Uatt Žeýms
Uatt Žeýms (James Watt), (19.1.1736, Grinok, Şotlandiýa – 19.8.1819, Hitfild, Angliýa) – şotland oýlap tapyjysy, uniwersal bug maşynyny dörediji, Londonyň korollyk jemgyýetiniň agzasy (1785). 1757-nji ýyldan Glazgo uniwersitetinde işläp, suw bugunyň häsiýetlerini öwrenýär. 1763-1764-nji ýyllarda ol T. Nýukomeniň bug maşynynyň modelini kämilleşdirmegiň üstünde işleýär. Ol 1774-nji ýylda Nýukomeniň maşynyndan 2 esse netijeli bug dwigatelini gurnaýar. Dwigateli işletmek üçin Uatt merkezden gaçýan regulýatory hem-de geçiriji mehanizm hökmünde balansir goýmak bilen walyň aýlanyş ýygylygyny iki esse artdyrýan planetar geçirişi ulanýar. Uatt şu maksat üçin ilkinji gezek indikatory döredýär. Silindrde buguň işini jikme-jik barlaýar. Ol kuwwatyň birinji birligi bolan at güýjüni girizýär. Uattyň bug maşyny tygşytlylygy üçin maşyn önümçiligine geçmekde uly rol oýnaýar.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 9, sah.86