Himiki reaksiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Himiki reaksiýa düşünjesine dürli hili kesgitleme bermek bolar.

Bir ýa-da birnçe maddalaryň arasynda düzüminiň üýtgemegi bilen bolup geçýän hadysalara himiki reaksiýa diýilýär[üýtget | edit source]

  • Bu kesgitleme ylymda himiki reakiýa düşünjesine berilen ilkinji kesgilemeleriň biri bolup durýar.

Iki we ondan köp madallaryň aktiw bölejikleriniň arasynda täze bölejikleriň(atomlaryň ,ionlary,molekulalaryň,adikallaryň) emele gelmegi bilen bolup geçýän elementar aktlara himiki reaksiýa diýilýär[üýtget | edit source]

  • Molekulýar fizika we himiki termodinamika ýaly ylymlaryň ösmegi bilen, himiki reakiýalara molekulýar nukdaý nazardan seredilip başlanypdyr.Eksperemental barlaglar esasynda (M Bodenşteýn,Makswel-Bolsman,S.Arrenius, H.Lindeman ) himiki reaksiýalar, maddalaryň diňe aktiw bölejikleriniň arasynda geçýänligi anyklanylýar,ýagny islendik bir reaksiýanyň geçmekligi üçin molekulalaryň öňünde energetik päsgelçilik ýüze çykýar.diňe şol päsgelçiligi ýeňip geçmäge ýeterlik energiýasy(çaknyşma nukdaý nazarynda kinetik energiýa) bolan molekulalar reagirleşip bilýärler.Bu energetik päsgelçilige reaksiýanyň akwileşme energiýasy diýilýär we bu päsgelçiligi ýeňip geçmäge ýeterlik eneriýgiýasy bolan molekulalara aktiw molekulalar diýilýär.Täze bölejikleriň emele gelmegine eltýän aktiw bölejikleriň arasyndaky effektiw(netijeli) çaknyşma elementar akt diýilýär:

Molekulalarda we ionlarda öňki himiki baglanşaklyryň üzülmegi we täze himiki baglanyşyklaryň emele gelmegi bilen(käbir birleşme reaksiýalarda diňe täze himiki baglanyşygyň emele gelmegi-meselem amiak molekulasyndan ammoniý kationynyň emele gelşi) bolup geçýän hadysalara himiki reaksiýalar diýilýär:[üýtget | edit source]

Görnüşi ýaly bu kesgitlemede effektiw elementar aktlaryň nähili geçýändigini umumylykfa düşündirilýär.

  • Atomyň gurluşy,kwant mehnaikanyň ösmegi we himiki baglanyşyklaryň häzirki zaman ylmy nazaryýetleriniň açylmagy bilen himiki reaksiýa düşünjesine has takyk berilen kesgitleme

Himik reaksiýalar reaksiýa gatnaşýan maddalaryň agregat ýagdaýlary, sistemany düzýän kompanentleriň fazalar araçägi, reaksiýa gatnaşýan maddalaryň tipi boýunça,geçýän mehanizmi,energetik effekti,ugry, özakymlylygy ,onümiň çykymy we onümiň selektiwligi(seçilip alynmaklyk derejesni) boýunça birnäçe toparlara bölünýärler.

  • Fazalar araçägi boýunça reaksiýalar gomogen we geterogen reaksiýalar diýilen toparlara bölünýärler. Eger-de reaksiýa gatnaşýan maddalaryň arasynda fazalar araçägi bolmasa(reaksiýa gattnaşýan maddalary biri-birinde tapawutlandyryp bolmaýan bolsa,ýagny her bir maddany tapawutlandyrýan araçäk bolmasa) ,onda bu reaksiýalara gomogen reaksiýalar diýilýär.

Gomogen reaksiýalara mysal:

(gomogen gaz fazada geçýän reaksiýa-bu reaksiýada ähli kompanentler(maddalar) gaz halyndadyr)

(erginde geçäýn reaksiýa)

Geterogen reaksiýalara mysal:

  • Reaksiýa gatnaşýan maddalaryň tipi boýunça

1) BIrleşme -pes molekulýar massaly bölejikleriň birleşmei we ýokary molekulýar massaly birleşmäniň emele gelmesi bilen bolup geçýän reaksiýalar

2)Dargama -Ýokary molekulýar birleşmeleruň dargap pes molekulýar massaly birleşmeleriň emele gelmegi bilen geçýän reaksiýalar

3)Çalyşma

i)Neýtrallaşma

ii)Gidroliz

iii)Okislenme-dikelme çalyşma reaksiýasy

Reaksiýanyň elementar aktlarynda elektron çalşygy netijesinde birleşmelerdäki atomlaryň okislenme derejeleriniň üýtgemegi bilen bolup geçýän reaksiýalara okislenme dikelme reaksiýalary diýilýär.

  • Reaksiýanyň geçiş mehanizmi boýunça:
Himiki reaksiýalaryň mehanizmi
Sada reaksiýalar Çylşyrymly reaksiýalar
monomolekulýar yzygider
bimolekulýar paralel
trimolekulýar öwrülşikli
awtoyrgyldyly,zynjyr we bu mehanizmleriň ählisi kombinirlenen ýagdaýda geçýän reaksiýalar

Himiki reaksiýalaryň mehanizmlerini öwrenýän ylyma himiki kinetika diýilýär we reaksiýalaryň mehanizmleri u ylymda has takyk seredilip geçilýär.

  • Reaksiýanyň ýylylyk effekti boýunça:

ekzotermik-ýyylygyň bölüp çykarmak bilen geçýän reaksiýalar ( )

endotermik-ýylylgyň bölünip çykmagy bilen bolup geçýän himiki reaksiýalar ( )

  • Özakymlylygy boýunça reaksiýalar :

Ozakymly reaksaiýalar-berlen şertlerde reaksiýa daşdan goşmaça energiýa bermezden özakymlaýyn geçýän reaksiýalar

Mejbury reaksiýalar- mejbur edilmezden özakymlaýyn geçmeýän reaksiýalar.

Özakymlaýyn we mejbury diýilen terminler -şertli formal düşünjeler bolup durýar.Aslyna seredende özakymlylyk we mejburylyk reaksiýanyň geçirilýän şertine bagly.Meselem aşgar ergini bilen kislota erginleriniň arasynda standart şertlerde reaksiýa geçýär.Şol sebäpli biz oňa özakymlaýyn reaksiýa diýip aýdýarys,emma hek daşynyň dargamasy ýokary tempiraturada geçýänligi sebäpli, biz oňa daşdan energiýa berýänligimiz sebäpli bu reaksiýa mejbury diýip aýdýarys.Ýöne bu reaksiýanyň geçme şerti berlen reaksiýa üçin standart şert we bu şertde reaksiýa özakymlaýyndyr.

  • Önümiň çykymy we onuň selektiwligi boýunça reaksiýalar

Regioselektiw we stereoselektiw diýilen toparlara bölünýärler. Bu bölümler teoretik organiki we organiki dal himiýada we sintezde öwrenilýär