Mazmuna geçiň

Kekene

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Kekeneler Koksinellid tomozaklaryna degişli bolup, uly bolmadyk gyzyl reňkli, gaty ganatlarynyň üstünde 12 sany gara tegmil bolýar. Ol okaraňygetirsüýtbereýin diýilýän tomozakdyr. Kekene tomozak we liçinka döwürlerinde bakja ekinlerinden gawunyň, garpyzyň, gök ekinlerden bolsa hyýaryň iň erbet zyýankeşidir. Kekene şol ösümlikleriň biýaralaryny, hasylyny gemrip, köp zyýan berýärler. Kekenelere garşy himiki, zäherli maddalar bilen göreş alyp barsalar-da türkmenleriň içinde bu tomozajyklar gaty eý görülýär, olary aňsat-aňsat öldürmeýärler. Tomozaklaryň içinde ullakan we owadan sugunşekilli tomzak uzak Gündogarda ýitip, ýok bolup barýan ussuri ussaçy (uzynlygy 10 sm), Türkmenistanda seýrek duş gelýän ak tegmilli, gara beden iri antimanergeýim (gysgaça antia) diýilýän tomozaklar goralmalydyr.