Kordowa halifaty
Mowzuk : Araplar Ispaniýada. Kardowa halyfatlygy.
VIII asyrda Ispaniýany araplar eýeläp Pirineý ýarym adasynda Kordow emiraty döräpdir. Araplar we demirgazyk afrikan taýpalary berberiler – umumy mawrlar adyny alypdyr. Olar bütin tas Ispaniýany diýen ýaly eýeläpdir. Musulmanlaryň eline riwilileriň döwründen galan tebigy resurslar we ösen ykdysadyýet geçipdir.
Tot Ispaniýasyny eýelemek bilen iri ýer eýeçilik prosesi başlanýar. Araplar westgat we ispan-rim wekilligiň ýerlerine gelip, olary demirgazyga daglyk Asturiýa we Pirineýe kowýarlar. Ýerli daýhanlar basybalyjylara salgyt töläpdirler.
Ispaniýa araplar gündogaryň ösen ýurtlary bilen aragatnaşyk saklap, oba hojalygy ösdüripdir. Täze ösümlikleri ösdürdiler : tüwi, gant şugundyry, fini-kiwiý, palma, nar. Araplar kanallar gurup, üzüm ösdürip, winodarçylygy ösdürýärler. Maldarçylyk ösýär. Ykdysadyýetde magdan çykarmak we hünärmentçilik ýüpek ösdürmek, ýarag, çüýşe, keramika, deri önümleri öndürilýär, ösýär.
Arap Ispaniýasynda has-da 400-golaý şäher bolupdyr. Olar hünärmetçiligiň merkezleri, Ýewropanyň söwda we medeni mermerleridi. Arap Ispaniýasynda güýçli golaý bardy. Arap Ispaniýasynyň paýtagty Kardowady. Ol Italiýa, Afrika, Wizantiýa, Lewant bilen söwda edipdir. Kerwen ýoly söwda Fransiýa, Lombardiýa arkaly alnyp barlypdyr. Ispan harytlary Hindistan we Merkezi Aziýada ýetipdir. Esasan oba hojalyk önümleri, dag-magdan, hünärmentçilik önümleri öndürilipdir. Gul söwdasyda edilipdir. Medeniýetiň ösmegi bilen uly üstünlikler gazanypdyr. Kardowada umuman kitaphana we uniwersitet ýerleşipdir. Başga şäherlere-de kitaphanalar bilen şöhratlanypdyr. Ýewropada Arap Ispaniýasynda ilkinjileriň biri bolup ýokary mekdebe uly üns berlipdir. Medisina, matematika, geografiýa ösüpdir.
Arap Ispaniýasynda öz döwrüniň görnükli iri ýer eýeleri Ibn-Raşda (Awerrada) we Maýmanda ýaşapdyr. Sungat, edebiýat ösüpdir. Günbatar Ýewropadan gelip Kardowa, Sewilýa, Granadada uniwersitetlerde bilim alyp giripdirler. Kardow halyfatynyň üsti bilen Ýewropa ýurtlary arap matemakleriniň, astronomlaryň, geografikleriniň, fizikleriň, alhimikleriniň, medisina, anatomiýa, zoologiýa, pelsepe ylymlary bilen tanalypdyrlar. Günbatar arap edebiýatlaryny terjime edip gadymy grek akyldarlarynyň we alymlarynyň işlerini öwrenipdirler. Arap Ispaniýasyndan görnükli binagärçilik ýadygärlikleri gelip ýetdi. VIII asyrda Kardowada ybadathana gurulyp, ol XII asyrda hristian ybadathanasyna öwrülipdir, köşk galalar gurulýar. Demirgazyk Pirineý ýarym adasynda-da araplardan garaşsyzlygyny saklan ýerler, Astruiýa Galisiýa we Baksaniýa bolupdyr. Bu hristian şäherlerinde araplardan ýerleri yzyna almak ugrunda göreş başlanýar.
Öňe Ispaniýada rekonkista diýip at beripdirler. Rekonkistler süýşüp täze döwlet Kastiliýany es-dirýärlar. 1037 ýylda korollyga öwrülýär. VIII-IX asyrda franklaryň demirgazyk gündogar Pirineý ýarym arasynda çozuşlarynyň netijesinde Ispan markasy döräpdir. Paýtagty Barselon şäheri IX asyrsda Ispan markasyndan Nawarra bölünip aýrylýar, soňrak Kataloniýa we Aragon bölünip aýrylypdyr. 1137-nji ýylda Kataloniýa we Aragon birleşipdirler – Argon korollygyna XI asyrda günbatar Pirineý ýarym adasynda Portugal graflygy döräp XII asyrda korollyga öwrülýär. XII asyryň ahyrynda hristian döwleti araplardan ýarym adasynyň uly bölegini basyp alypdyr. XI asyrda döwletinde biri-birine gapma-garşy bilen 20 golaý emiratlyk döräpdir. Arap mawriton günortasyna seredende Ispan demirgazygyň syýasy taýdan berk harby gatnaşyklarda güýçli bolupdyr. Araplar ýerli halky ezipdirler.
Ispanlara zar bilen yslam girizip başlapdyr. Ispanlar bilen bile rekonkistik hereket fransuzlar, italýanlar hem gatnaşypdyrlar. Rekonkista XII-XII asyrda has güýçlenýär. Görnükli üstünligi ispanlar 1085 ýylda gazanypdyrlar. Arap Ispaniýasynyň iri şäherlerinden biri Toledony eýeläpdirler ýarym adadaky musulman emiratlary birleşdirip bilmändirler. 1236 ýylda kastliýanlar tarapyndan Kardowa 1248 ýylda Sewilýa, 1229-1235 ýylda Argon korollygy Balear aýlaglaryny 1238 ýylda bolsa Walensiýany 1262 ýylda Kadisi eýeläp Atlantik ummanyň kenaryna çykypdyrlar. Günorta Ispaniýada mawrlar tä 1492 ýyla çenli saklandylar.
Şeýdip rekonkistik hereket kimlere peýda getirdi ? Iri eýeçilikleri giňeldi. Dini – rysar ordenleri Sant – Ýago, Al-Kantora we Kalatrawada köp ýerleri eýeldi we ol ýerler Kataloki buthana degişli boldy. Ispan hanlygynyň azatlygyna bagyşlanyp Side hakynda poema ýazyldy. Onda kastiýaly dworýaniniň mawrlara garşy ýeňişli söweşleri gurandygy ýatlanýar.
Pirineý ýarym adasynda dörän her bir döwletiň taryhy aýratynlyklary bolupdyr. Ispaniýanyň merkezinde Kastiliýa korollygy ýerleşip, ýarym adanyň 5-den 3 bölegini tutup rekonkistik hereketde uly ol oýnapdyr.
Kastiliýada dini-rysar ýerdenleri, metjitler bolupdyr. Maýda dworýan ýer eýeçiligide uly rol oýnapdyr. Kastiliýalylaryň aglaba köpüsi garyp ýaşapdyr. Kastiliýa şäherleri köşkleriň şäheridir.
Her şäheriň uly adaty, hukugy bolupdyr. Şäherler öz arzasynda sagat baglaşypdyr. Öňe ermandodlar (doganlyk) diýip at beripdirler. Olar mawrlara iri ýer eýelerine, hat-da korola garşy öz hukugy ugrunda göreşipdirler Kastiliýa şäherleri ybadan köp bir tapawutlanmandyrlar. Soňabaka hünärmentçiligiň we söwdanyň merkezlerine öwrülip she guramalary peýda berip başlapdyr. Araplardan alynan şäherlerde hünärmentçilik we söwda XV asyra çenli ýewreýleriň elinde bolupdyr. Olar ýurtdan çykyp gitmändirler. Kastiliýa agyr ýagdaýa düşýär. XII-XIII asyrda mawrlardan alynan ýerlerde jemagatlar peýda boldy. Bu ýerler ekin ekmeklige amatly bolmandyr. Maldarçylygy ösdürip, Italiýa, Florensiýa satypdyrlar.