Inçekesel

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Inçekesel (lat. tuberculum — tümmejik) – iň gadymy we giňden ýaýran keselleriň biridir. Onuň şeýledigine, Müsürde tapylan adam süňklerindäki inçekesele mahsus alamatlar hem güwä geçýär. Gadymy asyrlaryň lukmanlary bu keseli öwrenip, näsaglan adamyň gaty horlanýanlygyny belläpdirler. Olar ony “ftiza“ diýip atlandyrypdyrlar (grekçe-hoplanma, dargama). Bu sözden hem “ftiziatriýa“- inçekeseli öwrenýän ylmyň ady gelip çykypdyr. Keseliň alamatlary barada maglumaty Gippokratyň, Galeniň, Awisennanyň işlerinde tapyp bolýar. Inçekeseliň dürli görnüşlerini öwrenmekde Laennegiň, N. I. Pirogowyň, A. I. Abrikosowyň, G. A. Zahariniň, A. A. Ostroumowyň geçiren işleri ulydyr. 1882-nji ýylda nemes alymy Koh inçekeseli dörediji taýajygy açyar. Soňundan oňa Kohyň taýajyklary diýen at berilyär. Öýken inçekeseli hem şol taýajyklar arkaly döräp, ol inçekesel tümmejikleriň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Inçekesel başga agzalara hem (süňklere, bogunlara,böwreklere, limfa düwünlerine, jyns agzalaryna) zyýan ýetirip bilýär. Inçekesel taýajygy daşky gurşawda gaty durnukly bolup, esasan çyg we garaňky jaýlary gowy görýär. Gün şöhleleri, ýokary temperatura we dezinfeksiýa erginleri ony birnäçe minutdan öldürýär. Inçekesel taýajygy göteriji näsag adam ony töweregindäkilere ýokuşdyryp bilýär. Adamdan adama geçme howa- damja ýoly bilen, näsagyň zatlary (el ýaglygy, eşikleri, gap-gaçlary) arkaly bolup biler. Aşgazan-içege ýollarynyň inçekeseli keselli sygyrlaryň süýdi arkaly döräp biler. Näsag geplände, üsgürende, asgyranda taýajyklar howa arkaly ýaýrap, sag adamynyň öýkenine düşüp biler. Näsagyň gakylygy guranda hem, olardaky taýajyklar tozanjyklar arkaly sag adamynyň dem alyş ýollaryna düşüp biler. Inçekesel taýajyklary bedene düşende allergiki täsiri ýüze çykyp, bedeniň oňa bolan goraglylygy döreýär. Barlaglaryň görkezişi ýaly, inçekesel bilen keselleme howpy, bedeniň goragly güýçleri pes wagtynda, oňa garşy waksinasiýa almadyk adamlarda uludyr. Inçekesel bilen keselçilik jemgyýetiň sosial derejesine, saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýyna, onuň ylmy-tehniki bazasyna baglydyr. Ilatyň hal ýagdaýy näçe pes boldugyça, inçekesel bilen keselçilik şonça-da artýandyr. Aýallara garanyňda, 30-40 ýaşly erkek adamlar inçekesel bilen kän keselleýändirler. Özi hem olarda keseliň agyr görnüşleri duş gelýändir. Inçekesele durgunlylyk çagalyk we ýetginjeklik döwründe pes bolup, uly adamlarda ol ýokarydyr. Ýöne öňüni alyş çärelerini geçirmek we waksinasiýa bu tapawudy aradan aýyrdy. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, inçekeseliň esasy häsiýetlendirmesi-bu emele gelýän daşy gaty örtükli tümmejikdir. Keseliň ýitileşmegi bilen ol tümmejik ýumşap, dargap başlaýar. Eger bedeniň gorayjy güýçleri keselden üstün çykyp bilse, onda tümmejigiň ýerinde tyg galýar. Eger kesel dowam etse, onda gan damarlarynyň üsti bilen dargan bölejikler, şolar bilen bile Kohuň taýajyklary hem başga agzalara ýaýrap başlaýar. Keseliň irki döwründe kliniki alamatlar kän bir ýüze çykarylmaýar. Ony diňe rentgen barlagy arkaly ýüze çykaryp bolýar. Näsaglary ysgynsyzlyk, ýadawlylyk, işdäniň kemelmegi, horlanma biynjalyk edip biler. Bu bolsa bedeniň zäherlenip başlanmagynyň alamatlarydyr. Wagtyň geçmegi bilen has aýdyň alamatlar ýüze çykýar:

  • üsgürme;
  • gakylygyň bölünip çykmagy;
  • ganly gakylyk çykarma;
  • bedeniň temperaturasynyň galmagy;
  • aşa derlegenlik,
  • demi gysma;
  • horlanmak;
  • aşgazan-içege ulgamynyň işiniň üýtgemegi.

Näsagyň umumy ýagdaýyna, inçekeseliň görnüşine, gaýraüzülmelerine baglylykda bejergi ýöriteleşdirilen inçekesel keselhanalarynda ftiziatr-lukmanlary tarapyndan berilýändir. Näsaglar bejergi geçirlenden soň, uzak wagtlap dispanser gözegçiliginde saklanylýar. Inçekesellä bejergini inçekesele garşy ýörite dermanlaryň birnäçe utgaşmasy bilen lukmanyň berk gözegçiligi astynda geçirilýär. Ýörite görkezmeler boýunça hirurgiki bejergi hem geçirilýär. Inçekeseliň öňüni almakda, keseli irki döwründe anyklamakda ýörite çäreler toplumy geçirmek hökmandyr:

  • Dem alyş ýollarynyň dowamly kesellerini öz wagtynda bejermek;
  • Inçekesel keselhanalarynda näsaglary hasaba alyp, bejeriş işlerini geçirmek, gözegçilikde saklamak;
  • Inçekeselli näsaglara hususy gigiýenanyň kada-düzgünlerini berjaý etmegiň zerurlygyny nygtamak, keseliň aktiw fazasynda näsagy üzňelikde saklamak (izolirlemek);
  • Köpçülikleýin barlag çärelerini geçirmek – ýylda bir gezek geçirilýän flurografiýa barlagy inçekeseli irki döwründe anyklamaga kömek edýär;
  • Öňüni alyş waksinasiýany meýilnama boýunça geçirmek.