Mazmuna geçiň

Kädi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
kädi
kädi tohumlary (ýetişen)

Kädi Kädiniň palaw kädi, batad kädi, daş kädi, bal kädi we haýwan kädi ýaly birnäçe görnüşleri bar. Bu bakja önüminiň aşgazan- içege ulgamyna aýratyn täsiri bar. Ol täsir kädiniň düzümine girýän organiki turşulyklar we pektin diýilýän ferment maddasy bilen baglydyr. Ol maddalar aşgazan-içege sowuklamalarynda bu agzalaryň işjeňlik ýagdaýlaryny kadalaşdyrýar. Şeýle hem kädiniň düzümindäki pektiniň bedenden holesteriniň çykmagyny güýçlendirmegi, kädiniň ateroskleroz keseliniň önüni almakda we ony bejermekde oňat serişdedigine güwä geçýär. Lukmançylykda kädi melhem hökmünde hem ulanylýar. Ol aşgazan-içege sowuklamasyny oňat bejerip, semiz adamlara horlanmak üçin hem oňat serişdedir. Kädiniň peşew işläp çykarmagy güýçlendirýändigi sebäpli böwrek, peşewhalta we ýürek näsazlyklary bilen bagly çişleri aýyrmakda kädiniň bulamagyny iýmek peýdalydyr. Kädiniň suwy peşewhaltanyň, böwregiň we bagryň näsazlyklaryny bejermekde ulanylýar. Şonda birinji günüň dowamynda 100-200 ml. şire içmeli. Kädi gaýnadylan suw ukusyzlykda peýdalanylýar. Onda 100 gram suwy 1 nahar çemçesi ary baly bilen garyp içmek maslahat berilýär. Soguljanyň garşysyna göreşmekde-de kädiniň ähmiýeti uly. Şonda 300 gram gabygy aýrylan kädi çigidini sokuda owratmaly we oňa 100 gram ary balyny goşup garmaly. Taýýarlanan melhemi näsag bir sagadyň dowamynda iýmeli. Bu serişde 3-4 ýaşly çagalara 75 gramdan we 10 ýaşly çagalara 150 gramdan berilýär. Üç sagatdan soň näsaga sürgi dermanyny bermeli we içegäni yuwmaly.

Batyrowa Aýbölek, IUHD Halkara maliýe hünäri