KIRIÇENKONYŇ TOMUSKY GOJAMAN TENEÇIRI

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

KIRIÇENKONYŇ TOMUSKY GOJAMAN TENEÇIRI (Cymindis kiritshenkoi) Teneçirler otrýady Gojaman teneçirler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi V (DD). Ýeterlik öwrenilmedik görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Türkmenistanda şu uruga degişli 3 görnüşiň biri duş gelýär. Ýurtda görnüşiň genofondyny gorap saklamakda uly ähmiýeti bar. Gysgaça beýany. Bedeninde gara menekler ýok diýen ýaly, örän açyk sary reňkli, göwresi uly teneçir. Maşgala degişli beýleki ähli görnüşleriňkiden tapawutlylykda, erkek teneçirleriň ganatlarynyň yzky burçy aýlawly we onda oýulan ýer bolmaýar. Ýaýraýşy. Farap, Galkynyş, Birata şäherçeleri. Türkmenistandan daşarda — Özbegistan, Gazagystan, Eýran, Yrak, Mesepotamiýa. Ýaşaýan ýerleri. Düzlüklerdäki we dag jülgelerindäki çalt akýan derýajyklaryň ýakasy. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Ýek-tük tapylýar. Esasy çäklendiriji sebäpler. Suw gurluşyk we suwaryş işleri geçirilen mahalynda, derýalaryň tebigy akymynyň bozulmagy. Gowaça meýdanlary suwarylanda Amyderýanyň we uly ýaplaryň suwlaryna galyndy suwlaryň goşulmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Ýeterlik öwrenilmedik. Maý-iýun aýlary, esasan, Amyderýanyň kenar ýakalarynda duş gelýär. Liçinkalary we kiçi ýaşly teneçirler akar suwlarda iki ýyla golaý ýaşaýar. Ownujak bognaýaklylar bilen iýmitlenýär. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Amyderýa döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Tutmagy gadagan etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Biologiýasyny jikme-jik öwrenmeli, liçinkasyna ylmy beýan etmeli. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň mör-möjekler gaznasy üçin teneçirleri ýygnamaly. Düzüji: S. K. Durdyýew