Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiç
Dogulan wagty we ýeri1980
Ahal welaýatynyň Bäherden etraby
KäriTürkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri
MilletiTürkmen

Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.

Doglan senesi we ýeri[üýtget | edit source]

1980-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda doguldy.

Bilimi we hünäri[üýtget | edit source]

Ýokary bilimli. 2003-nji ýylda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituny tamamlady. Hünäri boyunça tälimçi, hukukçy-menejer.

Zähmet ýoly[üýtget | edit source]

Zähmet ýoluna 2005-nji ýylda «Olimp» orta sport mekdebinde usulyýetçi wezipesinde başlady. 2006-2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinde baş hünärmen wezipesinde işledi. 2009-2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet diwanynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlaýan okuwlaryň diňleýjisi (möhleti iki ýyl). 2011-2013-nji ýyllarda Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň sport bölüminiň baş hünärmeni, başlygyň orunbasary, halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy wezipelerinde işledi. 2013-2017-nji ýyllarda Ýapyk binalarda we soweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy. 12.2017-26.01.2018-ni ýyllar aralygynda Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesini dolandyryş müdirliginiň baş direktory. 2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine bellendi.

Döwlet sylaglary we atlary[üýtget | edit source]

  • «Magtymguly Pyragy» medaly,
  • «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly,
  • «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly,
  • «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly.

Çeşmeler[üýtget | edit source]

Edebiýat[üýtget | edit source]

  • "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.4.