Jon Lak

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jon Lakyň 1697-nji ýylda Godfri Neller tarapyndan çekilen portredi

Jon Lak (iňlisçe: John Locke) 1632-nji ýyl29-njy awgustynda doglan, 1704-nji ýyl28-nji oktýabrynda ölen, aýdyňlanma eýýamynyň iň täsirli pähimdarlaryndan biri we Liberalizmiň atasy hökmünde giňden ykrar edilen Iňlis filosofy we lukmany.[1][2][3]

Irki durmuşy we ömür beýany[düzet | çeşmäni düzet]

Lakyň kakasynyň hem ady Jondy we kakasy aklawjydy, Iňlis raýatara urşunda atly güýçleriň kapitany hökmünde hyzmat edipdi.[4] Jon Lak Angliýanyň Bristol şäherine ýakyn Wrington obasynda doguldy. Dogluşyndan gysga wagt soňra maşgalasy Pensford şäherine göçdi we Jon Lak Bellýuton obasynda önüp-ösdi.

1647-nji ýylda Westminster mekdebine okuwa ugradyldy. 1656-njy ýylda Lak bakalawr derejesini aldy we 1658-nji ýylda ussat derejesini aldy. 1675-nji ýylda medisina ugrundan bakalawrlyk derejesi gazandy. Ol medisina ugrun Oksfordda geçiren wagtynda içgin öwrendi we Robert Boyle, Tomas Willis, Robert Hook we Riçard Lawyr ýaly ady belli alymlar we pähimdarlar bilen bile işleşdi. Lak 1704-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda aradan çykdy.[5]

Eserleri[5][düzet | çeşmäni düzet]

  • "Ynsan aňýetimi barada düzme" (An Essay Concerning Human Understanding) atly kitaby
  • "Düzme" atly kitaby
  • "Bilim babatda käbir oýlanmalar" atly kitaby
  • "Ýazgylarda görkezilişi ýaly Mesihiligiň paýhassyzlygy" (The Reasonableness of Christianity, as Delivered in the Scriptures) atly kitaby

Garaýyşlary[düzet | çeşmäni düzet]

Ynsan we jemgyýet baradaky garaýyşlary[6][düzet | çeşmäni düzet]

Laka görä ynsan jemgyýet hökmünde ýaşamak üçin ýaradylandyr. Laka görä ynsanlar sosialdyr we tebigy taýdan deň we erkindir. Laka görä hiç kimiň başga biri üstünde hökmi ýokdyr, adamlaryň garşylykly ýardamlaşmagy söýgi esaslaryna daýanýandyr. Lak adamlaryň tebigy serhetler içinde isleýşi ýaly hiç kimden rugsat alman ýaşap biljekdigni aýdýar. Laka görä erkinlik bardyr, adamlar erkin ýaşar emma öz janyna kast edip bilmeýşi ýaly başgasynyň janyna-da kast edip bilmez, öz zatlaryny isleýşi ýaly ulanar emma başgasynyň zadyna zeper ýetirip bilmez, başgasynyň zadyny alyp bilmek erkinligi-de ýokdyr. Gysgaça aýdylanda, Laka görä erkinlik bardyr emma bu erkinlik iň gowy, iň peýdaly, iň zyýansyz biçimde ulanylmalydyr. Laka görä tebigy kanun ýagny akyl ähli adamlaryň deň bolan ýerinde her kimiň ýaşaýşyna, erkinligine we emlägine hormat goýmagy emredýär.

Tebigy kanuna eýerilmese näme ediler? Tebigy kanuna eýerilmegini berjaý etmek üçin her kim tebigy kanunlary bozanlary jezalandyrmaga haky bardyr. Jezalandyrma haky garawsyz däldir, etmiş we jeza gatnaşykly bolmalydyr diýýär Jon Lak.

Jon Lak, jeza berilmegindäki maksadyň ýetirilen zeperiň öwezini dolmakdygyny we ýazyklynyň geljekde gaýtadan düzgüni bozma isleginiň ýok edilmekdigini we iň soňky nobatda ýazyk etmäge meýilli başgalaryň bu pikirinden dändirmek bolmalydygyny belläp geçýär.[6]

Syýasy şertnama - döwlet düzgünine geçiş baradaky garaýyşlary[düzet | çeşmäni düzet]

Jon Lak, ynsanlar jezlandyrma haklaryny jemgyýete tabşyran mahaly syýasy jemgyýetiň gurulýandygyny aýdýar.[7]

Syýasy häkimiýetiň maksady we ygtyýarlary baradaky garaýyşlary[düzet | çeşmäni düzet]

Laka görä ynsanlaryň tebigy ýaşaýyş biçimini terk etmeginiň ýeke-täk nedeni howpsyzlyk islegidir. Lak, syýasy häkimiýetiň öz ygtyýarlaryny jemgyýetiň bähbidinden ötä geçirmeli däldigini aýdýar. Lak, hökmürowan güýjüň ýa-da kanun çykaryjy häkimiýetiň jemgyýete etjek hyzmatlarynyň çägi takyk bellidir diýýär: "Raýatuň janyna, emlägine we erkinligine esewan bolmak, içerki we daşarky howpsuzlygy üpjün etmek we halka bähbitli işler amala aşyrmakdyr."[8]

Döwlet we dolandyryş baradaky garaýyşlary[9][düzet | çeşmäni düzet]

Lak dolandyryş biçimlerini kanun çykarma güýjüni elinde tutýan kişä ýa-da kişilere görä kesgitleýär. Eger bir jemgyýet kanun çykarjak agzalary özleri saýlaýan bolsa onda bu demokratiýadyr. Kanun çykarma ygtyýaryny jemgyýet belli bir topara berýän bolsa onda bu aristokratiýadyr ýa-da oligarhiýadyr. Kanun çykarma güýji ýeke-täk kişide bolsa onda bu jemgyýetde monarhiýa bardyr. Kanun çykarma güýji monarha degişli bolsa we ondan soňra onuň mirasçylaryna geçýän bolsa onda bu mirasdar monarhiýadyr, monarhyň ölmeginden soňra onuň ýerine geçjek monarhy saýlama güýji halkda bolsa onda bu saýlawly monarhiýadyr. Lak, jemgyýetiň bu dolandyryş biçimlerinden birini saýlamaga ýa-da ählisini garyşdyrmaga ygtyýary bardygyny belläp geçýär.

Güýçler aýralygy we güýçler arasyndaky gatnaşyk baradaky garaýyşlary[düzet | çeşmäni düzet]

Lak, syýasy häkimiýetiň içindäki güýçleri kanun çykaryjy güýç, ýerine ýetiriji güýç we konfederatif güýç hökmünde 3-e bölýär.

Kanun çykaryjy güýji Lak şeýle kesgitleýär: "Jemgyýetiň goralmagy üçin döwlet güýçlerini nähili ulanmak gerekdigini kesgitleýän häkimiýet. Kanun çykarma güýji üstün, mukaddes we hökmürowan güýçdür, jemgyýet gurulýarka kime berilen bolsa şoňa degişlidir. Bu güýç jemgyýetde her kimiň eýermeli kanunlaryny - düzgünlerini döredýär we döwlet organlarynyň ygtyýarlary öz gözbaşyny bu güýje daýandyrýar we bu güýje tabyndyr."

Lak, kanun çykaryjy güýjüň çäksiz däldigini, garawsyz däldigini belläp geçýär. Garawsyzlygy gabzaýan nämedir? Lak bu soraga şeýle jogap berýär: "Kanun çykaryjylar kişileriň jan, emläk we erkinlikleri babatda islänini edip bilmez. Näme üçin? Sebäbi kanun çykaryjy güýç adamlar jemgyýeti gurýarka özlerinde bolan hak we erkinlik bilen çäklidir, hiç kim özünde bar bolan erkinlikden artykmaç erkinlik berip bilmez."

Lak, kanun çykaryjylaryň çykaran kanunlaryny ýerine ýetirmek üçin bir häkimiýete mätäçdigini, kanun çykaryjylaryň özleri kanunlary ýerine ýetirse özlerini kanundan ýokary görmäge başlajakdygyny aýdýar.

Konfederatif güýçleriň döwletde söweşe we parahatçylyga, beýleki döwletler bilen gatnaşyklary ýola goýma, ähtnamalar baglaşma ýaly ygtyýarlara eýedigini aýdýar Lak.

Kanuny we gaýrykanuny häkimiýet kriteriýalary[10][düzet | çeşmäni düzet]

Lak, jemgyýet tarapyndan birine bagyş edilen häkimiýetiň başga biri tarapyndan zorluk bilen ele geçirilmegini kanuna laýyk däl hasaplaýar. Gaýrykanuny kriteriýalarynyň 2-njisi hökmünde Lak zalymlygy görkezýär. Zalymlygy, häkimiýeti hiç kimiň ygtyýary bolmadyk şekilde ulanmak diýip kesgitleýär Lak. Zalym, häkimiýeti jemgyýetiň bähbidi üçin dälde öz bähbidi üçin ulanan adamdyr diýýär Lak.

Lak, diňe we diňe nähak we kanuny däl güýje garşy zor ulanmak mümkindigini aýdýar. Mundan daşary zor ulanmak jezalandyrylmalydyr diýýär. Mundanam daşary, hökümdaryň buýrugyny ýerine ýetirýärkä hetden aşan ýumuş oglanyna garşy durlup bilinjekdigini belläp geçýär Lak.

Mülkiýet haky baradaky garaýyşlary[11][düzet | çeşmäni düzet]

"Ortak emlägi şahsy eýeçilige geçirýän zat nämedir?" soragyna Lak "zähmet" diýip jogap berýär. Zähmeti bilen tebigatdan bir emläk edinen ynsan ol emlägi öz haýryna geçirendir diýýär Lak. Laka görä her ynsanyň Mülkiýet haky ynsanlaryň mätäçligi bilen çäklendirilendir.

Mertebesi[düzet | çeşmäni düzet]

Lon Lakyň garaýyşlaryna Bastid "18-nji asyryň Mukaddes Kitaby" diýip baha berýär.[12] Amerikan taryhçysy Karl L. Beker ABŞ garaşsyzlyk jarnamasynda Jon Lakyň liberal teoriýa goşan goşantlaryndan ylhamlanylandygyny aýdýar.[13] Jon Lak aýdyňlanma eýýamynyň naýbaşy pähimdary we liberalizmiň atasy hökmünde giňden ykrar edilendir.[1][2][3]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. 1.0 1.1 Hirschmann, Nancy J., Gender, Class, and Freedom in Modern Political Theory, Princeton University Press, Princeton, 2009. p. 79
  2. 2.0 2.1 Sharma, Urmila & Sharma, S.K., Western Political Thought, Atlantic Publishers, Washington, 2006, p. 440
  3. 3.0 3.1 Korab-Karpowicz, W. Julian, A History of Political Philosophy: From Thucydides to Locke, Global Scholarly Publications, New York, 2010, p. 291
  4. Broad, CD (2000), Ethics And the History of Philosophy, UK: Routledge
  5. 5.0 5.1 Stanford Filosofiýa ensiklopediýasynda William Uzgalis tarapyndan taýynlanan Jon Lak makalasy.
  6. 6.0 6.1 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 173-174-nji sahypalar
  7. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 175-176-njy sahypalar
  8. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 176-177-nji sahypalar
  9. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 177-183-nji sahypalar
  10. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 182-184-nji sahypalar
  11. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 184-185-nji sahypalar
  12. Bastid, Ch., J.Locke, Paris 1907, 344-nji sahypa
  13. Becker, Carl Lotus, The Declaration of Independence: A Study in the History of Political Ideas, Harcourt, Brace, 1922, 27-nji sahypa