Mazmuna geçiň

Kategoriýa çekişme:Din

Page contents not supported in other languages.
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
BÜREÝDE BIN HASIB

Eshaby Kiramyň beýiklerinden. Horasan taraplarynda dünýäden öten iň soňky sahaba. Ady Büreýde bin Eslem. Doly ady Ebu Abdullah. 63-nji (milady 683) ýylda Ýezid döwründe aradan çykdy.(Gubury Mary welaýatynda) Abdullah we Süleýman atly iki ogly bardyr. Bedir söweşiniň öňi ýanynda musulman boldy. Resulallah (sallallahu aleýhi we sellem), Ebu Bekr Syddyk we onuň azat edilen guly Amir bin Füheýre (r.a.) Medinä tarap barýarkalar Mekgäniň müşrikleri olary tutmak üçin herekete geçdiler. Ähli ýerleri barlap ugradylar. Tutup getirene uly serpaý (100 düýe) wada edýärdiler. Hijret ýolunyň ugrundaky tireleriň bary bu işiň kül-külüne düşüpdi. Büreýde bin Eslem hem özüniň ýetmiş adamy bilen şolaryň içindedi. Ýolda gabatşanlarynda Resulallah (sallallahu aleýhi we sellem) ondan: “Kim bolarsyň?” diýip soradylar. “Büreýde” diýip jogap berende, Resulallah (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Ebu Bekire öwrülip: “Ýa Ebu Bekir, kalbymyz aram tapdy we gowy boldy” buýurdylar. Soňra: “Kimlerden bolarsyň?” diýip, sowal etdiler. “Eslem tiresinden” diýende: “Howp sowuldy, biz salamatda” buýurdylar. Gaýtadan: “Eslemiň haýsy golundan?” diýip soradylar. “Sehm golundan” diýen jogaby alandan soňra: “Ýa Eba Bekr, seniň nesibäň bar eken” buýurdylar. Büreýde Resulallahdan: “Ýogsa-da sen kimsiň?” diýip sorady. Resulallah (sallallahu aleýhi we sellem): “Alla Tagalanyň resuly, Muhammed” diýip jogap berende, Büreýde: “Eşhedü enlä ilähe illallah we eşhedü enne Muhammeden abdühü we resuluh: Men şaýatlyk ederin, Alla Tagaladan başga ylah ýokdur Muhammed (sallallahu aleýhi we sellem) Onuň guly we Resulydyr” diýip, ýanyndakylar bilen bilelikde iman etdi. Büreýde (r.a.): “Allahü Tealaga hamdü-senalar bolsun, biz zor bilen däl, meýletin musulman bolduk” diýdi. Büreýde ertesi: “ýa Resulallah! Ýanyňyz baýdaksyz Medinä gitmegiňiz uýgun däl” diýip, başyndaky sellesini çykardy we baýdak ýaly edip naýzaň ujuna daňdy. Hezreti Büreýde tä Medineýi Münewwerä çenli Resulallahyň (sallallahu aleýhi we sellem) öňlerinden Liwaýy Muhammedini (baýdagy) göterdi.

Hz. Büreýde, Resulallah (sallallahu aleýhi we sellem) bilen bilelikde ençeme söweşlere giripdi, Mekgäni almaga gatnaşypdy. Mundan başga, Resulallahyň (sallallahu aleýhi we sellem) Hz. Halidyň serkerdeligindäki Ýemen taraplaryna iberen goşununyň hatarlarynda-da ýerini alypdy. Hz. Büreýde, Resulallahyň (sallallahu aleýhi we sellem) soňky wagtlarynda Usameniň (r.a.) serkerdeligindäki Şama iberen goşunynda baýdak göteripdi. Resulallah (sallallahu aleýhi we sellem) dünýäden ötenden soňra, eshaby kiramyň (r. anhüm) köpüsi Yslamy dünýäň dürli künjeklerine ýetirmek üçin çar ýana dagyldylar. Ine, şol Yslamy ýaýmak we hyzmat yşgy we ody bilen ruhy ýanýan bu beýik sahaba, Hz. Osman döwründe Horasana iberilen goşunyň içinde ýerini alypdy.

Büreýde (r.a.) köp hadysy şerif ýat tutupdy. 164 hadysy şerif rowaýat etdi. Göni Resulallahdan eşidenlerini bize ýetirdi. Büreýde hezretleri, mydama Resulallahyň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek nazarlarynyň öňünde bolmak ýaly bagtyýarlyga gowuşan, islän wagty ýanyna girip-çykyp bilen beýik sahabadyr.

Ebu Büreýde (r.a.) hezretleriniň hut özüniň eşidip bize ýetiren hadysy şerifleriniň käbirleri:

- “Kimde-kim, Kurany kerimi okap, ony dünýä gazanjy üçin ulansa, kyýamat günüde ýüzi, eti gazalan süňk görnüşinde Arafat meýdanyna geler”.

- “Gabra zyýarata barmagy size gadagan edipdim. Indiden beýläk zyýarata baryp bilersiňiz. Şunlukda, sapak alarsyňyz, gapyllykdan gutularsyňyz”.

- “Münapyk kişiler üçin seýit, ýagny tagsyr sözüni ulanmaň. (Hormat goýmaň) Sebäbi olar seýit bolup beýlekilerden artykmaç saýylsa, Allahu Tealanyň gazabyna sezewar bolarsyňyz”.

- “Garaňkylykda metjitlere köp gidýänlere, kyýamatda hakyky nura gowuşjakdyklaryny buşlaň”.

REFERENCES
1) El-Azam tom-2, sah.250
2) Tezhib-ut-Tezhib tom-1, sah. 432
3) Tabakaty Ibni Sa’d tom-4, sah 241
4) El-Isabe tom-1, sah. 146
5) El-Isabe tom-1, sah. 173
6) Müsnedi Ahmed bin Hanbel tom-5, sah. 346
7) Eshaby Kiram sah. 318
8) “Türkiýe” gazeti, yslam alymlarynyň ensiklopediýasy tom-1, sah. 240

Tekst gönümel "Türkmenistandaky ÖWLÜÝÄLER" (Serajettin Mahmyd, Dünya Türkmenleri Eğitim Vakfı, Istanbul 2000) atly kitapdan alyndy.

Start a discussion about Kategoriýa:Din

Start a discussion