Kategoriýa:Nerw ulgamynyň keselleri

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Stres we saglyk. Stres diýilende aklymyza güýçli bir gaýgy, alada ýaly düşünjeler gelýändir. Eysem stres diýmek näme? Stresli ýagdaydadygymyzy nädip bilmeli? Stres çyndan hem zyýanlymy? Stresiñ bejergisi näme?

Stres bu rahatsyz ediji bir ýagdaýa garşy adamyñ ruhy we fiziki taydan göreşmegine berilyän atdyr. Mysal üçin ýolda yöräp barýarkañyz äpet bir itiñ sizi kowalamaga başlanyny görseñiz siziñ ýüregiñiz çalt urmana başlar, myşsalaryñyz gysylar. Munuñ sebäbi  beýniñiz awtomatiki ýagdayda  söweş ýada gaç mekanizmasyny işe girizmegidir. Ýagny siz şol ýerde awtomatiki yagdayda ýa it bilen söweşersiñiz yada itten gaçarsyñyz. Ine şu bolup geçyän hadysa stresiñ bir görnüşidir, emma bu stres adam üçin peydalydyr.

Adama zyýanly stres.

Adama zýyanly stres adamyñ durmuşdaky problemalary çözüp bilmän, uzyn wagtlap bu problemalar bilen göreşmegidir. Stres adamyń ruhy dünyäsi, içki düşünjeleri, dünyä garayşy bilen baglydyr. Egerde adam köp wagtlap 'Näme üçin men şeyle, näme üçin şeyle boldy, näme etmeli...nähili baş alyp çykmaly...näme üçin...'ýaly düşünjeler bilen ýaşasa, adam uzyn wagtlap problemalary çözüp bilmänligi üçin beden taydan ýadawlyk başlayar. Adamyñ iwmitleniş düzgüni bozulyar. Adam gaýgyly, hasratly bir hala gelýär, üns bermek ukuby peselyär.

Stresiñ bejergisi hökmünde ilkibilen düşünjeleriñizi üytgetmelisiñiz. Problemalary çözmek ukubyny, çözülip bilinmedik yagdaýyndada bir çykalgasynyñ bardygyny yada salmalysyñyz. Sport bilen meşgullanmagyñ, saglykly iyip içmegiñ, namaz okamagyñ adamyñ ruhy dünyäsine sanawsyz peydasy bardyr. Stres bilen göreşmek üçin ruhy dünyäniñ bay bolmagy möhümdir.

Stres bilen birnäçe hassalygyñ arasynda baglanyşygyñ bardygy bellidir. Yöne stresi howply görmek dogry däldir, egerde siz bir zady aşa howply görseñiz bu size zyýan yetirer. Egerde şol zat howpsuz bolsada siz şony howply göreniñiz üçin siziñ saglyñyza zyýan yetmegi mümkindir.

"Nerw ulgamynyň keselleri" kategoriýasyndaky sahypalar

Jemi 2 sanysyndan, aşakdaky 2 sahypa bu kategoriýadadyr.