
Doly adyCristiano Ronaldo dos Santos Aveiro[1]
Doglan wagty (1985-02-05) 52|Fewral 5,}} 1985 (ýaşy 37)[2]
Dogla ýeriPortugaliýa
Boýy1.87 m[3]
ÝeriHüjümde
Topar maglumatlary
ToparyÝuwentus FK
Nomeri7
Fundament karýerasy
1992–1995Andorinha
1995–1997Nacional
1997–2002Sporting CP
Professional karýerasy*
ÝyllarToparOýun(Gol)
2002–2003Sporting CP B2(0)
2002–2003Sporting CP25(3)
2003–2009Mançester Ýunaýted196(82)
2009–2018Real Madrid292(311)
* Diňe liga oýunlary we gollaryny öz içine alýar.

Kriştiano Ronaldo ýa-da doly ady bilen Kriştiýanu Ronaldu duş Santuş Aweýru (Cristiano Ronaldo dos Santos Aveiro, doglan günü 5 Fewral 1985, Hüjümçi), İlerki pozitsiýada oýnaýan Portugaliýaly futbolçy.

C.Ronaldo Portugaliýa bilen

Ol häzir Italiýanyň Ýuwentus atly klubynda çykyş edýär. Ol Portugaliýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Madeira adasynda doguldy.

Haçan-da, Ronaldu 15 ýaşyndaka ol ýürek uruş tizliginiň ýokarylygy sebäpli bejergi almaly bolýar. Emma bu ýagdaýyň wagty bilen öňüniň alynmazlygy Ronaldunyň futboldan aýra düşmegine sebäp boljakdygyny aňan “Sporting” toparynyň ýolbaşçylary ejesiniň razyçylygy bilen ony operasiýa etdirýärler. Operasiýadan bir-iki gün geçeninden soňra Ronaldu ýene-de ýaşyl meýdança türgeleşige çykýar.

Ronaldu 2003-nji ýylyň tomsunda Angliýanyň “Mançestr Ýunaýted” toparynyň tälimçisi Aleks Fergusonyň nazaryna ilýär. Çünki “Sporting” bilen “Mançestriň” oýnunda 3-1 hasabynda Ronaldunyň oýnaýan topary ýeňiş gazanýar. Bu oýunda Ronaldu iň ezber oýunçylaryň biri hökmünde öňe saýlanýar. Bu bolsa A.Fergusony Ronaldu bilen tiz wagtda şertnama gol çekişmäge itergi berýär.

Şeýlelikde, Ronaldu “Mançester Ýunaýtediň” ilkinji portugal oýunçysy bolup, klubyň taryhyna girýär we 12 million funt sterlinge şertnama baglaşýar. Ol tälimçiden “Sporting” toparynda çykyş edýän 28-lik belgisini bermegini soraýar. Emma A.Ferguson oňa 7-lik belginiň elmydama toparyna ýeňiş getirýändigini aýdyp, oňa 7-lik belgini berýär. Ol bu toparyň düzüminde “Mançester” – “Balton Uanders” duşuşygynyň 60-njy minudyndan soňra oýnap başlaýar. 2003 – 2005 oýun möwsüminde ol 10 goly öz adyna ýazdyrýar we janköýerleriniň ses bermegi bilen 2005-nji ýylyň “Iň gowy ýaş oýunçysy” adyna eýe bolýar.

2006 – 2007 oýun möwsüminde Mançester Ýunaýteddäki 50-nji goluny tora salýar. Ronaldu möwsümiň ähli baýraklaryna: “Ýylyň oýunçysy”, “Ýylyň iň ýaş oýunçysy”, “Janköýerleriň iň gowy oýunçysy” baýragyna mynasyp bolmagy başarýar. 2007-nji ýylyň 13-nji aprelinde ol “Mançester Ýunaýted” bilen şertnamasynyň möhletini bäş ýyla çenli uzaldýar we jemi 31 million funt sterlinge gol çekişýär. Bu bolsa ony toparyň taryhynda iň köp pul tölenilýän oýunça öwürýär. Şonda ol ejesine aşpezlik kärini goýup, mundan beýläk öýünde dynç almagy haýyş edýär.

2007-nji ýylyň 13-nji aprelinde ol “Mançester Ýunaýted” bilen şertnamasynyň möhletini bäş ýyla çenli uzaldýar we jemi 31 million funt sterlinge gol çekişýär. Bu bolsa ony toparyň taryhynda iň köp pul tölenilýän oýunça öwürýär. Şonda ol ejesine aşpezlik kärini goýup, mundan beýläk öýünde dynç almagy haýyş edýär. 2008-nji ýylyň 19-njy martynda Ronaldu ilkinji gezek Mançester Ýunaýted toparyna kapitanlyk edýär. Ol öz oýunlarda derwezeden geçiren ençeme goly bilen Dani Güizadan 8 bal öňdeligi gazanyp, Ýewropanyň “Altyn aýakgap” baýragyna eýe bolýar.

Onuň Portugaliýanyň milli ýygyndy toparynda hem görkezen üstünlikleri sanardan kändir. Ronaldu heniz 22 ýaşyndaka ilkinji gezek Brazilýa bilen oýanalan dostluk duşuşygynda Portugaliýanyň milli toparyna kapitanlyk edýär.

2009-njy ýylyň 1-nji iýulynda Ispaniýanyň Real Madrid toparyna geçen Ronaldu Mançester Ýunaýted toparynda ussatlyga ýetendigini aýdýar. Tälimçisi Aleks Ferguson barada bolsa: “Ol meniň sport atamdyr. Aleks Fergusonyň yhlasy bolmadyk bolsa, häzirki kämilligime ýetip bilmezdim hem” diýýär.

Şeýlelikde Ronaldu 2009-njy ýylyň 1-nji iýulynda 6 ýyllyk şertnama bilen Real Madride doly geçýär. Bu toparda ol 9-luk belgi bilen çykyş edýär. Oňa 9-luk belgili köýnekçäni Real Madridiň legendar oýunçysy Alfredo di Stefano gowşurýar. Ronaldu Santiýago stadionynda özüniň 80000-e golaý janköýeri tarapyndan garşylanýar. Bu bolsa Diego Maradonanyň 75000-lük janköýerinden hem köpdür.

Çeşmeler[düzet | çeşmäni düzet]

  1. "FIFA Club World Cup UAE 2017: List of players: Real Madrid CF" (PDF). FIFA. 16 December 2017. p. 5. Archived from the original (PDF) on 23 December 2017. Retrieved 23 December 2017. 
  2. Sitirleme säwligi: Nädogry <ref> tegi; AtFeet atly refler üçin tekst görkezilmändir
  3. "Cristiano Ronaldo (CR7)". Real Madrid C.F. Retrieved 18 November 2017.