Halkara atçylyk sport toplumy
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Halkara atçylyk sport toplumy - Türkmenistanda iň uly atçylyk sport toplumy. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ýerleşýa.
Häzirki döwürde bu künjekde tutuş sebitde iri Halkara atçylyk sport toplumy emele geldi.
Bu ýerde paýtagtyň hysyrdylaryndan, çatryklardaky şowhundan uzakda tutuş bir şäherçe ýerleşýär. Ol uzakdan seredeniňde Türkmenistanda uly hormat goýulýan bedewiň belent ruhuny janlandyrýar. Gün şöhlelerine öwşün atýan ak mermerli, altyn çaýylan nagyşlary bolan binalar toplumynyň öňünde beýikligi 20 metre barabar bolan asmana göterilmäge hyýal edýän bäş sany ajaýyp bedewiň heýkeli janlandyrylypdyr. Janly ýaly şekillendirilen bürünç bedewleriň arka tarapyndan atçylyk sport toplumynyň iki sany belent ötügi bolan girelgesi bar. Toplumyň çägine gireniňde bolsa, ol ýerde Oguzhanyň sekiz burçunyň şekilini emele getirýän suw çüwdürimler kompozisiýasy bar. Merkezinde bedewleriň heýkeli bolan bu toplumdaky bedewler, hamala diýersiň, granit daşlardan üzülip, çapyp gidiberjek ýaly duýgyny döredýär. Deňi-taýy bolmadyk bu uly toplumyň umumy meýdany 90 gektardan gowrak bolup, ol köp sanly desgalary özünde jemleýär. Ruhabatda Halkara atçylyk sport toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe gabatlanyldy.
Çapyşyk ýodalary toplumyň sport çäreleriniň esasy künjegidir. Bu ýerde merkezi çapuw ýodasynyň umumy uzynlygy 2 müň metr bolup, kiçileri 1800 metrdir. Şeýle hem bu ýerde 1900 metrlik otly we 1800 metrlik bolsa beton ýodalar bar. Çapyşyk günlerinde boş orun bolmaýan tomaşaçy üçin niýetlenen tribunalar 7 müň orunlykdyr. Olaryň arasynda dürli ýaşdaky adamlar bar. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemeli, ol hem çapyşyk pursadynda diňe bir atlaryň bäsleşigine däl, eýsem öz aralarynda güýç synanyşýan bedewleriň hereketine tomaşa edýän adamlaryň ýüz keşbine syn etmek hem gyzyklydyr. Olar – ýaşlar we ak sakgal ýaşulular edil jahyllyk höwesi bilen özleriniň söýgüli bedewlerine tomaşa edýärler.
Tribunanyň aşagyndaky birinji gatda aýlawyň edara ediş, hojalyk we gulluk otaglary ýerleşdirilipdir, olarda toplumyň işgärleriniň netijeli işi üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Binanyň ikinji gatynda oňaýly eýwanlar we çaýhana bar. Ol ýerde süýji tagamlar, şol sanda milli aşhananyň datly naharlary hödürlenýär. Üçünji gatda bolsa 52 orunlyk myhmanhana we CIP – tomaşa zaly bar. Dördünji gatda belent mertebeli myhmanlar üçin ýörite tomaşa zaly bar. Atçylyk sport toplumynyň taslamasy düzülende onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berlipdr. Bu ýerdäki eminler, režissýorlar, synçylar üçin niýetlenen otaglar, audio we wideo studiýalary halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli tilsimatlar bilen üpjün edilipdir. Döwrebap telekommunikasiýa tehnikalary we hemra aragatnaşygy göni alyp görkezilişi hem-de Türkmenistanyň beýleki aýlawlary bilen teleköprüleri üpjün edýär. Şeýle hem toplumyň ähli künjeklerinde oturdylan monitorlarda tomaşaçylar foto pellehananyň we totalizator oýnunyň goýumlary hakyndaky maglumatlar bilen tanşyp bilýärler.
Tomaşaçylar tribunasynyň çep tarapynda 500 orunlyk sirkiň binasy ýerleşýär. Ol ýerde türkmen jigitleri hyjuwly çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrýarlar.
Bu ýerden uzak bolmadyk künjekde 800 orunlyk atçylyk sportunyň oýunlaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen bina ýerleşýär. Ol ýerde açyk we ýapyk görnüşli böküş meýdançalary bar. Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewleri diňe bir çapyşyklarda däl, eýsem atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerinde, şol sanda olimpiýa görnüşlerinde hem örän ajaýyp netijeleri görkezýärler. Şeýle hem ýapyk türgenleşik zallary howa şertlerine garamazdan, ýylyň ähli paslynda türgenleşik geçmäge we atlaryň bir durkuny saklamaga oňaýly mümkinçilikleri döredýär.
Atçylyk sport toplumynyň hojalyk bölüminde on sany athana, seýisler we çapyksuwarlar üçin bäş sany ýaşaýyş jaýy, 20 bedewe niýetlenen barlaghana, atlar üçin türgenleşik howzy, 80 bedewi ýaryşa taýýarlamak üçin niýetlenen bölüm, tehniki binalar, ussahana, nal taýýarlanylýan otag, bede we ýörite iýmleri saklamaga niýetlenen jaýlar bar. Toplumyň hünärmenleri bedewlere edilýän weterinar hyzmatyna aýratyn üns berýärler. Çünki atlar hem edil adamlar ýaly türgenler ahyryn, hut şonuň üçinem bu ýerde atlaryň saglygyna gözegçilik gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar.
Täze toplumda işewür duşuşyklaryny, beýleki çäreleri, sergiler geçirmek üçin hem ähli mümkinçilikler bar. Bu bolsa ahalteke bedewlerine dünýäniň alymlary we hünärmenleri tarapyndan bolşy ýaly, işewürler tarapyndan hem gyzyklanmalar barha artýar. Şeýle hem toplumyň taslamaçylary dynç alyş düzümini hem ýatdan çykarmandyrlar. Olar binalarda ýöriteleşdirilen oýun otaglaryny gurup, olaryň binagärlik aýratynlygyna üns beripdirler. Şeýlelikde, toplumyň ähli binalary bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Şeýle hem bu ýerde restoran, myhman öýleri, açyk asmanyň astyndaky çaýhana we amfiteatr bu ýere gelýänlere öz hyzmatlaryny hödürleýärler. Toplumda çagalar üçin hem ýörite otaglar bar. Aýlawa gelýän körpeler üçin bu ýerde sirk maneži ýaýbaňlandyrylypdyr. Onuň töwereginde birnäçe oýun we şowhun meýdançalary ýerleşdirilipdir.
Arassa howada dynç almagy we atlar bilen gezelenç etmegi küýseýänler üçin hem bu ýerde ähli amatly şertler hem döredilipdir. Toplumda ýetginjekler at münmegiň, ony çapmagyň usullary bilen hem tanşyp bilýärler. Mundan başga-da, atçylyk sportunyň bölümlerine gatnaýan çagalar bu ýerde bedewlere ideg etmegiň usullaryny öwrenýärler. Bu görnüşleriň özi çagalaryň dünýägaraýşynda täze, ajaýyp giňişligi açýar. Bu ýerde çagalar atlar bilen dostlaşýarlar.
Şeýle hem at çapmak sportuň ajaýyp görnüşidir. Bu görnüş adam bedenine oňyn täsir edýär we ol çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Belli bolşy ýaly, her bir çaga ussat türgen bolup bilmeýär, ýöne bu ýerde beden taýýarlygyny geçýär, bedewler bilen ysnyşýar. Bedewler bilen geçilýän oýunlar toparlaýyn görnüşde alnyp barylýar. Atçylyk sporty seniň esasy hünäriň bolmazlygy hem mümkin, ýöne bu ýere gelip at çapmak örän ýakymly.
Bir söz bilen aýdanyňda, hünärmenleriň türgenleşik geçmekleri we atlaryň göwnejaý saklanmagy, şeýle hem täsirli oýunlary, gezelençleri guramak üçin ähli şertleriň döredilen ýeri örän ajaýyp künjek hasaplanýar. Özüniň derejesine laýyklykda, Halkara atçylyk sport toplumy iri halkara ýaryşlaryny, ýaşlar spartakiadalaryny, dünýä derejesindäki açyk birinjiligi we ýaryşlary geçirmäge doly mümkinçilik berýär. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän toplum dünýäniň atşynaslaryny, ahalteke bedewleriniň muşdaklaryny we hünärmenleri Türkmenistana çagyrýar.