Kategoriýa:Bitin sanlar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

San okunda O nokatdan sag (položitel) ugurda masştab kesimini n gezek alyp goýup, položitel n sany alarys. Indi masştab kesimini çep (garşylykly) ugurda n gezek alyp goýalyň we alnan sany otrisatel n san atlandyryp, –n ýaly belgiläliň.

Kesgitleme. Nuldan, natural sanlardan hem-de olara garşylykly sanlardan ybarat san köplügine bitin sanlaryň köplügi diýilýär we Z bilen belgilenýär. Diýmek,

Z={...,-n,-n+1,...,-3,-2,-1,0,1,2,3,...,n,...}.

Bitin sanlaryň köplüginde deňeşdirme amaly natural sanlaryň köplügindäki ýaly kesgitlenýär. Goşmak amaly aşakdaky deňliklerde kesgitlenýär:

  1. (-k)+(-n)=-(k+n);
  2. (-k)+0=-k;

Aýyrmak amaly a-b=a+(-b) deňlikden hasaplanýar. Köpeltmek amaly üçin alarys: 1)(-k)×(-n)=kn 2) (-k)×n=-kn 3)(-k)×0=0×(-k)=0. Bölmek amalynda nula bölmek bolmaýandygyny bellemelidir. Derejä götermek amaly hem natural sanlardaky ýaly kesgitlenýär.

"Bitin sanlar" kategoriýasyndaky sahypalar

Jemi 10 sanysyndan, aşakdaky 10 sahypa bu kategoriýadadyr.