Germaniýa 1918 – 1939-njy ýyllar aralygynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Germaniýa 1918 – 1939-njy ýyllar aralygynda


Meýilnama:


1. XX asyryň 20-nji ýyllarynda Germaniýanyň ykdysady we syýasy ýagdaýy.

2. Germaniýada häkimiýete faşistleriň gelmegi we faşistik hökümetiň hukuk ulgamy.

3. XX asyryň 30-njy ýyllarynyň 2-nji ýarymynda Faşizmiň içeri we daşary syýasaty.



Döwlet monopilistik (ýekebara) önümçilik ähli umumy häsiýete eýe bolup, has guramaçylykly, mekrezleşen, köpçülikleýin häsiýetli önümçiligiň gurnalmagyna şert döretdi. Iri-iri önümçilik we söwda birleşmeleriniň işiniň ösmegine döwlet ýardam berdi. Emma ykdysady dartgynlylyk, döwletiň kadalaşdyryjylyk we gözegçilik wezipesini güýçlendirmegi gün tertibinde goýdy. Dünýä ykdysady dartgynlygyndan öz ýurtlaryny tizräk alyp çykmaklykda döwlet düzgünleşdirişiniň esasan iki ýoly ylanyldy. Olaryň birinjisi, aram demokratik täzeçilik ýoly; ikinjisi-de, döwletiň zorlugyna daýanýan faşizm ýoly.

Birinji ýol bilen ABŞ, Beýik Britaniýa, Skandinaw ýurtlary, Kanada, Merkezi döwletler össe, Italiýa, Germaniýa, Ýewropanyň käbir beýleki ýurtlary dürli sebäplere görä, ikinji ýola düşdüler.

Faşistik düzgüniňä häkimiýet başyna gelmeginiň düýp sebäpleri. 1919-njy ýylda Italiýaly sosialist Benito Mussolini öz pikirdeşleri bilen “Göreş birleşmesi” (Faşodo Kombatimento) atly guramany döredipdi. Guramanyň agzalaryny “faşistler” diýip atlandyryp başladylar. Faşizm tizlikde syýasy akyma öwrüldi. Bu akym demokratiýanyň ganym duşmany, baryp ýatan milletçi, jynsparaz, hokum rowan döwletiň tarapdary, uruşbaz häsiýetleri bilen dünýä özüni tanatdy.

Täsin ýeri, şeýle elhenç tutumly faşistler dünýäniň ösen sebitinde Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda häkimiýet başyna geldiler. Faşistler nädip döwlet ýolbaşçylygyna geldilerkä? Ýewropanyň syýasy düşünjeli halky olary näme sebäpden goldadyka? Bu soraglaryň jogaplaryny faşizmiň döremegine sebäp bolan, iki jahan urşunyň aralygyndaky dünýäniň ykdysady – syýasy ösüşinden agtarmaly bolýarys.

Birinji jahan urşunda Germaniýanyň ýeňilmegi we Wersal şertnamasynyň agyr şertleri Germaniýanyň ilatynyň durmuşynyň erbetleşmegine getirdi. Italiýa hem özüni “ýeňijileriň içinde ýeňilen” hasaplaýardy. Çüňki, Mustafa Kemal Atatürküňýolbaşçylygyndaky milli azatlyk hereketi netijesinde Italiýa Türkiýede almaly ýerlerini alyp bilmän, tersine, berk almytyny alypdy. Şonuň üçin, bu ýurtlaryň ikisinde-de halk düzgün-tertibi ýola goýjak, halkara möçberinde ýurduň abraýyny goraýjak döwlet ýolbaşçysynyň arzuwyny edýärdi. Şeýle ýolbaşçylar hökmünde Italiýada Benito Mussolini, Germaniýada Adolf Gitler syýasy göreş meýdanyna çykdylar. Mussolini “faşizm hakynda taglymat”, Gitler “Meniň göreşim” atly kitaplarynda öz matlaplaryny wagyz etdiler. Nemesler halk hökmünde “kemsidildi” diýip düşündirip, Gitler özüni milletiň ar-namysyny, mertebesini goraýan beýik watançy hökmünde görkezmäge çalyşdy.

German faşizmi özüniň öte milletçiligi bilen tapawutlanýardy. Gitler nemes halkyny ýeke-täk arassa gelip çykyşly (ariý ganly) millet diýip düşündirýärdi. Şeýle halk onuň pikiriçe dünýä agalyk etmelidi. Ol “birinji jahan urşunda ýewreýler dönüklik etmän, kommunistlar hem rewolýusiýa baş galdyryp, ýeňseden urmadyk bolanda Germaniýa ýeňilmezdi” diýip düşundirip, halky ýewreýleriň we kommunistlariň täsirinden halas etmek şygaryny öňe sürdi.

Adolf Gotleriň döreden milli-sosialistik nemes işçiler partiýasynyň täsiri barha güýçlenýärdi. Gitleriň ökde dilewarlygy we berk düzgün-tertibiň tarapdarlygy ony goldaýanlaryň her saýlawda artmagyna getirdi. Eýýäm 1930-njy we 1932-nji ýyllardaky saýlawlar Gitleriň milletçi partiýasynyň iň iri syýasy güýje öwrülendigini görkezdi.

Germaniýada beýleki syýasy partiýalaryň, aýratyn-da, sosial-demokratik we komunistik partiýalaryň özara oňşüksyzlygy, olaryň faşizme garşy wagtynda birleşip göreşmezligi Gitleriň häkimiýete gelmegini ýeňilleşdirdi.

Faşistleri Italiýanyň we Germaniýanyň iri ýekebara (monopolistik) kapitaly goldady. Muňa mysal: Gitler 1932-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda Germaniýanyň görnükli işewür adamlarynyň üç ýüzüsiniň öňünde owadan sözläp, kömek sorandan soňra, oňa iri baýlaryň göwni ýetdi we goldap başlady. Gitler entek häkimiýet başyna gelmänkä, harby bölümleri döretdi. Olaryň kömegi bilen syýasy garşydaşlaryny gorkuzdy.

Faşistleriň häkmiýete gelmeginde 1925 – 1934-nji ýyllarda Germaniýanyň Prezidenti bolan garry general P. Gindenburguň hem günäsi ýeterlik. Goşun generally Gindenburg Germaniýanyň birinji jahan urşunda ýeňilendigine ahmyrlylaryň biridir. Gitleriň milletçiligi oňa-da ýarýardy. Gindenburg Germaniýanyň dünýäde önki derejesini dikeltmäge synanyşýan faşistleri assyrynlyk bilen öň hem goldaýardy. Haçan-da oňa Gitler hökümet ýolbaşçylygyny ynanmagy maslahat berenlerinde, “suw meýilli gurbaga-bir dürtseň, iki böker” diýişi ýaly, dessine bu piker bilen razylaşdy. Faşistleriň häkimiýete gelmegine täsir eden ýene bir ýagdaý ol hem Germaniýada we Italiýada buržuaz-rewolýusiýalary öňde baryjy Ýewropa ýurtlaryndan giç bolup geçip, bu ýurtlarda entek öňki agdarylan patyşalyk gurluşynyň, bir adamyň hökmürowanlygynyň tarapdarlary köpdi. Parlament demokratiýasy entek ýaşdy. Bar bolan demokratik gurluşyň tarapdarlary-da bir bitewi halk frontuna birleşip, faşizme garşy agzybir hereketi ýola goýup bilmediler. Bu ýagdaýlaryň ählisi faşistleriň häkimiýete gelmegine sebäp boldy.

Demokratik güýçleriň gowşak ýeri bolan Italiýada faşistler üçin amatly şertler döäp, 1922-nji ýylda olar zorluk we gorkuzmak ýoly bilen häkimiýete geldiler. Mussolinniniň 1924-nji ýylyň saýlawlarynda sesleriň köplügini almagy başardy.

1924 – 1926-njy ýyllarda Italiýada faşistleriň hökmürowanlygy (diktatura) gutarnykly dikeldildi. Ähli syýasy partiýalar dargadylyp, ýeke-täk dolandyryjy faşistik partiýa galdyryldy. Raýatlaryň ähli syýasy hukuklary ýok edildi. Döwlet ähli işlere gatyşyp, diýdimzor häsiýete eýe boldy. Konstitusiýa arhiwe tabşyryldy. Netijede, konstitusion patyşalyk harby faşistik hökmürowanlyk düzgüni bilen çalyşyldy. Esasy ýörelge Mussolininiň görkezmeleri bolup, halk köpçüligiň islegi hiç hili hasaba alynmady. Olar ykdysadyýeti doly döwlet gözegçiligine geçirdiler. Daşary syýasatda Türkiýänýň paýlaşmak pikiri puja çykandan soňra, täze ýerleri basyp almak üçin urşa taýýarlyk gördüler. 1935-nji ýylda Italiýa Ewropa garşy urşa başlady. 1936 – 1939-njy ýyllarda Ispaniýadaky respublikaçylara garşy göreşýän faşistleri goldady. Italiýa faşizmiň häkimiýete ilkinji bolup gelen döwleti boldy.

1933-nji ýylyň 30-njy Türkmenbaşy aýynda Germaniýanyň Prezidenti Gindenburg Gitler hökümete ýolbaşçy-kanslar wezipesine belledi. Gitler ýurduň konstitusiýasy esasynda, köpçüligiň goldamagy bilen açykdan – açyk häkimiýete gelmegi başardy. Ýewropanyň öndebaryjy, ösen, dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan nemes halky faşizmiň häkimiýete gelmegine guramaçylykly garşylyk görkezmegi başarmady. Bu taryhy ýalňyşlygy üçin olar häzirki günlerde-de dünýä jemgyýetiniň öňunde özlerini günäkär duýýarlar.

Gitleriň ýolbaşçylygyndaky german faşistleri ilki ýurduň içindäki syýasy garşydaşlaryny ýok etmäge girişdiler. Olar üçin baş duşman kommunistlardi. Olary ýok etmeklik üçin, 1933-nji ýylyň 27-nji Baýdak aýyny Reýhstagyň jaýyny ýakmagy gurap, ony kommunistlariň boýnuna dakyp, olardan ar aldylar. Komunist bolan deputatlary-da tussag etdiler. Kommunistik partiýa gadagan edildi. Kommunistlere bigunä jeza berilýän wagty beýleki partiýalar faşistleri ýagarmadylar.

Gitler Reýhstagyň deputatlarynyň goldamagy bilen, 1933-nji ýylyň Nowruz aýynda ozone adatdan daşary hukuklaryň berilmegini gazandy.

Ösen üýurtlaryň arasynda garşylyklaryň ýtileşmegi 30-njy ýyllarda dünýä jemgyýetçiligi ädimme-ädim täze jahan urşuna ýakynlaşyp başlaýar. Wersal-Waşington ulgamy uzak wagtlap dünýäni parahatçylykly ýagdaýda saklamaga ýardamsyz çykdy. Wersal-Waşington şertnamalary boýunça özüni kemsidilen hasaplaýan ýurtlar, aýratyn-da Germaniýa bilen birinji jahan urşunda ýeňiji bolan ýurtlaryň arasynda garşylyklar ýitileşip başlady. Ýkdysady taýdan ösen ýurtlaryň aralarynda düňýä bazarlary we bakna ýurtlaryň üstünde garşylyklar güýçlenip başlady. Iňlis – german, german – fransuz, german – amerikan, amerikan – ýapon, iňlis – ýapon garşylyklary güýçlendi. Hytaý ugrundaky göreş ol garşylyklary has-da ýitileşdirdi. Dünýä döwletleri 1929 – 1933-nji ýyllaryň dünýä ykdysady dartgynlygy döwründäki kynçylyklardan agzybirlikde, çykmagy başarmadylar. Her döwlet diňe öz ýurdunyň bähbitlerinden ugur alyp ykdysady gatnaşyklary gurnamak isledi. Kynçylyklary biri-biriniň üstüne ýuklemäge edilen synanyşyklar döwletleriň arasyndaky garşylyklary ýitileşdirdi. Käbir ýurtlarda häkimiýete milletçi ýa-da faşistik güýçleriň gelmegi bilen halkara gatnaşyklary has-da ýaramazlaşdy.

1929 – 1933-nji ýyllaryň ykdysady dartgynlylygynyň zarbasyndan özüni dürsemäge ýetişmedik dünýä ýurtlaryny 1937-nji ýyldan başlap täze ykdysady pese gaçyşlyk gurşap aldy. Ýene-de dünýä döwletleriniň hersi aýratynlykda ykdysady pese gaçyşlyga garşy göreşjek boldular. Ýene-de biri-biriniň hasabyna ykdysady pese gaçyşlykdan çykmak islediler.

30-njy ýyllarda halkara gatnaşyklaryny üç sany esasy güýç kesgitleýärdi. Olaryň birinjisi – Germaniýa, Ýaponiýa, Italiýa ýaly basybalyjy döwletleriň bileleşigidi. Günbataryň demokratik döwletleri – Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ ikinji topary düzýärdiler. Halkara gatnaşyklarynda SSSR aýratyn orun tutýardy. Halkara gatnaşyklaryň ýagdaýy esasan şol “üçburçlugyň” döwletleriniň alyp barýan syýasatyna baglydy. Dünýä döwletleri köplenç özleriniň daşary syýasatlarynda şol üç ugruň yzyna eýerýärdiler. Günbataryň demokratik döwletleri bilen SSSR halkara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda basybalyjy topara garşy agzybir göreşi gurap bilmediler. Bu ýagdaý basybalyjylykly meýilli döwletler üçin amatlydy.

Ýewropada uruş ojagynyň emele gelmegi. Mälim boluşy ýaly 1933-nji ýylda Germaniýada Gitleriň ýolbaşcylygynda faşistler häkimiýete geldiler. Faşistler Wersal şertnamasynyň Germaniýanyň ýaragly güýçlerine çäklendirmesini äsgermezlik edip, gödek bozup başladylar. Halkara gözegçiliginden halas bolmak üçin 1933-nji ýylda Germaniýa Milletler ligasyndan çykdy. Ol 1935-nji ýylda ähli umumy harbu borçlulyk girizdi. Şol ýyl Wersal şertnamasy boýunça ýaragsyzlandyrylan sebit diýip jar edilen. saar welaýatyna goşun girizdi. Wersal şertnamasy boýunça Germaniýa 100 müň adamly goşun edinmäge rugsat berilipdi. Oňa harby uçarlar, tanklar, iri harby gämileri edinmek gadagandy. Emma bu şertleriň ählisi indi diňe kagyz üstünde galdy. 1935-nji ýylyň güýzünde faşistik german höküneti baş harby merkez döretdi. Bu mekrez basybalyjylykly uruşlaryň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanyp başlady.

Uzak gündogarda uruş ojagynyň döremegi. Ýaponiýany iki jahan urşunyň aralygynda diňe harby serdeleriň ýolbaşçylygynda düzülen hökümetler dolandyrypdy. Bu ýagdaý Ýaponiýanyň daşary syýasatynyň aýratyn basybalyjylykly häsiýetli bolmagyna getirdi. XIX asyryň ahyryndaky hytaý-ýapon we XX asyryň başyndaky rus-ýapon uruşlaryndaky ýeňşlerden ruhy göterilen ýapon harby ýolbaşçýlary Ýaponiýanyň ýeňilmezekligi baradaky toslamany ýaýratdy.

Ýaponiýada senagatyň ösmegi täze-täze satuw bazarlaryny we çig mal çeşmelerini talap edyärdi. Ýaponiýanyň özi ýerasry baýlyklara garyp yurt bolanlygy sebäpli, goňşy ýurtlara göz diýärdi. Indi Ýaponiýada , Aziýada agalygyny ornaşdyrmagyň arzuwyndady. Ýapon zarby ýolbaşçylary Hytaýý, Günorta – Gündogar Aziýa ýurtlaryny, Hindistany basyp almagyň harby meýilnamalaryny taýýarlapdyrlar.

Ýaponiýa 1931-nji ýylda Hytaýyň Mançžuriýa welaýatyny basyp aldy. 1932-nji ýylda Žehe welaýatyny eýeledi. 1933-nji ýylda Milletler ligasyndan çykan Ýaponiýa uly urşa taýyarlyk görüp başlady. 1937-nji ýylda Hytaýyň Demirgazyk we Merkezi bölegine garşy urşa başlady.

Ýewropada köpçülikleýin howpsuzlyk ugrunda göreş. 1934-nji ýylda SSSR-iň Milletler ligasynyň düzümine girmegi bilen Ýewropada köpçülikleýin howpsuzlygy guramaga mümkinçilik döredi. 1934-nji ýylda sowet-fransuz gepleşikleriniň gidişinde köpçülikleýin howpsuzlyk ulgamyny döretmek meselesi maslahatlaşyldy. Sowet-fransuz teklibini Beýik Britaniýa, Germaniýa, Güngogar Ýewropa döwletleri goldamady.

1935-nji ýylda Fransiýa we SSSR birek-birege kömek bermek hakynda iki taraplaýyn şertnama baglaşdylar. Şertnama boýunça Ýewropa döwletleriň biri ylalaşýan taraplaýyn üstüne çözsa, beýlekisi öna harby köek bermelidi. Şeýle şertnama SSSR bilen Çehoslowakiýanyň arasynda-da baglaşyldy. SSSR eger-de Çehoslowakiýanyň üstüne başga yurt çozsa we Fransiýa oňa kömege gelse, köek berjekdigi baradaky şerti şertnama girizilmegini gazandy. Bu şert şertnamanyň ähmiýetini peseldýärdi.

Beýik Britaniýanyň döwlet ýolbaşçylary Germaniýa bilen ylalaşyp, ony köşeşdirmek syýasatyny öňe sürdüler. ABŞ bolsa Ýewropa dawalaryna goşulyşmazlyk syýasatyny alyp barýardy. Olaryň bu syýasaty Germaniýa üçin amatlydy.

Faşistik döwletleriniň uruşparaz syýasatlary. Faşistik döwlet halkara möçberinde uly garşylyga sezewar bolmansoňlar, açykdan açyk uruşparaz syýasat ýöredip başladylar. Italiýa 1935-nji ýylda Afrikadaky garaşsyz döwlet bolan Efiopiýany basyp almaga girişdi. ABŞ we Beýik Britaniýa bu uruşda goşulyşmazlyk syýasatyny alyp bardylar. Milletler ligasy Italiýany basybalyjy diýip atlandyrmak bilen çäklendi. Afrikadaky fransuz baknalyklaryna özara bermeýändigini üçin Fransiýa Italiýa garşy çykmady. SSSR Milletler ligasynda Italiýa garşy çykyş etmek bilen çäklenendi. Umuman, Italiýanyň Efiopiýany basyp almagyna iri döwletleriň hiç biri-de düýli garşylyk görkezmedi. 1936-njy ýylyň Magtymguly aýynda Efiopiýa Italiýa tarapyndan doly basylyp alyndy.

Günbatar döwletleri özleriniň haýal-ýagallygy, faşistik basybalyjylara garşy açyk göreşmek islemezlikleri we goşulmazlyk syýasatyny ýöretmekleri bilen Ispaniýada respublikaçy düzgüniniň agdarylmagyna, faşistleriň häkimiýete gelmegine ýardam berdiler. Germaniýa we Italiýa ýaly döwletler bolsa, respublikaçy Ispaniýa garşy harby tehnika hat-da goşun kömegini berip ispan faşistleri goldadylar.

“Berlin-Rim-Tokio” bileleşigi. Faşistik döwletleriň uruşparaz syýasatlary, aýratyn-da Ispaniýadaky respublikaçylara garşy bilelikde göreşen Italiýa bilen Germaniýany has-da ýakynlaşdyrdy. 1936-njy ýylda olar halkara meselelerinde bilelikde çykyş etmek we Ýewropany paýlaşmak meseleleri boýunça ylalaşyk baglaşdylar. 1936-njy ýylda Germaniýa we Ýaponiýa Kommunistik Internasionala garşy bilelikde göreşmek barada (antikomintern) ylalaşyk baglaşdylar. 1937-nji ýylda bu ylalaşyga Italiýa hem goşuldy we “Berlin-Rim-Tokio” harby bileleşigi döredi.

Awstiýanyň Germaniýa birleşdirilmegi. Nemesleriň ýaşaýan ýerleriniň ählisini Germaniýa birleşdirmek Gitleriň arzuwlarynyň biridi. 1938-nji ýylyň Nowruz aýynyň 12-nde Germaniýanyň harby güýçleri Awstriýa çozup girdi we onuň özbaşdaklygy ýok edildi. Awstriýa Germaniýanyň bir welaýatyna öwrüldi. Awstiýa halkynyň esasy bölegi bu birleşmäni goldady. Belki olaryň aňyna Gitleriň ata watanynyň Awstriýa bolandygy täsir edendir.

Mýunhen dildüwşigi. Awstriýany ýeňillik bilen birleşdiren Gitleriň barha işdäsi açyldy. Indi ol Çehoslowakiýanyň Sudet welaýatynyň Germaniýa berilmegini talap edip başlady. Bahanasy-da Sudet welaýatynda nemesleriň köpçülikleýin ýaşaýanlygy boldy. Ol welaýatdaky nemesler hem faşistik meýillileriň ýolbaşçylygynda Çehoslowakiýa döwletinden bölünip aýrylmak talabyny öňe sürüp başladylar. Ine, şeýle şertlerde Beýik Britaniýa we Fransiýa Çehoslowakiýa meselesinde Gitleriň tarapdary boldular oturyberdiler. Olar Çehoslowakiýa hökümetinden Sudet welaýatynyň Germaniýa berilmegini talap etdiler. Çehoslowakiýanyň döwlet ýolbaşçylaryda milli dönüklik ýoluna düşüp Germaniýanyň talabyny kanagatlandyrmaga razy boldular. Olar ýurduň ýeterlik harby kuwwatynyň bardygyna seretmezden, Çehoslowakiýa halkynyň yurt bütewiligi, garaşsyzlygy ugrundaky göreşini guramak islemediler. Çehoslowakiýa SSSR-den (1935-nji ýylyň şertnamasyna laýyklykda) kömek soramady.

1938-nji ýylyň 29 – 30-nji Ruhnama aýynda Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň döwlet ýolbaşçylary Mýunhende Çehoslowakiýanyň Sudet welaýatyny Germaniýa bermek barada ylalaşyga gol çekdiler. Eýýäm 1938-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 1-de Germaniýa Sudeti eýeledi. Sudet welaýatynyň ähli harby-goranyş desgalary, ösen senagaty Germaniýanyň eline geçdi. Bu ýagdaý Germaniýany öňküsinden-de güýçlendirdi.