Mazmuna geçiň

Hazyna myhmanhanasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

“Hazyna” myhmanhanasy, ol Awazadaky iň ajaýyp myhmanhana hasap edilýär. Myhmanhana gönüden-göni deňziň kenarynda ýerleşýär, onuň özüniň abadanlaşdyrylan plýažy bar. myhmanhananyň çägi öz dizaýny bilen haýran galdyrýar: Owadan yşyklar, ýagty reňkli abadanlaşdyrylan gülçanaklar, bezeg palmalary myhmanhana bezeg berýär. Myhmanhananyň çäginde şu aşakdakylar ýerleşýär:

• Açyk howuz

• Tomus eýwany

• Tomus amfiteatry

Myhmanhananyň interýeri altyn we hrustal bilen bezelipdir. Ähli otaglarda owadan mebel bar, olarda deňze ajaýyp görnüş açylýar. Twin derejeli otaglaryndan başga ähli otaglardabalkonlar bar. Myhmanhanada 86 otag bar:

• 6 sany bir orunlyk otaglar (deňze açylmaýan görnüşli)

• Bir uly krowatly 48 sany iki orunlyk otaglar

• Aýratyn krowatly 20 sany iki orunlyk otaglar

• 2 maşgala otagy

• 10 lýuks otaglar

Myhmanhananyň ajaýyp restoranynda irdenlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary girýär. Ýaşamagyň bahasyna 3 gezeklik naharlanma girýär.

Myhmanhananyň lobbi barynda Siz ýerli türkmen konýagyndan başlap Hennesi fransuz konýagyna çenli islendik içgileri buýrup bilersiňiz.

Hazyna myhmanhanasynda ajaýypŞpa-merkezi bar, ol massažyň, palçygyň we lukmançylyk amallarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Şpa-merkezde şu aşakdakylar ýerleşýär:

• Ýapyk howuz

• sauna

• fito-bar

• bejeriş otaglary

Hazyna myhmanhanasy müşderilerine şu aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

Myhmanhananyň hyzmatlary:

• 130 orunlyk restoran.

• Restorandaky VIP zal 12 orunlyk.

• Lobbi bar we tomusky bar.

• 38 orunlyk konferens-zal (proýektor we ekran bar)

• Açyk howuz

• Tomusky eýwan

• tomusky bar

• tomusky amfiteatr

• sagaldyş merkezi:

• sauna,

• ýapyk howuz

• trenažor zaly,

• gidra massaž we wibramassaž

• walýuta alyş - çalyşmak

• sowgatlar dükany

• 3 gezeklik naharlanma

• Otaglarda hyzmat ediş

Ýerleşýän ýeri: Deňziň kenarynda.