Gulbatyr serdar
Gulbatyr serdar Gökdepe galasynyň 1880-81-nji ýyllardaky gahrymançylykly goralyşyna hem işeňňir gatnaşypdyr. Belli türkmen serdarlarynyň biri Gulbatyr Gadam (Gadam pälwan) ogly 1820-nji ýyllaryň ortalarynda Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda dünýä inip, 1905-06-njy ýyllarda aradan çykypdyr. Tiresi: teke — togtamyş — beg —amanşa — gowky — zereň — tirjin. Ol halk arasynda özüniň gaýduwsyzlygy, merdanalygy bilen meşhur bolupdyr. On dokuzynjy asyryň 50-70-nji ýyllarynda bolup geçen birnäçe söweşlere gatnaşyp, aýratyn batyrlyk görkezýär. Ol Dykma serdaryň iň ygtybarly, edermen serkerdesi bolan. Gulbatyr serdar on dokuzynjy asyryň 70-nji ýyllarynyň aýaklarynda rus goşunlarynyň Ahaly güýç bilen basyp almak üçin eden hüjümlerine garşy gönükdirilen agyr söweşlere, şol sanda Gökdepe galasynyň 1880-81-nji ýyllardaky gahrymançylykly goralyşyna hem işeňňir gatnaşyp, ene topragyň azatlygy ugrunda är kimin söweşipdir. Gökdepe galasy zalymlyk bilen weýran edilip, Ahal etraplary basylyp alnandan soň, patyşa häkimiýetleri türkmen taýpalarynyň arasyndan özüne daýanç edinmek üçin ýerli han-begleriň belli wekillerini her hili ýollar arkaly öz tarapyna çekmäge başlaýarlar. Şeýle tanymal adamlaryň biri Gulbatyr serdar hem 1881-nji ýylyň tomsunda türkmen delegasiýasynyň hatarynda Russiýa aýlanyp gelýär. Ol şol gezek Peterburgda rus patyşasy Aleksandr III-niň kabul edişliginde bolup, praporşşik harby çinine, halat-serpaýa we uly altyn medala mynasyp bolýar. Şondan soň Gulbatyr serdar galan ömrüne Zakaspidäki rus häkimiýetlerine gulluk edýär. Ol 1890-njy ýylda Durun pristawynyň kömekçisi edilip bellenilýär, ştabs-kapitan çini berilýär. Gulbatyr serdar kärizler baradaky jedelli işlere seredýän ýörite suduň we Aşgabatda her ýylda iki gezek mejlis geçirýän «Halk sudýalarynyň adatdan daşary gurultaýynyň» agzalygyna saýlanylýar. 1880-81-nji ýyllaryň Gökdepe söweşinde Gulbatyr serdaryň özi diri galan-da bolsa, onuň çagalary (şol sanda Ötgür atly ýeke ogly hem), aýaly bu aýylganç jeňiň pidasy bolupdyr. Diňe iň kiçi gyzy diri galypdyr. Gulbatyr serdar şol ýeke gyzyny hem töhmetçi näkesleriň ýalan-ýaşryk gepine aldanyp öldürýär. Soň eden işiniň gaty gabahat, nähak işdigine göz ýetirip, bütin ömrüne ökünip, gynanyp gezipdir. Şol gyzy tiz-tizden düýşüne girip: «Kaka, men päkdirin, sen nähak iş etdiň» diýip, ony biynjalyk eder eken. Gulbatyr serdar ömrüniň ahyrlarynda şu eden günäsinden saplanmak üçin uly sadaka berýär, Käbä zyýarata gidip gelýär. Onuň häzirki nesilleri soňky alan aýalyndan gaýdýar.