Mazmuna geçiň

Halyl Kulyýew

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(HALYL KULYÝEW (1936 – 1978) sahypasyndan gönükdirildi)

Halyl Kulyýew - 1936-njy ýylda Lebap welaýatynyň Darganata (häzirki Birata) et rabynyň Şyharyk obasynda daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Halyl obasyndaky orta mekdebi tamamlap, şol mekdep­ de mugallym bolup işleýär. 1955-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Ol talyplyk ýyllarynda Nyzamy, Jamy, Nowaýy, Magtymguly, Mollanepes ýaly Gündogaryň söz ussatlary bilen bir hatarda A. S. Puşkin, S. Ýesenin, W. G. Belinskiý, N. G. Çernyşewskiý, N. A. Dobrolýubow ýaly rus ýazyjy-şa- hyrlarynyň, edebiýatçylarynyň eserlerini hem-de beýleki halklaryň edebiýatyny ürç edip okaýar, çeper döredijiligiň tebigatyna düşünmäge çalyşýar. Onuň özi-de goşgulardyr edebi-tankydy makalalary ýazmaga başlaýar. Halylyň goş- gulary, makalalary, edebi eserlere ýazan synlary talyp lyk ýyllarynda gazet-žurnallarda çap edilýär. 1960-njy ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlan Haly­ ly şol ýerde edebiýat kafedrasynda mugallym edip işe alyp galýarlar. Ol uniwersitetde edebiýat ylmyna giriş, edebiýat teoriýasynyň esaslary derslerinden talyplara sapak berýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy «Daň agarýar» ady bilen (1967 ý.) neşir edilýär. «Säher salamy» (1977 ý.) atly ikinji kitaby onuň dürli ýyllarda ýazan goşgularyny we «Akar suw» atly poemasyny öz içine alýar. H. Kulyýew uruşdan soňky türkmen drama tur gi- ýasynyň meselelerini ylmy taýdan öwrenip, kandidatlyk dis sertasiýasyny goraýar we «Dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesini alýar. Halyl 1978-nji ýylda aradan çykýar. 1983-nji ýylda şahyryň öňki kitaplaryna giren we girmedik eserleri jemle­ nilip, «Güneş» ady bilen neşir edilýär. H. Kulyýewiň «Ertekiniň gelip çykyşy» powesti 1988- -nji ýylda özbaşdak kitap görnüşinde okyjylara gowuş ýar. H. Kulyýewiň döredijiligi ylmy taýdan öwrenildi. Ede- biýatçy Reýimberdi Atakow şahyryň poeziýasy barada kan­ didatlyk dissertasiýasyny ýazdy. Edebiýatçy alymyň bu ylmy işi «Halyl Kulyýew – lirik şahyr» diýen at bilen kitap görnüşinde 1995-nji ýylda neşir edildi. Şahyryň goşgulary. Ýigriminji asyryň altmyşynjy ýyl larynda G. Ezizow, A. Agabaýew, I. Nuryýew, K. Ylýasow dagy bilen bir hatarda H. Kulyýew hem ýaş şahyr hökmün­ de adygýar. Halylyň gazet-žurnallarda çap edilýän her bir goşgusy okyjylar tarapyndan hem, edebiýat jemgyýetçiligi tarapyndan hem gyzgyn garşylanýar. Onuň bahar pasly ýaly gözel, mylaýym, çuň lirizme, mähir-muhapbete ýugru­ lan poeziýasy bar. Şa hyryň şygyrlarynda ynsan gözelligi bilen tebigat gözelligi täsin baglanyşykda wasp edilýär. Ol goşgulary okanyňda, tebigatyň gözel keşbi göz öňüňde jan­ lanýar, göwnüň açylý ar, ýüregiň joşa gelýär. Halyl liriki poeziýanyň ussady hökmünde okyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Şahyryň goşgularynyň formasy mazmunyna laýyk gelýär. Olar sada, tebigy we halky, mil- li äheňlere ýugrulan. Olarda many-mazmun, pikir aýdyň. Şahyr şygyrlarynda öz döwrüniň, beýan edýän wakasynyň, suratlandyrýan adamynyň janly keşbini ussatlyk bilen çek­ megi başarýar. Halylyň çagalygy Beýik Watançylyk urşy döwrüne gabat gelýär. Şahyryň uruş temasyndan ýazylan ençeme goşgulary bar. Olarda urşuň adamzadyň kalbyna salan agyr ýarasy, halkymyzyň watansöýüjilik, mertlik, ruhubelent­ lik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri hakyky durmuş wakalarynyň, çuňňur pelsepäniň, inçe ynsan duýgularynyň üsti bilen berilýär. Şahyr çuň pelsepä ýugrulan göçme manyly bu setirleriň üsti bilen «Indi bir uruş bol­ masyn» diýen pikiri öňe sürýär. Liriki gahrymanyň – ýetim oglanjygyň kalp ahwalatyny duýmazlyk, tolgunmazlyk mümkin däl. Şygyrda «uruş» sözi agzalanok, emma urşuň adamzadyň başyna getiren agyr kül peti iňňän göwnejaý açylyp görkezilýär. Halyl Kulyýewiň goşgulary täsirli, ýürege ýakyn, ýat­ da galyjy. Sebäbi ol goşgularyň hersinde bir-birine meňzemeýän durmuş wakasy, aýratyn bir kalp ahwalaty, başgaça aýdylanda, biçak şatlanmaga ýa-da gynanmaga, çakyn dan artykmaç söýmäge ýa-da ýigrenmäge, ýa bolmasa, üýtge- şik bir zada geň galmaga mejbur edýän pursatlar beýan edil ýär. «Zähmet mugallymy» goşgusynda, adyndan belli bolşy ýaly, mekdepde mugallymyň okuwçylar bilen zähmet okuwy sapagyny geçişi barada gürrüň gidýär. Mugallym her gezek zähmet okuwy sapagynda okuwçylara şol bir işi tabşyrýar: eliňe pil alyp, ýer agdarmaly. Mugallym kim gowy işlese, bäşlik goýýar, işlemedige baha-da goýanok. Işleseň, işläbermeli, işlemeseňem mugallym käýäp dura­ nok, özi işläberýär. Okuwçylar ondan: «Täze sapak geçjek dälmi, mugallym?» diýip soraýarlar. Bu sowala mugallym şeýle jogap berýär:

Şonda welin dikeler-de mugallym,
Diýer:

– Eý, siz bagtly günde doglanlar!
Şu – eziz, mukaddes toprakdan başga –

Başga neneň sapak bolsun, oglanlar!

Şahyr «Zähmet çekiň, ene topragy söýüň, oňa hyzmat ediň» diýip, gönümel öwüt-ündewler bilen okyja täsir etjek bolmaýar. Ýöne ynsan üçin bereket çeşmesi bolan ene topra­ ga hyzmat etmegiň iň uly okuw – uly sapakdygy baradaky hakykaty zähmet mugallymynyň adamkärçilikli keşbiniň, parasatly sözleriniň üsti bilen okyja ýetirýär. Halyl Kulyýewiň goşgulary bahar howasy ýaly jana ýa- kymly, şypa beriji. Goşgularyň liriki gahrymany ynsanper­ wer, mähriban, ýürekdeş ynsan. Onuň başyndan geçirýän kalp ahwalatlary hut öz başyňdan geçiren duýgularyň ýaly bolup duýulýar.Halyl Kulyýew – özboluşly adam häsiýetlerini açyp görkezmegiň, özboluşly ynsan keşplerini döretmegiň ussady. Mähir-muhapbete eýlenen lirizm, mylaýym ýumor şahyryň şygyrlaryny bezeýär. Türkmen halkynyň giňgöwrümlilik, geçirimlilik ýaly häsiýetleriniň, dünýeden öten adamy gowulykda ýatlamak ýaly däbiniň goşguda göwnejaý berilmegi, milli äheň, her­ giz ýalan sözlemegi başarmaýan gojanyň mylaýym ýylgyryş döredýän keşbi goşgyny ýatdan çykmajak esere öwürýär.

«Ertekiniň gelip çykyşy» powesti. H. Kulyýewiň «Ertekiniň gelip çykyşy» powesti halk döredijiligini öwre­ niji ýaş alym Gandymyň öz önüp-ösen etrabyna iş sapary­ na gidende duşuşan adamlarynyň beren gürrüňleriniň, öz ýatlamalarynyň esasynda gurulýar. Gürrüňi edilýän waka­ lar Jeýhun derýanyň boýlarynda, Lebap topragynda bolup geçýär. Powestde, esasan, geçen asyryň gyrgynçylykly ýig- riminji ýyllarynyň, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň we ondan soňky döwrüň kynçylyklary, adamlaryň kynçylyklara mertlik bilen döz gelişleri, käbir adamlaryň ejizlik edip, ahlak taýdan pese düşüşi, ýaramaz gylyk-häsiýetli ýolbaşçylaryň oba adamlaryna jebir-sütem edişi barada söh bet açylýar. Oktýabr rewolýusiýasyndan soňky kolhoz gurluşygy ýyl lary diýlip atlandyrylan döwürde, bir tarapdan, bol- şewikleriň, ikinji tarapdan, olaryň garşydaşlarynyň, ýagny öňki durmuşyň goragyna ata çykan «basmaçylaryň» eden- -etdiliklerine sezewar bolan halk köpçüliginiň horlanan döw ründen bir pursat powestde şeýle suratlandyrylýar: «Bu ýerde mundan artyk eglenmek boljak däldi. Tüpeň sesleri ýakynlaşýardy, azyk gutaryp barýardy. Ýylgynly ba­ bada galan jigim janyň mazaryna meňzeş tümmejikleriň sany barha köpelýärdi. Şorahany terk edip, derýadan ilerik geçmelidi. Gije golaýdan tüpeň sesleri eşidilip başlady. Adam­ lar bosdular. Her kim aýagaldygyna derýa tarap ylgady. Gara gijäni örtünip ýatan galyň buz aýaklaryň aşagynda şytyrdaýardy. Derýanyň ortasyna ýetiberenimizde, hemişe öňden ýöreýän agam birdenkä doňup galdy. Eglip seretdi. Şonda biz derýanyň ortasyndaky at gaýtarym meýdanda bölek-bölek buzlaryň ýuwaşlyk bilen süýşýändigini görüp galdyk. – Ýyluw! Doňmandyr! – diýip, agam uly ili bilen haý- kyrdy. Däli Jeýhun öz oýnuny görkezýärdi. Hiç zatdan biha­ bar gaçyp gelýän bosgunlar bat bilen özlerini suwa urýardy­ lar. Çagalarynyň ellerinden berk tutan eneler olary özleri bilen galyň buz gatlaklarynyň aşagyna äkidýärdiler. Pag- şyldy, hyrkyldy, gykylyk, zenzele... aýdyp-diýer ýaly däldi. Hawa, oglum, şol ýyl adamlaryň başyna bela bolup inen ýyl boldy. Oňa ýöne ýerden «gyrgynçylyk ýyly» diýenoklar. Şol ýyl hemme zat adam tohumynyň kastyna çykan ýa- lydy. Göwnüňe bolmasa, gije-de adama duşmandy, derýa-da adama duşmandy, adamam adama duşmandy. Köp adama gara ýeriň bir gysym topragy-da nesip etmedi. Biziň bilimize ýüp daňyp, derýadan çekip aldylar. Eg­ nimdäki köýnegim doňup, dim-dik boldy. Ýok, indi maňa sowuk kär edenokdy. Meniň diňe bir arzuwym bardy: ol hem bolsa ýekeje minut gara ýeri ýassanyp süýnmekdi. Köp däl, ýekeje minut, birje minut! – Adamlar, siz nirä barýarsyňyz. Dursaňyzlaň, ýekeje minut dynç alalyň-da. Dursaňyzlaň...» «Ertekiniň gelip çykyşy» powestinde awtor hökmünde ähli wakalary gürrüň berýän ýaş alym Gandym bolaýma­ sa, başga boýdan-başa hereket edýän gahryman ýok. Eser bir-birine baglanyşygy bolmadyk aýry-aýry wakalardan, aý- ry-aýry adamlaryň gürrüňleridir ýatlamalaryndan düzülen. Ýöne olaryň hemmesi Gandymyň gözi bilen gören wakalary ýa-da gulagy bilen eşiden gürrüňleri. Şonuň üçin hem ol wakalar Gandymyň keşbiniň üsti bilen bir sapaga düzülýär we esere bitewi görnüş berýär. Eserde az hereket edýän-de bolsa, aýry-aýry ýatda galyjy keşpler bar. Şeýlelikde, olaryň hemmesi birleşip, döwrüň keşbini emele getirýär. Halyl Kulyýewiň goşgulary ýaly, kyssa bilen ýazylan bu eseriniň hem dili çeper. Powesti okanyňda onuň awtorynyň şahyrdygy duýulýar. Şahyryň goşgularyna mahsus inçe li­ rizm, suratkeşlik, mylaýym ýumor powestiň çeperçiligini artdyrýar.