Ikiganatlylar ýa-da siňekler otrýady

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýokary gurluşly mör-möjekleriň ýa-da ganatly mör-möjekleriň kiçi klasynyň otrýadlarynyň içinde siňekler otrýady ýeke-täk ikiganatlylardyr. Siňekleriň kükreginiň ortaky bognuna arka tarapyndan bir jübüt perde ganat birleşýär. Olaryň kellesi, esasan, togalak bolup, oňat hereket edýär. Kelläniň öň tarapynda iki sany örän uly, çylşyrymly gözi bolýar. Siňekleriň agyzlary ýalaýjy, sanjyjy-sorujy, kesiji-sorujy we gemriji görnüşde bolýarlar. Siňekleriň liçinkasy aýaksyz we yz taraplary uçly, ak reňklidir. Olaryň ösüşi doly öwrülişli bolup, gurjak piläniň içinde bolýar. Siňekler örän köp görnüşli we ýokary gurluşly mör-möjeklerdir. Olaryň dünýä boýunça 150 müňden gowrak görnüşi belli. Türkmenistanda siňekleriň maşgalalarynyň hemmesi gyradeň öwrenilmedik. Olaryň görnüşleri 700-den gowrakdyr. Öý siňegi. Jyns taýdan ösüp ýetişen öý siňekleri ganatly, agyz synasy ýalaýjy, gözleri has uly, bedeni tüýler bilen örtülen. Olar organiki maddalar bilen iýmitlenýärler. Öý siňekleri ýaşaýyş jaýlarymyzda dürli iýmitler bilen, zir-zibillere taş lanylan iýmit galyndylary bilen iýmitlenýärler. Urkaçy siňekler ir ýazdan güýzüň ahyryna çenli zir-zibilhanalara köp ýumurtgalar taşlaýarlar. Ýumurtga lardan akja, iki tarapy uçluja, aýaksyz liçinkalar (gurtlar) çykýarlar. Olar organiki maddalar bilen iýmitlenýärler. Gurjakda doly öwrülişik geçip, ondan ganatly uly siňek emele gelýär. Siňekler ýylyň bütin maýyl döwründe dyngysyz köpelýärler. Öý siňegi örän zyýanly, çünki ol içgeçme, garahas sa ýaly keselleri adamlara geçirýär. Şonuň üçin öý siňegini we onuň liçinkalaryny gyrmaly. Zir-zibilleri ýok etmek üçin, himiki zäherli maddalary ulanmak bilen öý siňegine garşy göreşilýär.

Gögeýin[düzet | çeşmäni düzet]

Olar öý siňegine garanda uludyr. Gögeýinleriň iýmitleniş ulgamy ösüşden galany sebäpli, olar iýmitlenmeýärler. Gögeýinleriň diňe liçinkalary (gurtlary) iýmitlenýärler. Gögeýinlerden deriasty gögeýin, burundamak gögeýini we beýni gögeýini oba hojalyk mallary üçin gaty zyýanly hasaplanýar. Mysal üçin, deriasty gögeýiniň liçinkasy ownuk we iri şahly mallary bimaza edýär, olaryň süýtlüligini we etliligini peseldýär, derisini deşýär.

Bökelek[düzet | çeşmäni düzet]

Bular iň uly siňekler bolup, olaryň gözleri has uludyr. Agyz synasy sanjyjy-sorujydyr. Ganatly bökelekler oba hojalyk mallarynyň we adamlaryň ganyny sorýarlar. Olaryň ýumurtgalary we liçinkalary suwda ýa-da suwa ýakyn çygly toprakda ýaşaýarlar. Bökelekler adamlaryň ganyna ýokançly keselleri –sibir ýarasyny we tulýaremiýany ýokuşdyrýarlar. Şoňa görä-de, bökeleklere garşy göreş işleri alnyp barylýar.

Çybynlar[düzet | çeşmäni düzet]

Erkek çybynlar hortumly bolup, ösümlikleriň gül şireleri bilen iýmitlenýärler, haý wanlaryň we adamlaryň ganyny bolsa örän seýrek sorýarlar, urkaçy çybynlar bolsa sanjyjy-sorujy agzy bilen oba hojalyk mallarynyň, ýabany haýwanlaryň we adamlaryň ganyny sorup iýmitlenýärler. Olar haýwanlary biynjalyk edýärler, horlaýarlar, adamlaryň işjeňliklerini peseldýärler. Çybynlar dürli keselleri geçirijiler we ýaýradyjylar hasaplanylýar. Gyzzyrma-üşütme çybyny adamlara plazmodileri ýokuşdyrýar we gyzzyrma-üşütme keselleri döredýär. Sary garahassa çybyny, tropiki çybyn tropiki klimatly ýurtlarda ýokanç keseli bilen sary garahassany we örän agyr ýapon ensefalit keselini adam lara geçirýärler. Çybynlaryň we olaryň liçinkalarynyň garşysyna işler alnyp barylýar.