Mazmuna geçiň

HINÇI MURTLAK ÇEKIRTGE

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Göni ganatlylar otrýady Stenopelmatidler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Türkmenistanyň endemigi. Gysgaça beýany. Güýçli derejede buýnuzlaşan uly kelleli ganatsyz çekirtge. Arka öňüniň öň tarapy yz tarapyna görä biraz inliräk, bedeniniň reňki sarymtylgülgüne öwuşginli. Erkekleriniň bedeniniň uzynlygy 20–22, urkaçylarynyňky 23–25 mm. Ýaýraýşy. Magtymguly etraby, Aşgabat, Duşak demir ýol bekediniň töweregi, Bathyz, Repetek. Ýaşaýan ýerleri. Dag-etek baýyrlaşan meýdanlar we berkleşen çägeler, gemrijileriň we mör-möjekleriň hinleri. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Iki-ýeke duş gelýär. 2009‑njy ýylda Gündogar Köpetdagyň eteklerinde (Duşak) iýul aýynda 2 sagatlyk meýdan barlaglarynyň dowamynda 1 hinçi murtlak çekirtge hasaba alyndy. Esasy çaklendiriji sebäpler. Ýaýran ýerleriniň oba hojalyk taýdan özleşdirilmegi, ekin we öri meýdanlarynyň himiki serişdeler bilen işlenilmegi. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Hinlerde ýaşaýar. Gijesine hereketde bolýar, gündizine gemrijileriň we tomzaklaryň taşlan hinlerinde gizlenýär, şol ýerde hem jyns taýdan ýetişen hinçi murtlak çekirtgeler we olaryň uly ýaşyndaky liçinkalary gyşlaýar. Ýylda iki nesil berýän bolmagy mümkin. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Köpetdag, Bathyz we Repetek döwlet goraghanalarynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaşaýan mesgenleriniň goralyşyny güýçlendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Goraghanalaryň çäklerinde çekirtgäniň populýasiýasynyň ýagdaýyny we sanyny öwrenmeli. Düzüji: E. O. Kokanowa