Köneürgenç
Appearance
(Köneürgenç şäheri sahypasyndan gönükdirildi)
11-nji asyryň ahyrynda Demiragzyk Türkmenistanda ýerleşen Köneürgenç türkmen döwletini Kutbeddin Muhammet döredipdir. Ol 30 ýyllap şa derejesini göteripdir. Gürgenç şäheri döwletiň paýtagty bolupdyr. Muhammet şanyň döwründe ýurt ylym we medeniýet taýdan ösüpdir. Tekeşiň we Muhammet şanyň döwründe döwlet güýçlenipdir, ösüp ýokary derejä ýetipdir. Onuň düzümine Orta Aziýa, Owganystan, Demirgazyk Hindistan, Eýran, Yrak ýurtlary giripdir. Ýurtda ekerançylyk, maldarçylyk,senetçilik, hünärmentçilik, ylym we medeniýet ösüpdir.Ekinler Amyderýanyň suwy bilen suwarylupdyr,ýaplar we kanallar çekilipdir.Mes toprakly ekin meýdanlary giňeldilipdir.Miweli agaçlaryň dürli görnüşleri ösüpdürilip ýetişdirilipdir.Şasenem, Diýarbekir, Was şäherleri has hem ösüpdir. Gürgençde şahyrlar,taryhçylar, ylym adamlary işläpdirler. Döwletde binagärlik-gurluşyk işleri giňdenalnyp barlypdyr. Kümmetler owadan bezelen üýtgeşik nagyşlar bilen bezelipdir,ki-taphanaly medreseler, bazarlar gurlupdyr.Olary ökde, ussat us-lar gurupdyrlar. Gürgenjiňhünärmençilik önümleri dünýäde belli bolupdyr. Köne-ürgenç türkmen döwleti Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşenligi sebäpli, beýleki döwletlerden täjirler, söwdagärler haryt geti-rip satypdyrlar we başga ýurtlara hem äkidipdirler. Ýüpek haly-lar, gap-gaçlar,küýze,deri we beýleki önümler bilen söwda edi-lipdir.Söwdada altyn dinardan başga mis pullar hem ulanylypdyr. Köneürgenç türkmen döwleti medeniýetiň, ylmyň, hünärmentçili-giň ösen ýerine we iri söwda merkezine öwrülipdir.