Jim Carrey

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

James Eugene "Jim" Carrey (1962) Amerikaly aktýor, komediýa, we bagşy ýyldyz, artist.

Hakyky ady: Jeýms Eugene Kerri (James Eugene Carrey).

Dogulan ýeri: Kanada, Ontario, Newmarket

Doglan ýyly: 17.01.1962 (54 ýaşynda)

Maşgalasy: Melissa Womer (1987-1995) Lauren Holly (1996-1997). Iki heleýi bolupdyr we olar bilen hem aýrylyşypdyr.

Meşhurlyk gazandy: 1979.

Sylaglary: Iň gowy erkek oýunçysy - Drama 1999 The Truman Show.

Iň gowy erkek oýunçy - Sahnalaryň wäşisi, gülkünç hereketleri bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. 2000 Man on the Moon.

Jim Kerri 1962-nji ýylda Kanadanyň Ontario şäherinde eneden doguldy. Altyn serpaýlara mynasyp bolan Jim Kerri Kanadanyň wäşi hem şortaçylaryň sahnasynda aýratyn orny eýeledi. Şol wagtlar 1970-nji ýyllaryň ortalarynda Mawy ekeran kinolarynda öz ukybyny synlap gören Kerri, ilkinji gezek 1993-nji ýylda «In Living Color» atly kinoda ussatlarça keşbi janlandyrdy. 1994-nji ýylda bolsa «Ace Ventura: Pet Detective» atly kinoda tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. 1994-nji ýylda Rekord alan The Mask kinosy prokatlara çykaryldy. Şol ýyl Lloyd Christmasyň keşbini janlandyrdy. 1995-nji ýylda bolsa «Betman bakydyr» (Batman forever) filminde The Riddler, ýagny Tapmaçaçynyň keşbini janlandyrdy. Şol ýyl: When Nature Calls filminde hem oýnady. Soňra 1996-njy ýylda Cable Guy we 1997-nji ýylda Liar Liar atly filmlerde gatnaşmagyny dowam etdirdi. 1998-nji ýylda Kerri, sinema we mawy ekeranlarda «Güldüriji, gülkünç adamyň» keşplerini ýerine ýetirmegi goý bolsun edip, The Truman Show (1998), Man on the Moon (1999), The Majestic (2001), Eternal Sunshine of the Spotless Mind (2004) we The Numbers 23 (2007) atly filmlerde drama sahnalary ýerine ýetirdi. Hiç Oskar baýragyny almadyk bolsa-da 3 sany altyn kuboga eýe boldy. Jim Kerri 2004-nji ýylda ABŞ raýatlygyna geçýär we şol ýerlerde ýaşamagyny dowam etdirýär. 2011-nji ýylda wideo ýazgysyna düşüren özünden 26 ýaş kiçi bolan oýunçy Emma Stone bilen söýüşýär.

Gatnaşan kinolary[düzet | çeşmäni düzet]

Once Bitten (1985)

The Dead Pool (1988)

Earth Girls Are Easy (1989)

Ace Ventura: Pet Detective (1994)

The Mask (1994)

Dumb and Dumber (1994)

Batman Forever (1995)

Ace Ventura: When Nature Calls (1995)

The Cable Guy (1996)

Liar Liar (1997)

The Truman Show (1998)

Man on the Moon (1999)

Me, Myself & Irene (2000)

How the Grinch Stole Christmas (2000)

The Majestic (2001)

Bruce Almighty (2003)

Eternal Sunshine of the Spotless Mind (2004)

Lemony Snicket's A Series of Unfortunate Events (2004)

Fun with Dick and Jane (2005)

The Number 23 (2007)

Horton Hears a Who! (2008) (voice)

Yes Man (2008)

I Love You Phillip Morris (2009)

A Christmas Carol (2009)

Mr. Popper's Penguins (2011)

The Incredible Burt Wonderstone (2013)

Kick-Ass 2 (2013)

Dumb and Dumber To (2014)

True Crimes (2016)