Ikinji Jahan Urşy
Meýilnama:
- Ikinji jahan urşunyň başlanmagynyň sebäpleri, Urşuň häsiýeti.
- Faşistik Germaniýanyň basybalyjylyk hereketleriniň güýçlenmegi.
- Germaniýa garşy harby bileleşigiň döredilmegi.
Birinji jahan urşunyň jemini jemlän Wersal-Waşington şertnamalar ulgamynyň diňe ýeňen döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmagy netijesinde, ýeňilenleriň özlerini kemsidilenler hasaplamagy, ahmyrçyl faşistleriň göreş meýdançasyna çykmagyna getirdi. Şeýlede muňa dünÿä krizisi täsir etdi Germaniýada faşistleriň häkimiýet başyna gelmegi bilen uruş taglymaty döwlet syýasatyna öwrüldi.
Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň dünýä kartasyna öz ýurtlarynyň bähbitlerine özgertmek islegleri, Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ ýaly ýurtlaryň öňki ýagdaýlaryny saklamaga synanyşmaklary netijesinde dörän gapma-garşylyklar ikinji jahan urşuna getirdi. Parahatçylyk söýüji demokratik döwletler we dünýä jemgyýetçiligi urşa garşy agsybir göreşi gurap bilmediler.
Ikinji jahan urşunyň başlanmagynyň gönüden göni sebäpkärleri bolan faşistik, uruşparaz döwletleriň ýolbaşçylary demokratiýany ýok etmegiň, jynsparazlyga we milletçilige esaslanýan “gün-güýçliňki”düzgüniniň dikeldilmeginiň tarapdarlarydy. Eger-de uruşda Germaniýanyň ýolbaşçylygyndaky faşistik toparlanyşyk ýeňen bolsa, onda adamzat nesli üç iň uly adalatsyzlyk döwri başlanardy. Şonuň üçin faşistik basybalyjylara garşy göreşen halklaryň alyp baran urşy adalatly uruşdyr.
Germaniýanyň Polşanyň üstüne çozmagy. Urşuň başlanmagy.
1939-njy ýylyň 1-nji Ruhnama aýynda daňdan 4 sagat 45 minutda Germaniýa uruş yglan etmezden Polşanyň üstüne çozdy. Beýik Britaniýa we Fransiýa 3-nji Ruhnama aýynda Polşany goldap, Germaniýa garşy uruş yglan etdiler. Ikinji jahan urşy başlandy.
Polşanyň halky gowy ýaraglanan we san taýdan agdyk bolan german basybalyjylaryna garşy, ýurdunyň garaşsyzlygy ugrunda gahrymanlarça göreşdiler. Güýçleriň deň däldigi sebäpli iki hepde-de 12-nji Ruhnama aýyna çenli polýak goşunlarynyň guramaçylykly garşylygy bes edildi. 16-njy Ruhnama aýynda Polşanyň paýtagty-Warşawa german goşunlary tarapyndan gabaldy.
Germaniýanyň daşary işler ministry Ribbentrop SSSR-e haýal etmän Polşa goşun girizmegi teklip etdi. 1939-njy ýylyň 28-nji Ruhnama aýynda Moskwada “dostluk we serhetler hakynda” sowet-german şertnamasyna gol çekildi. Günbatar Ukrainany we Günbatar Belorussiýany, SSSR basyp aldy. Şeýlelikde, Polşanyň özbaşdaklygy ýok edilip, onuň meýdany germaniýa we SSSR tarapyndan paýlaşyldy.
1939-njy ýylyň güýzünde Germaniýa we SSSR sazlaşykly basybalyjylykly daşary yurt syýasat alyp bardylar.
Beýik Britaniýa we Fransiýa Germaniýa garşy resmi uruş yglan etselerde hiç-hili harby hereketleri alyp barmadylar. Olar Germaniýanyň SSSR-iň üstüne çozmagyna entegem bil baglaýardylar. Olar Germaniýa bilen gepleşikler ýoly bilen ylalaşmak isleýärdiler. Olaryň Germaniýa garşy uruş yglan edip, urşa iş ýüzünde goşulmazlygy “geň uruş” ady bilen taryha girdi. Emma Germaniýa Beýik Britaniýa we Fransiýanyň döwlet baştutanlarynyň pikiriniň tersine Polşany basyp alandan soňra, gyssagly ýagdaýda esasy harby güýçleri Günbatara geçirip başlady.
SSSR-iň basybalyjylykly harby hereketleri. SSSR sowet-german gizlin ylalaşygy boýunça hereket edip, Estoniýa, Latwiýa we Litwa ýaly ýurtlarda zorluk bilen öz goşunyny ýerleşdirdi. 1939-njy ýylyň 5-nji Garaşsyzlyk aýynda Finlýandiýadan häzirki Sankt-Peterburgyň golaýyndan geçýän döwlet serhedini birnäçe kilometr yza çekmegi talap etdi. SSSR-iň bahanasy-da fin serhediniň Sank-Peterburga gaty golaý(32 km) ýerleşýänligidi. Finlýandiýa SSSR-iň talabyny kanagatlandyrmady. Ol SSSR-iň serhet ýaka sebitlerinde harby tälim okuwlaryny geçirip, SSSR-e garşy urşa taýýarlyga başlady.
1939-njy ýylyň 30-njy Sanjar aýynda SSSR Finlýandiýa garşy urşa başlady. Finler watanyny gahrymanlarça goradylar. Finlýandiýany Beýik Britaniýe hem Fransiýa goldady. Hat-da olar SSSR-e garşy urşa başlamagy hem ara alyp maslahatlaşdylar. SSSR basybalyjy hökmünde Milletler ligasyndan çykaryldy. SSSR-iň halkara abraýy peseldi.Bütin dünýäniň kommunistleri SSSR-iň uruşparazlygyny düşündirmäge söz tapman kyn güne galdylar.
Sowet harby ýolbaşçylarynyň pikiriçe fin urşy 2-3 hepde dowam etmelidi. Emma uruş 105 gün dowam etdi. Deňeşdirme üçin ýekeje mysala ýüzleneliň: Germaniýa Günbatar we merkezi Ýewropa ýurtlaryny basyp alanda jemi kyrk ýarym müň esgerini ýitirdi.
1940-nji ýylyň 12-nji Nowruz aýynda sowet-fin şertnamasy baglaşyldy. Finlýandiýanyň birnäçe ýerleri SSSR tarapyndan eýelenildi. Emma Finlýandiýa doly basylyp alynmady. Ol özbaşdak döwlet hökmünde ýaşady. Ýöne fin urşy sowet-fin dostlugyny gowşatdy we Finlýandiýanyň Germaniýa bilen ýakynlaşmagyna sebäp boldy.
Sowet-german ylalaşyklaryna bil baglap, SSSR Latwiýa, Litwa, Estoniýa döwletlerine zor salyp başlady. Pribaltika ýurtlaryndaky Sowet goşun bölümleriniň sany artdyryldy. Gyzyl Goşunyň girizilmegi we SSSR-iň zor salmagy bilen Pribaltika döwletleriniň baştutanlary häkimiýetden çetleşdirildi. Bu ýurtlarda häkimiýet başyna kommunistler getirildi. Bu wakalara “rewolýusiýa”diýip atlandyryp, bir aýdan soňra -1940 –nji ýylyň gorkut Alp-Arslan aýlarynda olar SSSR-iň düzümine “meýletin”girdiler. Emma iş ýüzünde SSSR ol ýurtlary basyp alypdy. Garşylyk görkezen pribaltikaly watançylar rehimsizlik bilen jezalandyrylypdy.
1940-nji ýylyň 26-njy Oguz aýynda SSSR Rumyniýa hökümetinden Bessarabiýanyň we Demirgazyk Bukowinanyň gürrüňsiz berilmegini talap etdi. Rumyniýa SSSR-den gorkup, talaby ýerine ýetirdi. Iki günden soňra Sowet Gyzyl Goşuny Bessarabiýa we Demirgazyk Bukowina girizilýär. Ol ýerlerde sowet häkimiýeti döredilýär. Ol ýerde Moldawiýa Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilendigi (MSSR) jar edilýär. MSSR 1940-njy ýylyň 2-nji Alp-Arslan aýynda SSSR-iň düzümine girizilýär.
SSSR Germaniýa bilen gizlin ylalaşyklarda ozone berlen Gündogar Ýewropa ýerlerini basyp almagyny tamamlaýar.
Günbatardaky harby hereketler.
Polşany basyp alandan soňra Germaniýa 1940-njy ýylyň ýazynda Günbatarda uruş hereketlerine başlady. Ilki ol Daniýa we Norwegiýa garşy uruş alyp bardy. Daniýanyň karoly öz goşunlaryna garşylyk görkezmezlik barada buýruk berip, dessine boýun egdi.
Norwegiýada german goşunlary güýçli garşylyga duçar bolandygyna garamazdan 50 günüň dowamynda ol basylyp alyndy. Beýik Britaniýa we Fransiýanyň Norwegiýa ýollan goşun bölümi-de derbi-dagyn edildi.
1940-nji ýylyň 10-njy Magtymguly aýynda Gollandiýa, Belgiýa, Fransiýa, garşy Germaniýa urşa başlady. Beýik Britaniýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy N.Çemberlen basybalyjyny “köşeşdirmek” syýasatynyň gutarnykly puja çykandygyna göz ýetirip, wezipesinden boşadylmagyny haýyş etdi. U.Çerçelliň ýolbaşçylygynda taze hökümet düzüldi. Onuň hökümeti Germaniýa garşy urşa taýýarlanyşygy güýçlendirdi.
Uinston Çerçill (1874U-1965ý.ý). Ejesi amerikan bolan Uinston abraýly iňlis maşgalasyndan gelip çykypdyr. Ilki öýünde, soňra Askot we herroudaky ýapyk mekdeplerde bilim alypdyr. Iňlis harbylaryny taýýarlaýan abraýly okuw jaýyny – Sandherstdäki harby uçilişäni tamamlaýar we harby gullukçy bolup işe başlaýar. Dessine syýasata baş goşýar. 1900-nji ýylda parlamente saýlanýar. Onda žurnalistik we dilewarlyk talanty güýçli bolupdyr. Ol hatda romanam ýazypdyr. Şonuň üçin 1953-nji ýylda oňa edebiýat boýunça Nobel baýragynyň berilmegini geň görüp oturasy iş ýok. Beýik Britaniýanyň premýer-ministrligine saýlanýança ol deňiz, harby, maliýe ministrleriniň kürselerini eýeläpdi. Çerçil basybalyjyny “köşeşdirmek” syýasatyna garşy Beýik Britaniýanyň harby kuwwatyny artdyrmagyň tarapdarydy.
Germaniýanyň harby güýçlerine garşy uzak goranyp bilmän 14-nji Magtymguly aýynda Gollandiýa, 28-nji Magtymguly aýynda Belgiýa uruşda ýeňilendiklerini boýun aldylar. Fransiýanyň demirgazygynda 340 müň adamly iňlis-fransuz goşunynyň daşy gabalyp, esgerleriň bir bölegi wepat boldy, galany Beýik Britaniýa gaçmagy başardy. Italiýa Germaniýanyň tarapynda durup, Beýik Britaniýa we Fransiýa garşy urşa goşuldy.
Fransiýanyň goşuny Germaniýa düýpli garşylyk görkezmegi başarmady. Ähli iri söweşlerde fransuzlar ýeňildiler. 1940-njy ýylyň 14-nji Oguz aýynda hiç-hili söweşsiz taşlanylyp gidilen Pariži german goşunlary eýeledi. Taryhda birnäçe gaýtalanaýýan wakalar bolýar. Bu gezegem “Gülme goňşyňa, geler başyňa” diýen halk pähimi üstün çykdy. Fransiýanyň hökümeti 1940-njy ýylyň 22-nji Oguz aýynda Kompýen tokaýynda (1918-nji ýylda Germaniýanyň birinji jahan urşunda ýeňilendigi boýun alan ýerinde) uruşda ýelilendigini baýun aldy. Fransiýanyň üçden iki bölegini we Pariži Germaniýa eýeledi. Wişi şäherindäki Fransuz hökümeti German faşistlerine ägirt uly tölegler tölemäge mejbur edildi. Bu hökümete F.Peten ýolbaşçylyk edýärdi. Peten Germaniýanyň ähli talaplaryny berjaý etdi. Fransiýa uruşda ýeňilse-de, fransuz halkynyň garşylygyny doly basyp ýatyrmak faşistlere başartmady.
Fransuz halkynyň faşistlere garşy göreşine Beýik Britaniýada ýerleşen general Şarl de Golluň ýolbaşçylygyndaky “Azat Fransiýa” atly watançy gurama ýolbaşçylyk edýärdi.
Faşistik Germaniýa Fransiýany ýeňenden soňra ähli güýji bilen Beýik Britaniýa garşy howa hüjümine başlady. Ol 1940-njy ýylyň Gorkut aýyndan başlap güýze çenli dowam etdi. Howa çozuşyna 2.5 müň çemesi german harby uçarlary gatnaşdy. Beýik Britaniýanyň ençeme şäherleri tozduryldy. Emma Beýik Britaniýa Germaniýanyň öňünde dyza çökmedi.
ABŞ urşuň başynda bitaraplygyny jar etse-de indi faşizme garşy göreşýän güýçleri goldap başlady. 1941-nji ýylyň Nowruz aýynda amerikan kongresi lend-liza baradaky kanuny tassyklady. Oňa laýyklykda ABŞ faşizma garşy göreşýän döwletlere ýaraglary we enjamlary karzyna ýa-da kärendesine bermäge borçlanýardy. Emma entek Ewropadaky uruş hereketlerine goşulmaýardy.
Afrikada we Orta ýer deňzi sebtindäki uruş. Afrikadaky uruş hereketleri esasan iňlis we italýan goşunlarynyň arasynda alnyp baryldy. Somaliniň bir bölegi we Liwiýa Italiýanyň gol astyndady. Hut şol ýerlerde urşa taýýarlanyp, 1940-njy ýylyň Ruhnama ýaynda italýan goşuny Müsüri, Sues kanalynyň sebitini, Sudany we Keniýany eýelemäge synanyşdy. Synanyşyk şowsuz gutardy. Iňlisler italýanlara garşy ýerli halky ulanyp ýeňiş gazandylar. Afrikada Sues kanaly sebitini basyp almak maksady bilen Germaniýa italýan goşunlaryna kömege geldi. Emma german-italýan bileleşigi Sues kanaly sebtini basyp alyp bilmedi.
Balkanlardaky uruş. Germaniýanyň Beýik Britaniýa garşy eden howa hüjümi garaşylýan netijäni bermänden soňra Balkanlardaky uruş başlapdy. Gitler Balkanlarda ornaşyp, SSSR-i ilki derbi-dagyn edip, soňra Beýik Britaniýany boýun egdirmek barada buýruk berdi. Italiýa Albaniýanyň üsti bilen Gresiýa garşy urşa başlady.
Gresiýanyň watançylygyna iňlis goşuny kömege geldi. Şeýle şertlerde Germaniýa hem Bolgariýanyň üsti bilen 1941-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Ýugoslawiýa we Gresiýa garşy urşa başlady we şol aýda olaryň ikisinide boýun egdirdi.
Şeýlelikde 1941-nji ýylyň ýazynda Ýewropa tutuşlygyna diýen ýaly faşistler tarapyndan eýelendi.