Jonny Dep

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Dep 2011-nji ýylda

Hakyky ady: Jon Kristofor Dep II (John Christopher Depp)

Doguldy: 09.06.1963 (58 ýaş)

Ýurdy: ABŞ. Owensboro. Kentuky.

Meşhur wagty: 1984.

Aýal(lar)y: Lori Anne Allison (1983-1986),

Wanessa Paradis(1998-2012),

Amber Heard (2015-nji ýyldan bäri onuň bilen.

Gatnaşyk edýänleri: Şerylin Fen(1985-1989)

Winona Ryder(1989-1993)

Kate Moss (1994-1998)

Çagalary: Lilly Rose Melody (d. 27.05.1999)

Jek (Jack) 09.04.2002.

Käri: Sahna oýunçysy. Senarist, alyp baryjy, düzüji, sazanda.

Şahsy durmuşy[düzet | çeşmäni düzet]

Jon Kristofor Dep 1963-nji ýylyň 9-njy iýunynda Amerika Owensborrodo doguldy. Ejesiniň 12 ýaşynda alyp beren gitarasy bilen rok sazandasy bolup ýetişýär. 15 ýaşynda bolsa rok sazandasy bolmak isläp okuwyny taşlady. Şol ýyl ejesi kakasy bilen aýrylyşýar. Bu ýagdaý ýigit çykyp gelýän Jonna gaty erbet degýär. Jonny The Kids atly sazanda toparyna goşulýar. Toparyň başlygy we wokalist gyz dosty Lori Anne Allison bilen 1983-nji ýylyň 24-nji dekabrynda durmuş gurdy. «Six Gun Method» atly topar Jonny Depiň öýlenendigi üçin käbir meseleleriň dörändigi üçin studiýadan daşlaşdylar. Los Anjelesde aýalynyň kömegi bilen Nikolas Çage bilen tanyşdy we ilkinji filmi 1984-nji ýylda sahnalaşdyrdy. 1986-njy ýylyň 7-nji martynda Lori Anne Allisondan aýrylyşdy[1]. Birinjisinden aýrylyşyp Kate Moss we Winona Ryder ýaly meşhurlara eýe boldy. Söýgülsi Winona Ryderiň adyny goluna Winona Forever diýip ýazdyrýar. Soňra ony ýazan adam ölensoň «Wino bakydyr» diýip üýtgetdiripdir. The Kids dagan bolsalarda, häzirem.olar birlikde çalýarlar. Muny hem meşhurlykdan düşmejek bolup çalýarlar. 1998-nji ýylda Wanessa Paradise öýlenýär we 2012-nji ýylda aýrylyşýar. Jonny Dep «Halk duşmanlary» atly filmini reklama etmek üçin Angliýa baranynda «Karib deňziniň garakçylary» atly bölümli kinofilmde Jek Sparowyň (Jack Sparro-Jek Worobeý hem diýilýär) egin eşiklerini geýip Londondaky Great Ormond Street hassanasynda işleýänleriň we hassa çagalaryň hal-ahwalyny sorap, olar bilen ýakyndan gyzyklandy. Jonny Dep böwrek keselinden ejir çekýän gyzy Lily Rose Melodynyny şol hassahanada gutulandygy üçin şol Great Ormond Street hassahanasyna 1 milýon Ýewro peşgeş berdi. Jonny Dep People ýygnagy tarapyndan 2003-2009-njy ýyllarda özüne çekiji adam diýilip at berildi. 2007-nji ýylda bolsa EW sahypasynyň gurnalan Golliwud sahnasynda iň owadan 50 adamlaryň arasynda öz ornuny aldy[2].

Kinofilmleri[düzet | çeşmäni düzet]

1984 Elm Esgeriniñ Garabasmasy

1985 Private Resort

1986 Slow Burn

1990 Cry-Baby

1990 Gaýçy elli adam

1991 Freddy's Dead: The Final Nightmare

1993 Benny & Joon,

1993 Gilbert'in Arzuwlary

1993 Arizona Dream

1994 Ed Wood

1995 Don Juan DeMarco

1995 Öli adam

1995 Nick of Time

1996 Cannes Man

1997 Körsyçan

1997 The Brave

1998 Wegasda Gorky we Ýigrenç

1998 L.A. Without a Map

1999 Dokuzynjy Gapy

1999 Arwah esgeri

1999 Astronawtyň Aýaly

2000 Şokolad

2000 Before Night Falls

2001 Ak Şeýtan

2001 Erkegiñ Gözýaşlary

2002 From Hell

2003 Bir wagtlar Meksikada

2003 Karib deňziniň garakçylary: Gara güýçleriň gargyşy

2004 Happily Ever After

2004 Gizlin penjire

2004 Düýşleriñ Ýurdy

2004 The Libertine

2005 Çarlinyň şokolatly fabrigy (Wonka)

2005 Öli gelin

2006 Karib deňziniň garakçylary: Öli Adamynyň Sandygy

2007 Karib deňziniň garakçylary: Dünyäniň soňy

2007 Sweeney Todd: Flit Adasynyň şeýtan Dellegi

2009 Halk Duşmanlary

2009 Dr. Parnassus

2010 Alisa Täsinlikler Ýurdunda

2010 Turist

2011 Rango

2011 Karib deňziniň garakçylary: Ýygşyrylýan deňizlerde

2011 Hyjuw gündelikleri

2011 Jek we Jil (Jack & Jill)

2012 Lyžaly polissalar

2012 Garañky Kölegeler

2013 Masgaly Esger

2014 Evrim Will

2017 Gämi Garakçylary: Öli Adamlar erteki aýdyp bermez

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

[1] www.imdb.com/name/nm0000136/bio

[2] insidemovies.ew.com/2007/11/28/smart-list-intr