Jek Benin Bossue
Bu makalada ulanylan käbir adalgalar akademiki terjimä esaslanmaýar, bular editoryň öz şahsy terjimesi. Bu terminleriň akademiki terjimesini bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly dogry terjimeleri üpjün etmek bilen Wikipediýa ýardam berip bilersiňiz. Gerekli düzeltmeler amala aşyrlansoň bu duýduryşy öçürmegi unutmaň. |
Jek Benin Bossue (Fransuzça ýazylyşy: FransuzJacques-Bénigne Lignel Bossuet) Fransiýaly ýepiskop we ylahyýetçi. 1627-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Fransiýanyň Diža şäherinde doglan, 1704-nji ýylyň 12-nji Aprelinde wepat boldy.[1] 1670 - 79 -njy ýyllar arasynda Fransiýa şasy XIV Luis-yň uly ogly Dofiniň (Dauphin) atabegi hökmünde hyzmat etdi.
Eserleri
[düzet | çeşmäni düzet]- Mukaddes ýazgylaryň sözlerinden ýola çykan syýasat (iňlisçe: Politics Drawn from the Very Words of Holy Scripture)
Garaýyşlary
[düzet | çeşmäni düzet]Ynsan we jemgyýet baradaky garaýyşlary[2]
[düzet | çeşmäni düzet]Bossue Aristotel ýaly ynsanyň jemgyýet içinde ýaşamak üçin ýaradylandygyny bellemek bilen başlaýar "Mukaddes ýazgylaryň sözlerinden ýola çykan syýasat" atly eserine. Ol syýasy we sosiologik garaýyşlaryny Mukaddes Kitaba esaslandyrýar. Ähli ynsanlaryň ýeke-täk maksady taňrydyr we taňry ynsanlary biri-birini söýmäge iterýär. Ähli ynsanlar dogandyr, hiç kim keseki däldir. Ylahy baglara daýanan jemgyýetde parçalanmalar ýüze çykandyr.
Bossuä görä Şol bir dili gürleýän we bir sebiti mesgen tutan emma hyjuwlary tarapyndan tersleşen ynsanlar arasynda bütewilik emele getirmek üçin ählihalk merkezli döwlet gurulmagy zerurdyr.
Syýasy nyzama görä hiç kimiň hiç hili hukugy ýokdur, diňe syýasy häkimiýet tarapyndan bagyş edilen haklary bardyr. Syýasy häkimiýetiň ýok ýerinde anarhiýa ýüze çykjakdygyny aýdýar Bossue. Bossuä görä her kim islänini etmäge meýilli ýerinde hiç kim hiç bir zat edip bilmez, netijede kanuny häkimiýetiň gurulmagy bilen her kim has güýçlener we mülki we jany has asuda bolar.
Hobbesiň tersine Bossue adamzadyň anarhik durmuşy terk etmegini syýasy jemgyýetçilik şertnamasyna baglamaýar. Hobbes döwletiň kanunylygyny jemgyýetçilik sözleşmesine baglaýan bolsa Bossue muny Taňra baglaýar. Bossue häkimiýetiň esasy hökmünde Hristýan pelsepesini jemleýär: "Omnis potestas a Deo." "Häkimiýet Taňrydan gelýär."
Taňrydan gelen häkimiýetiň ýolbaşçylara nähili geçýändigi barada Akwinaly Tomas halk goldawyny öňe sürýänem bolsa Bossue bu barada pozisiýasyny äşgär etmeýär.[2]
Döwlet dolandyryşy baradaky garaýyşlary[3]
[düzet | çeşmäni düzet]Bossue döwlet dolandyryşy biçiminde absolýut monarhiýa tarapdarydyr. Bossuä görä gurulan her häkimiýet gözbaşyny Taňrydan alýandygy üçin Taňrynyň eradasyna laýykdyr we häkimiýetlere boýun egilmelidir. Monarhiýanyň aýratynlyklary babatda şalaryň häkimiýeti ylahydyr - mukaddesdir, absolýutdyr we parasatlydyr. Patyşalaryň häkimiýeti mukaddesdir sebäbi Taňry olary özüniň ýerdäki wekili hökmünde ýere iberendir we olar arkaly höküm edýändir.
Patyşa häkimiýeti ata häkimiýetine meňzär, ýagşy niýetlidir.
Bossue absolýut monarhiýanyň garawsyz häkimiýet däldigini aýdýar. Oňa görä şalar alan kararlary üçin hiç kime hasabat bermäge borçly däldir sebäbi ol Taňry adyna karar berendir. Onuň kararlary barada närazylyk hem bildirilip bilinmez diýýär Bossue.
Bossuä görä patyşalar kanunlaryň döreden mamlalyk gurşawyna eýermelidir sebäbi patyşalar adyl bolmaga mejburdyr, ol raýatlaryna görelde bolmalydyr emma kanunlardaky borçlar we jezalar patyşa üstünde ýörgünsizdir diýýär Bossue.
Bossuä görä patyşanyň häkimiýetiniň üstündäki ýeke-täk gözegçi Taňry gorkusydyr.
Döwlete edilen hyzmat bilen patyşa edilen hyzmat şol bir zatdyr Bossuä görä. Akýürek raýat patyşasyny sylamalydygyny, söýmelidigini we onuň diýenlerine eýermelidigini, betmezligiň diňe patyşa Taňrynyň buýruklaryna gapma-garşy buýruk beren wagty mümkindigini aýdýar Bossue. Patyşanyň dinsiz bolmagy, zulum etmegi oňa görkezilmeli sylag, tabynlyga we söýgä täsir etmeli däldir diýýär Bossue. Zulum garşysynda raýatlaryň homurdamakdan, Taňra nägilelik bildirmekden başga alajy ýokdugyny we patyşa garşy direnmegiň asla mümkin däldigini aýdýar Bossue.
Salgylanmalar
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ Jek Bossueniň Britannika Ensiklopediýasynyň 11-nji neşirindäki Nortkot Stafford Henry tarapyndan ýazylan biografiýasy. 287 - 289-njy sahypalar.
- ↑ 2.0 2.1 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 166-168-nji sahypalar
- ↑ Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 168-172-nji sahypalar
|