Kebap we çişlikler
Kebap
Kebap türk we orta gündogar aşhanalarynda tapyp bişirilen etli tagam. Köp görnüşleri dünýäde meşhurdyr. Kebaplar üçin adaty et köplenç goýun ýa-da guzy bolup durýar, ýöne sebitleýin reseptlerde sygyr, geçi, towuk, balyk ýa-da dini gadaganlyklar sebäpli doňuz eti seýrek bolýar.
Türkmen naharlary
[düzet | çeşmäni düzet]Aşgabat kebaby
Täze soýlan goýnuň budundan alyp, ony et üweýji maşyndan sogan bilen bile geçirmeli. Duzdur burç hem goşup garyşdyrmaly. Ony heýkelli kebap görnüşindäki ýaly edip, saçda mesgä gowurmaly. Ýene bir saçda sogan gowrup, gowrulan kebaby-da üstüne goýmaly we azrak suw guýup, buguna bişirmeli. Soňra üstüni basyrmaly. Dogralan gök sogan, ukrop we ýaly tamdyr çöregi bilen saçaga äberilse, kebab işdalije iýler.
Taýýarlamak üçin 700 gram et, 100 gram sogan, 30 gram mesge, duz we burç gerek.
Heýkelli kebap
Ýokary sortly etiň budundan we guýruk tarapyndan almaly, ony çapyşdyrmaly. Soňra ona mesge bilen maýda dogralan sogan goşmaly. Ýarym taýyar farşa ýumurtgany garyşdyrmaly, duzdur burçyny hem unutmaly däl. Massany el bilen öwüp pugtalandyrmaly. Taýýar farşy kebap syhyna 8-10 sm uzynlykda düzmeli hem-de közüň üstünde bişirmeli. Taýýar bolansoň, ukrop, sogan, sirke sepişdirip, saçaga geçirmeli.
Taýýarlamak üçin 2,2 kilogram goýun eti, 200 gram sogan, 8 sany ýumurtga, 500 gram gök sogan, 50 gram ukrop bilen mesge, duz we burç gerek.
Gapyrga çişligi
Goýun etiniň gapyrgalaryny 2-3 bölege bölüp, duzdur burç sepmeli. Oňa maýda dogralan sogany, turşurak nar suwuny, lawr ýapragyny atyp, hemmesini mazaly garyşdyryp goýmaly. 6-8 sagat duransoň, ony sazak közüniň üstünde bişirmeli. Taýyar bolan çişligiň üstüne ownujak dogralan gök sogan, ukrop petruşka sepip, saçaga eltäýmeli.
Taýýarlamak üçin 1 goýnuň gapyrgasy, 1 kilogram sogan, 500 gram nar, duz, burç, 1 bogun ukrop, petruşka, gök sogan gerek.
Böwrek çişligi
Goýnuň böwreklerini inedördül görnüşde kesişdirmeli. Dogralan sogany, ukropdyr petruşkany goşup, 1-2 sany nary-da maýdalap garyşdyrmaly. Duzdur burçuny sepip, 1-2 sagatlap goýmaly. Soňra olary çişlik syhlaryndan geçirip, sazak közünde bişirmeli. Çişlik maýdajyk dogralan gök sogan, ukrop we petruşka bilen saçaga eltilýär.
Taýýarlamak üçin 6-7 böwrek, 3-4 düýp sogan, ukrop, petruşka, duz we burç gerek.
Bagyr çişligi
Bagyr çişligi hem edil böwrek çişliginiň bişirilişi ýalydyr.
Taýýarlamak üçin 1 kilogramdan bagyr bilen sogan, ukrop, petruşka, duz we burç gerek.
Çopan çişligi
Goýun etiniň çylka ýerinden alyp, ony her bölegi 25-30 grama barabar bolar ýaly bölüşdirmeli. Sogany tegelekläp kesip, ukroby dograp, duzdur burç bilen garyşdyrmaly. Soňra hemmesini garyp, mäjum etmeli. Ony syrçaly gapda 10-15 graduslyk jaýda 4-5 sagat goýmaly. Kebap ojar ýa-da sazak közünde bişirilýär.
Taýýarlamak üçin 1,8 kilogram et, 150 gram sogan, gök sogan, ukrop, duz we burç gerek.