Kategoriýa çekişme:Biznes

Page contents not supported in other languages.
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Organization (Gurama)

Gurama (organization) bu belli bir pikiri ýada maksatlary ýerine ýetirmek üçin adamlar tarapyndan döredilen öz dolandyryşy bolan jemgyýetiň bir bölegidir. Gurama öz ýerleşen töwereginiň täsiri astynda döreýşi ýaly halkara derejesindede döräp biler muňa Birleşen Milletler Guramasy esasy mysal bolup durýar. BMG niň öz maksatlary bolup durýar; dünýäde parahatçylygy goramak, adam hukuklaryny goramak, tebigaty goramak we ş.m.

Business (Hususy Gurama (Iş))

Business – bu halkyň belli bir gerekli önümlerini ýada hyzmatlaryny kanagatlandyryjy girdeýji esasynda üpjün edýän guramadyr. Üpjün etmek diýilende business gerekli harydy ýada hyzmady özü hem öndürüp biler ýada daşary ýurtlardan getirmek bilenem halky üpjün edip biler.

Haryt – diýilip gysgaça görülüp, iýilip-içilip bolýan önümlere aýdylýar. Oňa mysal hökmünde ulaglar, dermanlar, mebeller, kompýuterler bolup biler.

Hyzmat – diýilip belli bir zerur işi bitirýän, özü görünmän täsiri görünýan adamlar ýada enjamlar tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlara aýdylýar. Muňa mysal hökmünde taksi bilen bir ýere gitmek, dellekhanada saç kesdirmek, saglyk ätiýaçlandyrmasy we beylekiler girýär.