Hindi-päkistan urşy
1971-nji ýylyň hindi-päkistan urşy.
Päkistan döredilen mahaly ýurt biri-birinden üzňe Günbatar we Gündogar böleklerden ybaratdy. 60-nji ýyllaryň ahyrynda Gündogar Päkistanda dartgynlylyk ýagdaýy güýjäpdi. Günbatar päkistanly dolandyryjylaryň öz häkimýetine daýanyp, özüniň Gündogar bölegindäki raýatlaryna zulum etmegi olary aýaga galdyrdy. Gündogar Päkistanda ýaşaýan esasy halk bolan bengallaryň 10 mln-a golaýy Hindistana gaçmaly bolupdy. Gündogar Päkistanda özbaşdaklyk ugrunda göreş ýaýbaňlandy. Mujibur Rahmanyň ýolbaşçylygyndaky Halk ligasy 1970-nji ýylyň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Emma Ýahýa hanyň ýolbaşçylygyndaky Yslamabat hökümeti saýlawlaryň netijesini ykrar etmedi. Muňa jogap edip bengallar garaşsyzlyk ugrunda göreşe başlady. Bengallar özleriniň Päkistandan bölünip aýrylyp, M.Rahmanyň ýolbaşçylygynda garaşsyz Bangladeş Halk Respublikasyny döredýändigini yglan etdiler.
Päkistanyň içerki gapma-garşylyklary halkara dawasyna öwrüldi. Hindistan öz territoriýasyndaky bengal bosgunlarynyň watanyna gaýdyp barmagy üçin zerur şertleri döretmegi Päkistandan talap etdi. Muňa özüniň içerki işlerine gatyşylmagy hökmünde baha beren Päkistan 1971-nji ýylyň 3-4-nji dekabrynda oňa garşy uruş yglan etdi. Emma 16-njy dekabrda Päkistan ýeňilendigini boýun aldy. 1972-nji ýylda Hindistan we Bangladeş dostluk, hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekdiler. Şol ýylda Bangladeş bilen Päkistanyň arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekildi. 1974-nji ýylda Päkistan Bangladeşiň garaşsyzlygyny ykrar etdi.