Mazmuna geçiň

Kislotaly ýagyşlar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Kislotaly ýagyşlarmetallurgiýa we himiýa senagat kärhanalarynyň atmosfera gatlagyna düzüminde kükürdiň we azodyň oksidlerini saklaýan zyňyndylary goýbermekleriniň netijesinde döreýän hem-de ýagyş (ýa-da gar) görnüşinde ýagýan atmosfera ygallary. Bu ýagyşlaryň ýagmagy netijesinde adamlaryň saglygyna, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyna, binalara örän ýaramaz täsirini ýetirýän kükürt kislotasy emele gelýär. Kislotaly ýagyşlaryň täsirinde ençeme asyrlap saklanyp duran taryhy-medeni ýadygärlikler, tebigy obýektler hem zaýalanýar.

Tebigy gurşawyň turşylanmagy bilen bagly möhüm ekologiýa meseleleriň biri hem kislotaly ýagyşlaryň ýagmagydyr. Olar senagat zyňyndylary bolan kükürt dioksidiniň we azot oksidleriniň atmosfera goýberilmegi hem-de olaryň howadaky suw buglary bilen birleşip, kükürt we azot kislotasyny döretmegi arkaly ýüze çykyp bilýär. Netijede, ýagýan ýagyşlar we garlar turşylanan (pH görkezijisi 5,6-dan pes) ýagdaýynda bolýar. Olara mysal hökmünde Bawariýada (Germaniýa) 1981-nji ýylyň awgust aýynda pH=3,5 derejede kislotaly ýagyşyň ýagmagyny hem-de Günbatar Ýewropada ygallaryň turşylygynyň iň ýokary derejede pH=2,3 ýetendigini görkezmek bolar.

Howany esasy hapalaýjylar bolan we atmosfera ygallarynyň turşylanmagyna getirýän SO2 hem-de NOx önümçilik pudaklaryndan bütin dünýä boýunça her ýylda millionlarça tonna möçberinde atmosfera düşýär. Ägirt uly çäklerde tebigy gurşaw tutrşylanma sezewar bolýar, ol bolsa ähli ekoulgamlaryň ýagdaýyna oňaýsyz täsir edýär. Kislotaly ýagyşlaryň oňaýsyz täsirleri tokaýlaryň guraklyga, kesellere, tebigy hapalanmalara çydamlylygyny peseldýär.


  • IUHD. Akyýew Guwanç