Mazmuna geçiň

Indeýler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Indeýler Amerikanyň ýerli ilatynyň umumy ady (eskimoslardan we aleutlardan başgasy). Bu at ilkinji deňizde ýüzüjileriň (15 asyryň aýagynda H. Kolumb we b.) Atlantik okeanyň aňyrsynda açan ýerlerine Hindistan diýip ýalňyş düşünmeklerinden gelýär. Indeýler antropologik gurluşy taýdan amerikan jynsyna degişli. Amerikadaky indeýleriň umumy sany takmynan 30 milliondan gowrak (1960). Indeýleriň dil bölünşigi örän köp. Olaryň dili entek ylmy taýdan kadaly öwrenilmändir. Indeýleriň dini ynançlary boýunça geçmişde dürli urug-taýpa kultlarynda (şamanism, totemizm galyndylary we.b) uýmak bolupdyr. Häzirki indeýlerde şol kultlar hudaýlar hökmünde Amerikanyň diňe barmasy kyn we çet sebitlerinde ýaşaýan taýpalarda saklanyp galypdyr. Indeýleriň köpüsi hristiançylygy: Günorta Amerikada, esasan, katolizmi, Demirgazyk Amerikada ýaşaýanlaryň aglabasy bolsa protestantizmiň dürli mezheplerini kabul edipdirler. Indeýleriň we eskimoslaryň ata-babalary 30-20 müňýyllyklarda demirgazyk-gündogar Aziýadan Bering bogazynyň üsti bilen Amerika göçüp barypdyrlar diýip çak edilýär. Amerikanyň ýewropalylar tarapyndan koloniýalaşdyrylyp ugralmagy bilen (16-njy asyrdan başlap), indeýleriň durmuşynda düýpli özgerişikler bolup başlaýar. Ýewropa kolonizatorlary indeýleriň tebigy ösüşini togtatmaga çalyşýarlar. Kolonizatorlar demirgazyk Amerikada indeýleriň köpüsini garypdyrlar, ep-esli bölegi bolsa ABŞ-nyň we Kanadanyň rezerwasiýalaryna göçürilipdir. Diňe materigiň çet demirgazygyndaky ýerli indeýler ýarym çarwa durmuşynda ýaşaýarlar, ABŞ-daky indeýleriň köp bölegi amerikanlar bilen assimilleşip Amerikanys şäher we oba proletariatynyň hem-de garyp fermerleriniň hataryna goşulýarlar. Latyn Amerikasyndaky (West-Hindistan, Urugway, Argentina) indeýleriň köp taýpalary gyrlypdyr. Indeýleriň diňe az bölegi Amazonka derýasynyn basseýniniň çet ýerlerinde öz medeni-durmuş gurluşyny saklapdyr. Latyn Amerikasyndaky birnäçe ýurtlaryň häzirki milletleriniň (meksikanlaryň, paragwaýlaryň, peruanlaryň) we beýlekileriň emele gelmeginde indeýler olaryň esasy düzüm bölegi bolýar. Birnäçe döwletlerde ispan dili bilen birlikde indeýleriň dili hem ulanylýar (ýagny-keçýa-Peruda, Boliwiýada, Ekuadorda, guarani- Paragwaýda ikinji resmi dil hasap edilýär.). Indeýleriň dünýä medeniýetine goşan goşandy uludyr. Indeýler ajaýyp arhitektura ýadygärliklerini, şekillendiriş sungatyny, şahyrana halk döredijiligini döretdi.