Mazmuna geçiň

I jahan urşy we Aziýa we Afrika ýurtlary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzugy: I jahan urşy we Aziýa we Afrika ýurtlary

Meýilnamasy

1.Urşuň sebäpleri, bahanasy, başlanyşy, häsiýeti.

2. 1915-1916-njy ýyllardaky uruş hereketleri

3.. Urşuň tamamlanýan döwri. Urşuň netijeleri.

Türkmenler Orsýede birikdirilenden soň, 1910-njy ýyldan tä 1917-nji ýyla çenli türkmen ýigitlerini urşa alyp gitdiler. Şol döwürde salgyt salyp, atlarymyza çenli alyp gitdiler. Türkmen birinji jahan urşunda esli gan dökdi. (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy)

Aziýada Osman Türkmen döwleti, Eýran, ,Yaponiýa ýaly ýurtlar I jahan urşuna gönüden-göni gatnaşdylar. Urşuň başynda Eýran ewropalylaryň dawasyna goşulmajagyny jar etse-de iş ýüzunde beýle bolmady. Uruşýan taraplar ony urşa goşulmaga mejbur etdiler. Eýranyň demirgazygyna rus, günortasyna iňlis, günbataryna bolsa türk-german goşunlary girip, yran iki oduň arasynda galdy. Uruş netijesinde Eýrandan rus we türk-german goşunlary yeňlip çykandan soň angliýa ol ýerde ýeke-täk hojaýyna öwrüldi.

Hytaý urşa goşulmakçy däldi. Ol diňe 1917-nji ýylda Germaniýa garşy uruş yglan etdi, ýöne uruş hereketlerine gatnaşmady. Hytaý uruş döwri Antanta döwletleriniň diýeni boýunça syýsat ýöretdi.

Ýaponiýaýewropalylaryň üruş bilen eliniň baglydygyndan peýdalanyp, Hytaýyň bir welaýatyny basyp aldy. Aziýa ýurtlaryndan diňe Osman Türkmen imperiýasy doly uruş hereketlerine goşulan ýurt boldy. Emma ol hem Germaniýanyň diýeni boýunça uruş alyp bardy. Geliň indi urşuň başlanyşy we gidişi baradaky gürrüňe geçeliň! .

Bazar ykdysadyýetiniň çalt ösmegi haryt çykarar ýaly giň bazarlary, çig-mal çeşmelerini talap edýärdi. Öňde baryjy döwletleriň barha köp bakna ýurtlary edinesi gelýärdi. Bazar ykdysadyýetine ýaňy gadam basan ýaş döwletler hem bakna paýlaşykda paý berilmegini talap edip başladylar. Şeýlelikde, döwletleriň arasynda paýlaşylan dünýäni täzeden paýlaşmak ugrunda göreş başlandy. Bu göreş birnäçe dawalara, harby çaknyşmalara, iň soňunda bolsa jahan urşunyň başlanmagyna getirdi

Ýewropada “üçler bileleşigi” we Antantanyň arasyndaky gapma-garşylyklar 1914-nji ýyla çenli ýetjek derejesine etdi. Germaniýa garşydaşlary bilen deňeşdirende özüni has taýýarlykly hasap edip, urşa bahana agtaryp başlady. Şeýle bahana tapyldy.

Balkan ýarym adasyndaky birnäçe asyrlaryň dowamyndaky dawalar urşuň döremegine sebäp boldy. Germaniýa ýaly güýçli döwletden arka tapynan Awstro-Wengriýa, onuň maslahaty bilen slawýanlaryň, awstriýalylaryň agalygyna garşy milli azatlyk hereketini basyp ýatyrmak isledi. Serbiýa bu döwürde Bosniýany özüne birleşdirmek isleýärdi. Serbiýanyň bu matlabyna Awstro-Wengriýa garşydy. Şonuň üçin Awstro-Wengriýa Serbiýanyň serhetlerine ýakyn ýerlerinde harby tälim okuwlaryny geçip başlady.

Harby tälim okuwlarynyň 1914-nji ýylyň hut 28-nji iýunynda başlanmagy, serbleriň milli däp-dessurlarynyň üstünden gülmek üçin edilen ýaly boldy. Çünki 1389-njy ýylyň 28-nji iýunynda türkler serbleri uly ýeňlişe sezewar edip, şol günden soň Serbiýa türkleriň gol astyna düşüpdi. 28-nji iýun serblerde milli matam güni hökmünde bellenilýärdi. Awstro-wenger tagtynyň mirasdüşer şazadasy Frans-Ferdinand aýaly bilen 28-nji iýunda Bosniýanyň merkezi Saraýewo gelipdi. Harby tälim okuwynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin, şäheriň merkezi köçesinden üsti açyk maşynda barýarka, olaryň ikisi-de serb milletçisi tarapyndan öldürildi. Bu sapançadan atylan ok soňra dünýäni sarsdyran jahan urşunyň başlanmagyna, millionlarça oklaryň atylmagyna bahana boldy.

Awstro-Wengriýa Serbiýa garşy urşa taýýardy. Emma ol serbleri Russiýanyň goldamagyndan gorkýardy. German imperatory Wilgelm II oňa serblere temmi bermegi maslahat berdi. 1914-nji ýylyň 23-nji iýulynda Awstro-Wengriýanyň hökümeti kabul edip bolmajak talapnamany Serbiýa ýollady we pikirlenmäge 48 sagat wagt berdi.

Serbleriň arkadaýanjy, gandüşer garyndaşy bolan Russiýa-da entek urşa taýýar däldi. Şonuň üçin-de talapnamanyň jogap möhletini uzaltjak bolup synanyşdy. Ol başa barmady. Soňra serblere mümkin boldugyça ylalaşmagy maslahat berdi. Germaniýa we Awstro-Wengriýa ylalaşyk islemediler. 1914-nji ýylyň 28-nji iýulynda Awstro-Wengriýa Serbiýa garşy uruş yglan etdi. Muňa jogap edip, Russiýa urşa taýýarlygyny güýçlendirdi. Harby borçlulary goşunçylyga çagyrdy. Şol bir wagtda hem bu taýýarlyk işlerini gizlin geçirmek isläpdi. Gizlinlik başa barmady.

Germaniýa Russiýanyň bu hereketlerine jogap edip, 1-nji awgustda Russiýa, 3-nji awgustda Fransiýa garşy uruş yglan etdi. Germaniýa Belgiýanyň we Lýuksemburgyň bitaraplygyny äsgermän, bu döwletlere garşy urşa başlady. Muňa jogap edip, Beýik Britaniýa 4-nji awgustda Germaniýa garşy uruş yglan etdi. Awstro-Wengriýa 6-njy awgustda Russiýa garşy urşa başlaýandygyny duýdurdy.

Ýewropada başlanan uruş tizden onuň çäklerinden uzaklary-da öz içine aldy. Awgustda Ýaponiýa Germaniýa garşy uruş yglan etdi. Emma, Ýaponiýanyň Ýewropada uruş alyp barmak niýeti ýokdy. Ýaponiýa Hytaýdaky german eýeçiliklerini, ýagny XIX asyryň ahyrynda Germaniýa tarapyndan eýelenen Şanduny basyp aldy.

Osman türkmenleriniň imperiýasy XIX asyrda Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň ýarym baknasyna öwrülipdi. Şundan ugur alsak bu döwlet Antantanyň tarapynda durup urşa goşulaýmaly ýalydy. Emma, tersine boldy. Urşuň öňüsyrasynda bu sebitde agzalan baknadar döwletler Osman türkmenleriniň döwletini ünsden düşüripdiler. Ony öz tarapynda urşa goşmakdan uly bähbit bolmaz diýip düşündiler. Ine, şu ýagdaýy hem Germaniýa ulandy. Urşuň öňüsyrasynda öz bitaraplygyny jar etse-de, ol tizlikde Germaniýany goldap, urşa goşuldy. Şeýlelikde, dünýäniň ilatynyň üçden ikisiniň ýaşaýan döwletleriniň 38-sini öz içine alan birinji jahan urşy başlandy.

Uruşýan toparlaryň maksatlary. Birinji jahan urşy özüniň häsiýeti boýunça basybalyjylykly, adalatsyz uruşdy. Diňe Serbiýa, Çernogoriýa, Belgiýa we basylyp alynan halklar adalatly, azat edijilik urşuny alyp barýardylar.

Uruşýan taraplaryň hersiniň öz maksatlary bardy. Germaniýa Ýewropanyň we Aziýanyň uly bölegini, Fransiýanyň, Belgiýanyň baknalaryny, Russiýadan Pribaltikany we Ukrainany basyp almak isleýärdi.


Awstro-Wengriýa Serbiýany, Bolgariýany, Çernogoriýany alyp, Balkan ýarym adasynda agalygyny dikeltmek isleýärdi.

Beýik Britaniýa öz bakna ýurtlaryny saklamak, esasy garşydaşy Germaniýany gowşatmak, Osman türkmenleriniň döwletinden häzirki Yragyň, Palestinanyň ýerlerini basyp almak üçin uruşýardy.

Fransiýa Elzas we Lotaringiýa sebitlerini, Reýn derýasynyň çep kenaryny, Saar kömür basseýnini almaklygy maksat edinipdi.

Russiýanyň Balkanlarda öz täsirini saklamak, Awstro-Wengriýanyň Galisiýa welaýatyny basyp almak, başarsa Bosfor we Dardanell bogazlarynda agalygyny ýola goýmak niýeti bardy.

Ýaponiýa ýewropalylaryň Ýewropadaky dawalaryndan peýdalanyp, Hytaýdaky Germaniýanyň eýeçiliklerine göz dikýärdi. Garaz, uruşýan taraplaryň esasy böleginiň niýeti basyp almakdy.

Birinji jahan urşy Germaniýanyň ýolbaşçylarynyň pikiriçe gysga wagtda ýeňiş bilen tamamlanmalydy. Şliffeniň düzen german meýilnamasy boýunça uruş esasan iki ugurda alnyp barylmalydy. Olaryň biri Günbatar söweş ugry bolup, esasan Fransiýa we Beýik Britaniýa, ikinjisi Gündogar söweş ugry-Russiýa garşy gönükdirilmelidi. German meýilnamasy boýunça söweş ugurlarynyň birinde urşy tiz ýeňişli tamamlap, bar güýji beýleki ugra gönükdirmelidi. Uruş uzaga çekdirilse, Germaniýa üçin amatsyzdy. Onuň ykdysadyýeti we harby kuwwaty uzak urşa döz gelerden ejizdi.

German harby ýolbaşçylary bitarap Belgiýanyň üsti bilen Fransiýa garşy urşy tizlik bilen tamamlap, bar güýjüni Russiýa garşy gönükdirmekçidi. Fransiýa garşy urşy 6 hepdeden gijä goýman ýeňişli tamamlamalydy. Bu gysga wagtda Russiýa urşa taýýarlanyp ýetişmez diýip çaklanylypdy. Taýýarlyksyz Russiýany ýeňillik bilen derbi-dagyn etmek göz öňünde tutylupdy. “Ýyldyrym çaltlygyndaky uruş” meýilnamasy boýunça harby hereketler jemi 2 aýda tamamlanmalydy. Emma bu niýet puja çykdy.

Eýýäm urşuň başynda belgiýalylar watanyny gahrymanlarça goradylar. Kömege gelen iňlis harby bölümleri bilen bilelikde, fransuzlar hem nemeslere berk gaýtawul berdiler. Germaniýa beýle garşylyga garaşmandy. Haçan-da Pariže howp abananda Russiýa Gündogar söweş ugrundan uruş hereketlerine başlady. Bu ýagdaý Fransiýany doly derbi-dagyn bolmakdan halas etdi. Çünki Germaniýa goşunynyň uly bölegini Günbatardan aýryp, Russiýa garşy-Gündogar söweş ugruna gönükdirmäge mejbur edilipdi.

1914-nji ýylda gury ýer söweşlerinde taraplaryň güýçleri deňeçer bolan bolsa, suwdaky söweşlerde ýagdaý başgaçarakdy. Deňiz söweşlerinde German floty uly ýeňlişlere uçrady. Netijede Demirgazyk deňzinde iňlis, Orta ýer deňzinde iňlis we fransuz, Gara deňizde rus flotlary hojaýynçylyk edip başladylar. Germaniýanyň we onuň arkadaşlarynyň flotlary täze ýarag-suw asty gämileri erjel ulansalar-da, suwdaky söweşlerde artykmaçlyk gazanyp bilmediler. Netijede 1914-nji ýyldaky söweş hereketleri jahan urşunyň gysga wagtda gutarmajakdygyny görkezdi.

German toparlanyşygy-da tarapdarlarynyň sanyny artdyrdy. Urşuň başynda bitaraplygyny jar etse-de, Bolgariýa Germaniýa bilen gepleşikler geçirdi. 1915-nji ýyldaky Gündogar söweş ugrundaky german toparlanyşygynyň üstünliklerini görüp, Bolgariýa Antanta garşy urşa başlady. Germaniýa oňa täze ýerleri bermekligi söz berip, bal kölüne batyrypdy. Şeýlelikde, Üçler bileleşigi Dörtler bileleşigine (Germaniýa, Awstro-Wengriýa, Osman türkmenleriniň imperiýasy, Bolgariýa) öwrüldi.

Birinji jahan urşy döwründe täze-täze ýaraglar, söweş tilsimleri ulanylyp başlandy.

Germaniýa Günbatar söweş ugrunda goşun güýçlerini azaltsa-da ýöne bu ýere assyrynlyk bilen bogujy hlor gazly ballonlaryň köp mukdaryny getirdi. Ýeliň iňlis-fransuz goşunlaryna garşy öwsen pursady, nemesler 1915-nji ýylyň 22-nji aprelinde alty kilometr uzaklykdaky söweş ugrunda ilkinji gezek himiýa ýaragyny ulandylar. Nemes goşunlary gorag enjamlary bilen üpjün edilipdi. Emma iňlis-fransuzlarda zäherli howadan goranmak üçin hiç zat ýokdy. Howa hüjümi netijesinde iňlis-fransuz goşunlarynyň 15 müňüsi hatardan çykaryldy, oldardan 5 müňi şol ýerde jan berdi.

Şu söweşden soňra uruşýan taraplaryň ikisi-de himiýa ýaragyny ulanyp başladylar. Zäherli gaza garşy enjam (protiwogaz) esgerleriň mydamalyk ýanesbabyna öwrüldi.

1915-1916-njy ýyllardaky söweşler german toparlanyşygynyň ýeňşe bolan ynamyny ýok etdi. Şonuň üçin Germaniýa 1916-njy ýylyň ahyrynda urşy bes etmek hakynda gepleşiklere başlamak baradaky teklip bilen çykyş etdi. Emma Antanta döwletleri Germaniýanyň ol teklibini kabul etmediler. Tersine, urşy dowam etdirdiler. German hökümetiniň Antanta döwletleriniň öz arasyn da agzalalyk başlanar diýen tamasy-da puç boldy.


ABŞ birinji jahan urşy döwründe uzak wagtlap urşa goşulmady. Ol uruşýan taraplar bilen amatly söwdadan köp girdeji alýardy. 1914-1916-njy ýyllardaky söweşler jahan urşunyň tamamlanmagynyň ýakynlaşýandygyny görkezdi. Uruşdan soňky dünýäni täzeden paýlaşmakdan gijä galmazlyk üçin, ABŞ urşa goşulmaga howlukdy.

German hökümetiniň çäklendirilmedik suwasty urşuny täzeden başlajakdygyny jar etmegi, ABŞ üçin urşa goşulmaga bahana boldy. ABŞ 1917-nji ýylyň 3-nji fewralynda Germaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi, 6-njy aprelde bolsa oňa garşy uruş yglan etdi.

ABŞ-nyň yzysüresi Kuba, Panama, Braziliýa, Gonduras, Nikaragua, Peru, Urugwaý, Kosta-Rika, Gaiti, Hytaý, Antantanyň tarapynda durup, Germaniýa garşy uruş yglan etdiler. Emma, agzalan döwletleriň arasynda uruş hereketlerine, esasan ABŞ gatnaşdy. 1918-nji ýylyň başyna çenli ABŞ Günbatar Ýewropada 2 mln. esgerini urşa goşmagy başardy. Germaniýanyň we onuň ýaranlarynyň ýeňşe bolan mümkinçiligi barha azalýardy.

1917-nji ýyldaky söweşler. 1917-nji ýyl tutuşlygyna Antanta bileleşigi we onuň tarapdarlary üçin amatly bolmady. Esgerler uruşdan halys ýadapdylar. Muňa seretmezden, Antanta döwletleri we onuň tarapdarlary 1917-nji ýylda ähli söweş ugry boýunça hüjüme geçmekçidiler. German bileleşigi 1917-nji ýylda goranmakçydy.

Russiýadaky fewral rewolýusiýasy netijesinde, rus goşunlary hüjüme geçip bilmediler. Günbatar söweş ugrunda Antantanyň esgerleri 1917-nji ýylyň 16-njy aprelinde Arras şäheri sebtinde şowsuz hüjüme geçdiler. Bu söweşe fransuz generaly Niwel ýolbaşçylyk etdi. Iňlis-fransuz goşuny nemesler tarapyndan partlaýjylar goýulan meýdana çozup girip, aldawa düşdüler. Nemes goşuny olary top okuna tutup derbi-dagyn etdi. Niweliň ýolbaşçylygyndaky goşun 280 müň esgerini ýitirdi.

Rus goşunlarynyň 1917-nji ýylyň iýulyndaky Gündogar söweş ugrundaky hüjümi-de şowsuz gutardy. Rus patyşasynyň tagtdan agdarylmagy, bolşewikleriň urşa garşy wagyzlary rus esgerleriniň oňki söweşjeň ruhundan nam-nyşan goýmandy.

Uruş döwründe ýekeje-de düýpli ýeňiş gazanmadyk Italiýanyň goşuny 1917-nji ýylyň oktýabrynda masgaraçylykly ýeňlişe sezewar boldy. Bu söweş Izonso derýasynyň kenarynda Kaporetto obasynda bolup geçdi. Italiýanyň ruhdan düşen esgerleri uruşdan halys ýadapdylar. Şonuň üçin-de olar ýeňildiler we dowla düşüp, söweş meýdanyndan gaçdylar.

Birinji jahan urşy we türkmenler. Türkmenistan Russiýanyň baknasy bolandygy sebäpli onuň tarapynda urşa goşulmaga mejbur bolupdy. Türkmenleriň gözsüz batyrlygyny gowy bilýän rus patyşasy olardan düzülen Teke atly polkuny duşmanyň gözüni gorkuzmak, oňa elhenç wehim salmak maksady bilen ulandy (resminama seret!).

Parahat oturan türkmen ili-de urşuň güzabyny çekmeli bolupdy. Türkmenlerden uruş bahanasy bilen alynýan atdyr, şaý-sep, telpek, öý salgytlary olary juldan çykarypdy. Emma “durnanyň üstüne urna” diýleni boldy. 1916-nji ýylyň tomsunda rus patyşasynyň permany bilen Zakaspide ýaşaýan türkmen ýigitleriniň 15 müňüsi päleçilige alynmalydy. Muňa garşy Tejen, Etrek-Gürgen uýezdlerinde, Sarahsda, soňra Maryda rus baknadarlaryna garşy milli azat edijilik gozgalaňlary başlandy (Türkmenistnayň taryhynyň degişli döwrüne seret!).

1917-nji ýylyň Oktýabr rewolýusiýasyndan soňra Russiýa iş ýüzünde uruş hereketlerine gatnaşmagyny bes etdi. 1917-nji ýylyň dekabrynda başlanan rus-german gepleşikleri 1918-nji ýylyň 3-nji martynda Brest şertnamasynyň baglanyşylmagy bilen tamamlandy. Brest parahatçylyk şertnamasynyň şertleri Russiýa üçin gaty agyrdy. Emma Leniniň ýolbaşçylygyndaky bolşewikleriň ony ýerine ýetirmek niýeti-de ýokdy. Şertnama boýunça Polşa, Pribaltika, Belorussiýanyň bir bölegi Germaniýa berildi. Rus goşunlary Ukrainany, Finlýandiýany terk etmeli boldular. Ardagan, Kars, Batumi sebitleri Türkiýä berildi. Ustesine-de 6 mlrd. marka möçberindäki puly Russiýa Germaniýa tölemelidi. Täze rus hökümeti ähli şertlere razy bolup uruşdan çykdy.

Russiýanyň uruşdan çykmagy bilen indi ýeke-täk söweş ugrunda-Günbatarda uruşmalydy. Emma urşy dowam etdirmek taraplaryň hiç birine hem ýeňil düşmeýärdi.

Uruşlar elmydama ýetmezçilik döredýär. Çünki uruşýan taraplar ykdysadyýetini halkyň däl-de, urşuň bähbitlerine gönükdirýärler. Diňe bir öz ýurtlaryndan däl eýsem, olar özüne garaşly bakna halklary hem mümkin boldugyça öz peýdasyna ulanýarlar. Antanta döwletleri 45 mln., german toparlanyşygy 25 mln. adamy gönüden-göni söweş ugurlarynda ulanypdy. Bulardan başga-da tyldaky işler üçin päleçilige adam toplapdylar.

Uruş döwri açlyk-horluk görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi. Ýarawly adamlaryň urşa çekilmegi önümçiligi pese gaçyrdy. Ýeter-ýetmezçilikden horlanan halk köpçüligi Fransiýada, Germaniýada, Russiýada, şol sanda Türkmenistanda urşa garşy gozgalaňlar etdiler. Birnäçe uruşýan ýurtlarda içki dartgynlylyk, urşa garşy hereketler ýetjek derejesine ýetip, rewolýusiýalar bolup geçdi.

Urşuň tamamlanmagy. Brest ýaraşyk şertnamasy baglaşylandan soňra Germaniýa Günbatar söweş ugrunda ýene-de bir hüjüme synandy. Hatda 1918-nji ýylyň tomsunda nemesler Marn derýasynyň kenaryna çenli aralaşyp, uzakdan Pariži oka tutup başladylar. Emma bu Germaniýanyň iň soňky gezek topulyşydy. ABŞ-dan gelýän täze-täze goşun bölümleri bilen üsti ýetirilen iňlis-fransuz goşunlary 1918-nji ýylyň iýulynda güýçli hüjüme başladylar. Dörtler bileleşigi urşy dowam etdirmegiň netijesizdigine düşündi. German esgerleri Fransiýadan, Belgiýadan kowlupdylar. Balkan ýarym adasynda bolgarlar ýeňlişe uçrap, 1918-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Bolgariýa ýeňlendigini boýun aldy.

Siriýada, Mesopatamiýada we Palestinada iňlisler ýerli arap gozgalaňçylarynyň kömegine daýanyp, türkleri 1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda boýun egdirdiler. Türk esgerleri arap ýerlerinden çykaryldy.

Awstro-Wengriýa bilen Germaniýanyň söweş meýdanlaryndaky ýeňlişleri ol ýurtlardaky halk gozgalaňlary, milli azat edijilik hereketleri bilen utgaşdy. Awstro-Wengriýadan Çehiýa we Slowakiýa, Gündogar slawýan welaýatlary bölünip aýryldy. 1918-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky Awstro-Wengriýadaky rewolýusion wakalar netijesinde Awstriýa hem-de Wengriýa respublikalary döredi. Täze dörän Awstriýa hökümeti Awstro-Wengriýanyň adyndan 1918-nji ýylyň 3-nji noýabrynda ylalaşyga gol çekdi.

Dörtler bileleşiginden Bolgariýa, Osman türkmenleriniň imperiýasy, Awstro-Wengriýa uruşdan çykanlaryndan soňra, Germaniýanyň hem garşylygy dowam etmäge ýagdaýy ýokdy. Ykdysady ýagdaýyň erbetleşmegi, esgerleriň uruş islemezligi, Ýewropadaky rewolýusion wakalar, söweş ugrundaky ýeňlişler ýeke-täk dogry ýoluň urşy bes etmeklikdigini görkezýärdi. Germaniýa ýeňlipdi. Emma ony boýun almak kyndy. Şeýle şertlerde German hökümeti ylalaşyk barada gepleşiklere başlamaklygy haýyş etdi. Şol bir wagtda özüniň entek ýeterlik harby kuwwatynyň bardygyny görkezmek üçin deňiz söweşini guramaga synandy. Emma German harby flotunyň deňizçi esgerleri ýolbaşçylaryň buýrugyny ýerine ýetirmän, gozgalaňa başladylar. Kil şäherinde başlanan gozgalaň rewolýusiýanyň başlangyjy boldy. 9-njy noýabrda Berlinde hem gozgalaň başlandy. Wilgelm II ýurtdan çykyp gaçdy.

Şeýle şertlerde täze dörän German hökümeti 1918-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Antanta döwletleriniň öňe süren şertleri esasynda, Kompýen tokaýynda uruş hereketlerini togtatmak hakyndaky ylalaşyga gol çekdi. 1918-nji ýylyň noýabrynda Russiýa hem Brest şertnamasyny ýatyrdy. Uruş tamamlandy.

Urşuň jemleri. Kompýen ylalaşygy boýunça Germaniýa Belgiýadan, Farnsiýadan öz goşunlaryny çykarmalydy. Ol 5 müň top, 25 müň pulemýot, 1700 harby uçarlaryny, 150 müň wagon, 5 müň ýük awtoulaglaryny we başga-da birnäçe suwasty gämileridir beýleki harby ýaraglaryny Antanta döwletlerine we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bermeli boldy.

Birinji jahan urşy adamzat taryhynda şol wagta çenli bolan uruşlaryň iň bir gandöküşiklisi, elhenji boldy. Uruşa 73,5 mln. esger gatnaşyp, olardan 10 mln. adam wepat boldy, 20 mln. adam ýaralandy, maýyp boldy. Birnäçe obalar, şäherler, senagat kärhanalary tozduryldy. Uruşda iň köp adam pidalaryny çeken Germaniýa we Russiýa boldy. B.W.Sokolowyň “Ýüz beýik uruş” atly saldamly işinde (Moskwa, “Weçe”, 2001 ý.) berilýän maglumatlara görä olaryň hersi 2 mln. töweregi adamsyny ýitirdiler. Fransiýa (1,4 mln.), Awstro-Wengriýa (1,1 mln.), Türkiýe (keselden ýogalanlar bilen bilelikde 800 müň), Beýik Britaniýa (715 müň) ýaly ýurtlar uly adam ýitgilerine sezewar boldular. Antantanyň we Üçler bileleşiginiň ýitgilerini deňeşdirenimizde uruşda Antanta köp adamsyny ýitirdi. Bu ýagdaý Germaniýanyň urşa has taýýarlykly gelendigi bilen düşündirilýär.

Urşuň baş günäkerleri bolan Germaniýanyň, Awstro-Wengriýanyň we Russiýanyň imperatorlarynyň ählisi-de tagtyndan agdaryldy.

Uruş döwri diňe bir söweş meýdanynda däl, eýsem tylda hem parahat ilatyň birnäçesi açlygyň, ýeter-ýetmezçiligiň pidasy boldular.

Uruş birnäçe halklaryň milli taýdan oýanmagyna itergi berdi. Birnäçe halklar özbaşdaklyk ugrunda aýaga galdylar. Birnäçe täze döwletler döredi.