Körkak obasy
Appearance
Körkak obasy — Türkmenistan Respublikasynyň Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda, etrap merkeziniň gündogar tarapynyň 14-nji kilometrinde ýerleşýär. Oba ilaty esasy çarwadarçylyk we daýhançylyk işi bilen meşgullanýar. Oba ilkibaşda döredilen wagtynda etrabyň Amyderýa maldarçylyk hojalygynyň 1-nji fermasy hökmünde ýagny, diňe çarwadarçylyk işlerini amala aşyrmak maksady bilen 1975-nji ýyllarda döredilýär. Ol döwürlerde oba ýaşaýjylary bary-ýogy 10-15 maşgaladan ybarat bolan. Häzirki wagtda obanyň ýaşaýjylarynyň maşgalalarynyň sany 300-den gowrak. Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowy. Oba Türkmenistanyň uzak nokatlarynda bolandygyna garamazdan 1992-nji ýylda tebigy gaz bilen üpjün edilýär.