Mazmuna geçiň

Kakageldi Abdullaýew

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Terjimehaly

[düzet | çeşmäni düzet]

Kakageldi Bäşimowiç Abdullaýew 1966-njy ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gowşutbent obasynda doguldy.

1983-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Türkmen politehniki institutyna okuwa girdi.

1984-1986-njy ýyllarda harby gullukda boldy.

Harby gullukdan soň Türkmen politehniki institutynda okuwyny dowam etdirdi we 1990-njy ýylda instituty dag inženeri hünäri boýunça tamamlady. Şol ýylda hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş bölüminde burawlaýjynyň kömekçisi bolup zähmet ýoluna başlady. Soňra şu müdirlikde ussa, inžener, inžener-tehnolog, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminde alyp baryjy inžener, gaz we kondensat çykarmak we taýýarlamak boýunça önümçilik tehnologiýa bölüminde esasy inžener, 2002-nji ýyldan 2009-njy ýyl aralygynda bölümiň başlygy, şu müdirligiň baş tehnology bolup işledi.

2009-njy ýyldan başlap “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň başlygy wezipesinde işläp gelýär.

1992-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Demokratiki partiýasynyň agzasy.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

Türkmenistanyň Prrezidentlik Saýlawlaryna dalaşgär (2012).