Mazmuna geçiň

Hindistanyň daşary syýasaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Hindistanyň daşary syýasaty.

Edebiyatlar:

1. Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. A; 2001ỳ.

2.Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama (ikinji kitap) . A; 2004 ỳ.

3.Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitaraplyk taglymaty. A; 2002 ỳ.

4.Türkmenbaşy türkmeni dünỳä tanadỳar. A; 1999 ỳ.

5.Dünyä ỳurtlary. M;2003 ỳ.

Sapagyň maksady:

Hindistan respublikasynyň daşary syỳasaty we türkmen – hindi gatnaşyklary barada düşünje bermek we şu mowzugyň üsti bilen talyplaryň watançylyk duỳgylaryny terbiỳelemek.

Hindistan özbaşdak döwlet hökmünde dörän gününden başlap parahatçylyk söýüji daşary syýasat ýöredýär. Aslynda-ha Hindistanyň parahatçylyk söýüjiligi halkyň milli aňyýetinden gelip çykýar. Hindi halky öz tebigaty, dini ygtykady boýunça zorlugy, urşy ýigrenýän halk. Taryhda hindi halkynyň öz goňşularynyň üstüne çozmanlygy-da halkyň milli häsiýetinden gelip çykýar. Emma watanyny goramaga gezek gelende welin, hindiler hiç bir halkdan kem durmandy. Jawaharlal Nerunyň goşulmazlyk hereketini döretmek pikiri-de öz çeşmesini halkyň milli däbinden alypdy (seret §41!). Hindistanyň daşary syýasatynda dünýäde parahatçylygy berkarar etmek ugrundaky göreşde birnäçe täze teklipler bilen çykyş etdi. Olaryň it möhümi 1988-nji ýyldaky dünýäni 2010-njy ýyla çenli ýadro ýaragyndan we zorlukdan halas etmek baradaky hereketleriň meýilnamasydyr. Hindistan 1985-nji ýylda döredilen Günorta Aziýa sebitiniň hyzmatdaşlygy bileleşiginiň (SAARK) agzasy bolup, Günorta Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklarynyna üns berýär.

Hindistanyň daşary syýasatynda iň bir dawwaly ýeri onuň goňşusy Päkistan bilen gatnaşyklarydyr. Serhet dawalary bu iki ýurduň arasynda birnäçe çaknyşmalara getirdi.

Hindistan özüniň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa sebitiniň garaşsyz döwletlerine, aýratyn-da Türkmenistan bilen däp bolan gadymy gatnaşyklary dikeltmäge üns berýär. Döwlet ýolbaşçylarynyň birek-biregiňkd resmi saparlary mahalynda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýady goýuldy. Iki döwletiň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni babatda ýygjam gatnaşyklar ddbe öwrüldi. Iki halkyň hem göz guwanjyna öwrülen Baýram han Türkmeniň 500 ýyllyk ýubileýi 2000-nji ýylda ýurtlaryň ikisinde-de dabaraly bellenip geçildi. Hindistana türkmen gazyny eltmegiň taslamasy iki ýurduň arasyndaky uzak döwre niýetlenen hyzmatdaşlygyň aýdyň şaýadydyr.