Hasaplaýyş tehnikasynyň taryhy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Hasaplaýyş tehnikasynyň taryhy barada maglumat

Biz ylmyň, tehnikanyň, önümçiligiň, halk hojalygynyň ähli pudaklaryna döwrebap kompýuterleriň giňden ornaşan döwründe ýaşaýarys. Häzirki döwürde ykdysady, durmuşy we beýleki çylşyrymly meseleleriň çözgüdinde EHM-i peýdalanmak oňaýly netijesini berýär. EHM-ler şu wagta çenli nähili taryhy ösüşi başdan geçirdikä?! Adamlar gadym döwürlerden başlap, hasaplamalar bilen iş salşyp gelipdirler. Onuň üçin öň belleýşimiz ýaly elýeterli serişdelerden: eliň we aýagyň barmaklaryndan, taýajyklardan, daşjagazlardan we ş. m. peýdalanypdyrlar. Soň-soňlar hasap taýajyklary ýüze çykypdyr. Kem-kemden hasaplamagyň serişdelerini kämilleşdirmek bilen ýönekeýje hasaplaýjy maşynlary döräp başlapdyr. Fransuz matematigi Blez Paskal 1642-nji ýylda entek 19 ýaşly jahylka onluk sanlary goşup bilýän diş-diş tigirleriň esasynda gurnalan hasap maşynyny döredipdir. Onuň kakasy salgyt ýygnaýjy bolup işlänsoň bu masyn oňa hasap işlerinde örän peýdaly bolupdyr. Nemes matematigi Gotfrid Wilgelm Leýbnis 1673-nji ýylda dört amaly ýerine ýetirýän maşyny oýlap tapypdyr. Soňra bu maşynyň esasynda arifmometrler döredilipdir hem-de olar 1820-nji ýyldan başlap, köpçülikleýin öndürilip başlanypdyr. Arifmometrleriň ýaýrap başlamagy bilen bir wagtda uniwersal hasap maşynyny döretmeklik pikiri peýda bolup başlapdyr. Iňlis matematigi Ç. Bebbij 1823-nji ýylda uniwersal hasaplaýjy maşynlaryň hemme (ýat, arifmetik, dolandyryş, giriş we çykyş) gurluşlaryny özünde saklaýan maşynyň taslamasyny öňe sürüpdir. Bu maşyny gurnamaga 70 ýyl zähmet sarp edilse-de, ahyrsoňunda hem ol doly gurnalyp gutarylmandyr. Şeýle-de bolsa meşhur ýazyjy Jon Baýronyň gyzy Ada Lawleýs bu maşyn üçin hasaplaýjy maksatnamalary düzüpdir. Ada Lawleýs ilkinji maksatnama düzen zenan hasaplanýar. Onuň hormatyna maksatnama dilleriniň biri Ada diýlip atlandyrylýar. Amerikan inženeri N. Hollerit 1890-njy ýylda analitik hasaplaýjy maşynyny döredipdir, ony ABŞ-da ilat ýazuwynyň netijelerini işlemekde peýdalanypdyrlar. Elektron hasaplaýjy maşynlaryň zamany XX asyryň 30-njy ýyllarynda iňlis alymy A. Týuringiň, amerikan alymy E. Postuň nazary işlerinden başlanýar. Sifrli hasaplaýjy maşynlary gurmaklygyň esasy düzgünleri amerikan alymlary J. fon Neýman, G. Goldstaýn we A. Berks tarapyndan işlenilip taýýarlanypdyr. Ilkinji maksatnama arkaly dolandyrylýan Mark-1 IBM korporasiýasynyň ýardam bermegi bilen G. Aýkeniň baştutanlygynda, ilkinji sifrli hasaplaýjy maşyn ENIAK (Electronic Numerical Integrator and Calculator) bolsa 1946-njy ýylda J. U. Moçli we J. P. Ekkert tarapyndan ABŞ-da döredilýär. 1949-njy ýylda Angliýada EDSAK (M. Uilks), 1951-nji ýylda öňki SSSR-de MESM (S. Lebedewiň ýolbaşçylygynda), 1952-njy ýylda ABŞ-da EDWAK (J. B. Moçli, D. P. Ekkert, J. fon Neýman) elektron-hasaplaýjy maşynlary döredilipdir. Ilkinji EHM-ler elektron lampalardan düzülip, olar birnäçe otaglarda ýerleşipdir, olaryň bahalary örän gymmat bolupdyr, olarda işlemek ýeňil bolmandyr. Wagtyň geçmegi bilen EHM-leriň gurluşlarynda tranzistorlar, integral shemalar, uly integral shemalar peýdalanylyp başlanypdyr, bu bolsa olaryň ölçegleriniň kiçelmegine getiripdir, olaryň hasap ediş tizlikleri has hem artypdyr. Ýokary derejedäki maksatnama dilleriniň peýda bolmagy bolsa EHM-ler bilen işlemekligi has hem ýeňilleşdiripdir. Personal kompýuterleriň (kompýuter – hasaplaýjy) döremegi hasaplaýyş tehnikasynda has uly öňe gidişlik hasaplanýar. Rowaýata görä, ilkinji personal kompýuter ABŞ-da awtomobil garažynda döräpdir. Stiw Jobs we Stiw Woznýak ikisi Jobsyň awtomobilini satyp gazanan pullaryny özleriniň ilkinji kompýuterleri bolan «Apple» siňdiripdirler. Bu kompýuterler 1977-nji ýylda bazara çykarylyp başlanýar. Ýöne 1981-nji ýylda IBM (International Business Machines) korporasiýasynyň döreden kompýuteri has şowly çykýar, häzirki wagtda bu firmanyň kompýuterleri tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr. EHM-leriň ösüş taryhyny birnäçe şertli wagt aralygyna - döwürlere hem bölýärler. Bu bölünişik EHM-leriň taýýarlanyş tehnologiýasy, maksatnama üpjünçilik mümkinçiliginiň giňelmegi bilen baglanysyklydyr. 1940-njy ýyllardan başlap, şu günlere çenli EHM-leriň ösüş taryhynda bäş sany döwri bölüp görkezýärler. Döwürlere bu bölünişik şertleýindir. 1-nji döwre (1940-1959 ýý.) degişli EHM-ler elektron lampalardan (18 müňden hem köpräk) ybarat bolup, köp meýdany (goşmaça elektrik çeşmeli, sowadyjyly kömekçi gullugy bilen ortaça 500 kw metr) tutupdyr. Bu EHM-leriň operatiw ýadynyň göwrümi az, ygtybarlygy pes, örän köp energiýa talap edipdir, köp ýylylygy bölüp çykarypdyr. Olar söhbetdeşlik düzgüninde işlemäge ukyply bolmandyr, maksatnamalar maşyn dilinde (0 we 1 sifrleriň kömegi bilen) ýazylypdyr. Bu EHM-ler sekuntda ortaça 10-20 müň amaly ýerine ýetirip bilipdirler. 1946-njy ýylda ABŞ-da döredilen ENIAK, IBM 700, öňki SSSR-de döredilen MESM, M-20, Strela, Minsk-1, Ural-l maşynlar şu döwre degişli maşynlardyr. EHM-leriň 2-nji döwrüne (1959-1964 ýý.) degişli maşynlaryň tehnologiýasynda tranzistorlar, diodlar, rezistorlar peýdalanylypdyr. Bu bolsa maşynlaryň göwrüminiň kiçelmegine, az energiýa talap etmegine, işleýşiniň has ygtybarly bolmagyna getirdi. Olaryň operatiw ýady ulaldy, hasaplaýyş tizligi (sekuntda 100-500 müň amal) artdy, maksatnama üpjünçiligi ýüze çykdy. Bu döwre degişli EHM-lere mysal hökmünde öňki SSSR-de döredilen Setun, Nairi, Razdan, BESM, ABŞ-da döredilen IBM 701, Philco Transac we ş.m. getirmek bolar. EHM-leriň 3-nji döwri (1964-1979 ýý.) hasaplaýyş tehnikasynda hil taýdan düýpli öwrülişige getirdi. Ol EHM-leriň tehnologiýasynda ýarym geçirijileriň we integral shemalaryň peýdalanmagy bilen baglanyşyklydyr. EHM-leriň tizligi has artdy (sekuntda 1 mln töweregi amal), olaryň bir görnüşi üçin ýazylan maksatmama başga görnüşinde hem ýaramly bolup başlady. EHM-leri utgaşdyrmak mümkinçiligi ýüze çykdy. Ilkinji gezek operasion ulgamlaryň peýdalanylmagy EHM bilen işlemegi has ýeňilleşdirdi. Bu döwre oňki Warşawa şertnamasyna girýän sosialistik döwletleriň bilelikde döreden ES-1010, ES-1020, ES-1022, ES-1030, ES-1060 we ş.m. tapgyrlaýyn göýberlen EHM-ler, ABŞ-da döredilen IBM 360 maşyny degişlidir. EHM-leriň ösüşiniň 4-nji döwrüne (1980-nji ýyldan başlanýar) degişli bolan EHM-leriň tehnologiýasynda uly integral ulgamlar peýdalanylýar. Bu bolsa olaryň möçberiniň has kiçelmegine getirdi. Olary adaty ýazuw stolunyň üstünde ýerleşdirip bolýar. EHM-ler üçin amaly maksatnamalaryň toplumynyň işlenip düzülmegi olary peýdalanyjylaryň sanyny has hem artdyrdy. EHM-ler diňe bir hasaplamaga degişli meseleleri çözmäge däl, eýsem, ýazgyly, şekilli we sesli maglumatlary gaýtadan işlemekde hem peýdalanylyp başlandy. Dürli görnüşli mikro- we mini EHM-ler, şu döwrüň aýratyn bir klasyna degişli bolan personal kompýuterler döredi. Bu döwre degişli EHM-lere Korwet, DWK, Ýamaha, Elektronika, Agat, IBM PC XT, IBM PC AT we ş.m. mysal getirip bolar. EHM-leriň ösüşiniň 5-nji döwri hem 1980-nji ýyldan başlanýar diýip aýtmak mümkin. Sebäbi 1980-nji ýylda Ýaponiýanyň Tepso elektrik muzeýinde iňlis we ýapon dillerinde adaty ses arkaly berlen buýruklara düşünýän kompýuteriň adamlara görkeziliş dabarasy bolup geçipdir. Hasaplaýyş tehnikasynyň apparat we maksatnama üpjünçiligi ýadyňa-oýuňa düşmejek depginde ösýär. Şoňa görä-de geljekde maglumatlar tehnologiýasynyň nähili derejelere ýetjekdigini aýtmak kyn. Ýöne EHM-leriň element bazasy bolup, has uly integral shemalar hyzmat eder, operatiw ýadynyň möçberi örän uly bolar, olara maglumatlar tebigy ses arkaly giriziler, maşyn bilen adaty dilde gürleşiler, EHM “görmäge”, “ys” almaga ukyply bolar diýlip çak edilýär.