Mazmuna geçiň

Inflýasiýa nämedir

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Dünyade inflýasiýa (2019)

Inflýasiýa(iñlis dilinde: inflation,türk dilinde enflasyon),nyrhlaryñ(bahalaryn) derejesiniñ satylýan zatlarda we hyzmatlarda dowamly we belli boljak şekilde, belli bir wagt aralygynda artmasydyr. Kesgitlemede bellenişi ýaly inflýasiýa hasaplanada ýeke bir harydyñ nyrhyndaky artyş dälde eýsem bütin haryt nyrhlaryndaky artyş göz öñünde tutylmalydyr. Başgaça aýdanda inflýasiýa,haçanda nyrhlar ýokary galanda, elimizde bar bolan pul bilen az haryt almakdyr. Mysal üçin geçen ýyl 1 çöregiñ bahasy 1 manat bolsa, bu ýyl çörek nyrhy 1,5 manada çyksa(nyrhda artyş), elimizäki manadyñ satyn alma güýji, geçen ýyl bilen deñeşdirenimizde azalandyr. Gysgaça inflýasiýa, elimzde bar bolan haýsydyr bir pulyñ(walýuta) satyn alma güýjiniñ azalmagy hökmünde düşündürülse hem ýerlikli bolar. Inflýasiýanyñ tersi bolsa deflýasiýadyr.

  • Inflýasiýanyñ nähili emele gelýär?

Nyrhlar,bir ýurdyñ bazarynda bar bolan bütin harytlar we dolaşymynda bolan bütin pullary(walýutalar) arasynda bar bolan deñlikden emele gelýändir. Eger bir ýurtda dolaşykda bolan pullar artdyrylsa(mysal üçin merkez banky täze 100 milýon pul dolanşyga goşsa), ýöne bütin harytlar we hyzmatlar sanynda hiç hili artyş bolmasa, az bolan haryt we hyzmatlaryñ nyrhy ýokary galar.Şeýlelik bilen inflýasiýa emele geler. Mysal üçin 1-nji Dünýä söweşinden soñra (1923-de) Germaniýada haryt we hyzmat önümçiligi sanlarynda artyş bolmaýar, yöne Germaniýa merkez banky durmadan dolanşyga pul goşýar, şeýlelik bilen ýanwar 1923-de 1 çörek bahasy 250 Mark wagty, 1923 noýabr aýynda 1 çörek bahasy 200000000 Mark bolýar(bazarda çörek önümçiligi artmaýar, emma bazarda pul artýar). Germaniýadaky bolan bu nyrh artyşy inflýasiýa gowy mysaldyr.Inflýasiýanyñ[1] Inflýasiýanyñ hem zyýanly, hemde peýdaly tarapy bardyr.

Germaniyada Inflýasiýa(1965-2013
  • Inflýasiýanyñ zyýanlary nämelerdir?
  1. Ýokarda belläp geçilişi ýaly inflýasiýa, elimizde tutýan pulymyzyñ satyn alma güýjini azaltýar.
  2. Geljekde pulymyñ satyn alma güýji azalar diýen adamlar gelejek üçin inwestiýa we maýa goýym ýapmakdan gaçynyp, elindäki bütin puly häzirki wagtda harjaýarlar.Bir döwletde inwestiýa we maýa goýum azalan wagty,ol döwlet daşary ýurtdan karz pul almaly bolýar.
  3. Inflýasiýanyñ dowamly artmasy, ol ýurtda haryt we hyzmat önümçiliginiñ gowy derejede artmaýandygynyñ alamatydyr.
  • Inflýasiýanyñ peýdalary nämelerdir?
  1. Birinji bilen pulynyñ gelejekde satyn alma güýjiniñ azaljagyny bilen adamlar, häzirki wagtda pulyny harjama we inwestiýa üçin aýyrýarlar. Bu bolsa önümçilikdäki harytlaryñ we hyzmatlaryñ satylmasy üçin gowy pursatdyr.
  2. Inflýasiýa karz ýada bergli bolan adamlar üçin käbir peýdasy bardyr. Mysal üçin puly 1o ýyl içinde(her ýyl 10 müñ dollardan) bermek şerti bilen şu gün bir öýi 100 müñ dollara satyn alan adam, inflýasiýa bilen gazançly bolýandyr, sebäbi 10 ýyl soñky 100 müñ dollaryñ satyn alma güýji häzirki 100 müñden azdyr.
  3. Inflýasiýa ,nominal bank prosentlerini hemişe nol prosendiñ üstünde tutýandyr, şeýlelik bilen Merkez banklary ykdysdyýeti ýokary galdyrmak üçin bu prosentleri azaldyp bilýändirler.
  4. Bir döwlet üçin inflýasiýa, işsizlik sanyny azaltmak üçin kömek edýän bir guraldyr.
  • Inflýasiýa nähili hasaplanýar?

Birinji bilen Alyjy nyrhy indeksi esas ýyly(CPI index) hasaplanmaly.Nädip hasaplanýar?

  1. Mysal üçin 2000-nji ýylda 1 çörek(haryt sebedi) 1.00 dollar bolsa.2000-nji ýyl biziñ başlangyç ýylymyz bolany üçin esas ýylymyzdyr we bu ýylda baha indeksimiz 100-dir.
  2. 2001-nji ýylda 1 çörek bahasy artyp 1.25 dollar bolanda, biziñ baha indeksimiz 125 bolandyr.(2000-e görä 25% gymmatlady).
  3. 2002-nji ýylda 1 çörek bahasy ýene artyp 1.31 dollar bolanda, biziñ baha indeksimiz 131 bolandyr.(2000-e göra 31% gymmatlady).
  4. Biz bulary 5 ýyl hasaplanymyzda netije şeýledir:
Ýyl Alyjy baha indeksi(CPI index)
2000 100
2001 125
2002 131
2003 133
2004 137
  • Alyjy Baha İndeksi hasaplanadan sonra inflýasiýa hasaplanmasyna geçilýär.
  • Formulamyz: ((Soñky ýyl alyjy baha indeksi - başlangyçdaky ýyl alyjy baha indeksi ):(Başlangyçdaky ýyl alyjy baha indeksi))x100=? şekilindedir.
  • Mysal üçin ýokardaky alyjy baha indekslerinden 2003 we 2004 ýyllary arasyndaky çörekdäki inflýasiýany hasaplanymyzda:
  • ((137-133):133))x100= 3% inflýasiýa.
  • Bu ýerde Soñky ýyl alyjy baha indeksi=137(2004) we başlangyçdaky ýyl alyjy baha indeksi=133(2003

). [2]

  • Käbir inflýasiýa görnüşleri
  1. Giperinflýasiýa: Inflýasiýanyñ ýyllyk iñ az 50% we iñ köpde 13000% bolmagydyr. Ýokarda beren Germaniýadaky nyrhlarda artyş mysalymyz bir "giperinflýasiýadyr".
  2. Hronika inflýasiýa: bu inlýasyýa görnüşinde,artyş prosendi azdyr ýöne uzak wagtlap artmagyny dowam etdirýändir.
  3. Näbelli inflýasiýa: 3%-8% arasyndaky inflýasiýadyr.
  4. Tiz gidýän inflýasiýa:25%-80% arasyndaky inflýasiýadyr.[3]
  1. http://www.bbc.co.uk/schools/gcsebitesize/history/mwh/germany/crisis1923rev_print.shtml
  2. http://www.rateinflation.com/inflation-information/calculate-inflation
  3. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2015-09-06. Retrieved 2015-08-23.