Mazmuna geçiň

Kategoriýa:Leňňeçşekilliler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Leňňeçşekillileriň 40 müňe golaý görnüşi belli. Leňňeçşekilliler pes gurluşly we ýokary gurluşly leňňeçlere bölünýärler. Pes gurluşly leňňeçlere dafniýa we siklop, ýokary gurkuşlylara derýa leňňeji, Türkmenistanyň derýalarynda, esasanda Köpetdagyň derýajyklarynda ýaşaýan krablar, eşekýassyklar, iň uly leňňeç şekilli bolan kamçatka kraby degişlidir. Dafniýalar we sikloplar (olar suwda ýüzüp ýaşaýandyklary üçin planktonlar hasaplanylýar) süýji we duzly suwlarda balyklara we beýleki haýwanlara iýmit bolýarlar. Otaglarda saklanýan bezeg balyklaryny hem guradylan dafniýalar bilen iýmitlendirýärler. Howdanlarda ösdürilip ýetişdirilýän balyklary iýmitlendirmek üçin dafniýalary we sikloplary ýörite ösdürip ýetişdirýärler. Onaýakly leňňeçşekilliler: derýa leňňeji, deňizlerde ýaşaýan krewetkalar, krablar, omarlar langustlar gymmatbahaly aw haýwanlar hasaplanýar. Leňňeçşekillileriň köp görnüşleri balyklara we dişsiz kitlere oňat iýmit bolýarlar.

"Leňňeçşekilliler" kategoriýasyndaky sahypalar

Bu kategoriýa diňe aşakdaky sahypany öz içine alýar.