Goçmyrat ahun
Goçmyrat ahun 1856-njy ýylda öz döwrüniň ylymly adamy bolan Mollaly ahunyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol heniz bäş ýaşynda wagty Kurany Kerimiň birnäçe setirlerini ýatdan aýdyp bilipdir. Onda zehin barynyň bardygyny aňan atasy sagadatly perzendiniň kämillik käsesi dolansoň, ony öz döwründe bütin Orta Aziýada ylymlar ojagy hasaplanan Buhara okuwa ýollaýar. Goçmyrat ahun ol ýerde 19 ýyl okap, 29 ýaşda ahunlyk derejesini alýar, Kurany ýat bekläp, kary çykýar. Goçmyrat ahun Buhara medresesinde Faky-Keýdan ylmyndan ýokary alymlyk derejesine ýetipdir. Faky-Keýdan hukukçylyk, ýagny, şerigat kanunynyň içine girýän maşgala, maliýe, döwlet hem-de nika hukuklaryny öwredipdir. Şonuň üçin ahun aga halkyň arasynda ýüze çykýan dürli meseleleri, jedelli ýagdaýlary şerigat kanunyň ýoly bilen çözüpdir. Bir sapar Arabystandan Balkan sebitine baran ulamalar türkmen mollalaryna sowal berip, olaryň dini düşinjelerini barlanlarynda, Goçmyrat ahun berlen sowallaryň ählisine jogap beripdir. Şonuň üçin ulamalar Goçmyrat ahuna ak pbilen petwa bermäge rugsat edip möhür beripdirler. Ahun aga mesele çözende adalatly çözgüdiň kepili hökmünde şol möhüri basypdyr. Ol möhür häzirki günlere çenli ahun agaň hatyraly öýünde saklanýar. Buhara medresäniň garry piri Goçmyrat ahuny medresede şunça işe alyp galjak bolsa-da, ol muňa göwnemädir. Çünki, Goçmyrat ahunyň maksady dogdyk mekakyna dolanyp, çagalara sowat öwrenmek, olary ylymi-bilimi edip ýetişdirmek eken. Onsoň garry pir oňa ak pata berip, ýola salypdyr. Şol günleriň birinde bir sähetli gün garry pir sopularyny ýanyna çagyryp, Hudaýtarapyn berlen tebigy zehini bilen yz galdyran Goçmyrat ahynyň hormatyna hüjre galdyryp, onuň ýokarsyndan ahunyň adyny ýazyp goýmagy teklip edipdir. Garry piriň bu teklibi ders berýan pirdir sopularyň göwnüne makul bolup, işi az salymda ýerine ýetiripdirler. Buhara medresesinde Goçmyrat ahunyň ady ýazylan şol hüjre şu günler hem hormat bilen saklanýar. Goçmyrat ahun obasyna dolanyp, metjit-medrese galdyryp, oglan okapdyr. Onuň ylmyna-bilimine bütin il hormat goýupdur. Şeýdip onuň at-owazasy diňe bir türkmen topragyna däl, eýsem, goňşy döwletlerde-de ýaýrapdyr. Onuň hormaty şol wagtky ýerli Durun pristawlylygynyň ýanynda hem uly eken. Çünki, olar ahyn agaň ylmyna-bilmine, güň dünýägaraýşyna uly hormat goýupdyrlar. Ahun aga mahal-mahal okuw esbaplaryny alyp gelmek üçin olara ýüz tutar eken. Onuň ýüz tutup, ýazan hatlary häzirem ahun agaň öýünde saklanýar. Ine, olaryň biri.
Arydanama
[düzet | çeşmäni düzet]“Men Goçmyrat Molla Aly oglunyň tarapyndan, owwal-ki okuw esbaplaryny almak üçin Buhara-şerife 3 aý ygtyýar bermegiňizi Alla hatyrasyna umyt kylarmyz “. Jumadilowwal, 1318 hijri-kamary, 2-nji langiz güninde.
Ahun agaň bu haýyşnamasyna gelen jogap:
“Goçmyrat Molla Aly ogluna Buhara-şerife baryp, esbap alyp gelmäge 3 aý wadasyna munukro hökümet ygtyýaryna bolan şahslardan towakga olonur-ki mezkura mäni gadagan däl läzim olan Guzornama bermeli”.
1898ý. 27-nji oktýabr. Patyşa Russiýa uprawleniýasynyň Durun pristaw naçalnigi.
Goçmyrat ahun hemişe iliň gynanjyna gynanyp, şatlygyny deň-derman paýlaşypdyr. Şonuň üçin il-gün öz kynçylyk çekýän meselesinde oňa ýüz tutupdyr. Takmynan 1905-nji ýyllarda bir gün ol halkyny açlykdan dyndyrmak üçin Baharlynyň bazarynda obadan getiren harytlaryny satyp duran esengululy Nury ahuny obasyna alyp gidýär. Baryp ony bir hepde öýünde myhman alyp, sähel harydynyň öwezine üç wagon ir-iýmiş , azyk-owkat taýýarlaýar. Harytlar Ak patyşanyň Durundaky dikmesi tarapyndan resmileşdirilipdir. Şonda harytlaň resmi ugruny Muhammetguly Atabaýewiň kakasy obanyň arçyny Atabaý aga düzedipdir. Nury ahunyň elten harytlary obadaşlaryna birnäçe ýyl iýmäge ýetipdir. Olaryň bir bölegini satyp, Nury ahun gämi satyn alypdyr we oňa “Goçmyrat ahun” diýip at beripdir. Ol gämi 1955-nji ýyllara çenli esengulululylara hyzmat edipdir. Goçmyrat ahun 1919-njy ýylda 63 ýaşynda ýogalypdyr. Türkmeniň nusgalyk edebiýatynyň görnükli wekili Annagylyç Mätäjiniň ogly Molladurdy ol hakda “Goçmyrat ahun” atly hasratly şygyryny döredipdir. Häzirki günlerde Goçmyrat ahundan miras galan üç sandykdan gowrak gymmatly golýazma, daşbasma eserleri onuň öýünde Garry Nohur obasynda öz neberesinden bolan Remezan Eke we Ýusup Nurahmedowtarapyndanr.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]zamantm.com/tm/columnistDetail_getNewsById.action?newsId=1275&columnistId=34